Ýürekdeş sözler!
Xuligankaa : Size "erbet" diyanlere uns berme! Manada "kellesi isxlanok" diydiler. Atomy bolek bolek edip ellerine berdim. #Albert Einshtein.
Durmuşa barmak arasyndan bakma!
Täzeje SeVgiLiM [off] 14.04.2025 / 10:02
Sen gorkakmy?
Belki, bu soragym saňa juda gömelteý eşidilen bolmagy mümkin.Has giňişleýin aýtsam-eger-de durmuşyňda nämedir bir zady şuwagtkysyndan has gowylyga tarap üýtgetmekçi bolanyňda,üýtgetmegi ýüregiňe düweniňde,nähilidir bir gorky-ürkini,çekinjeňligi duýýarmyň diýdigim.
Bir zady ýa-da ýagdaýy üýtgetmek islänimizde ýa-da öň öwrenişmedik zadymyzyň başyna barmagy pikir edenimizde nahilidir bir gorky-ünjiniň bizi gaplap almagy tebigy ýagdaý..Töwkgellik artdygyça birahatlyk hem güýçlenýär,gorky hem ulalýar.
Psiholog lukmanlarynyň aýtmaklaryna görä,gorky-ýüze çykyp biläýjek howp-hatarlardan )şolary gozgaýan zatlardan, sebäplerinden) gorýan zat, emma käbir halatlarda ol ösüşiň öňündäki esasy päsgelçilik we böwtdir.Artykmaç gorky işe yhlasly ýapyşmaga, zähmet çekmäge, öňe ilerlemäge päsgel berýär.Şeýle ýagdaýdan halas bolmak we ol gorkyny bejermek mümkindir.
Öňden bar bolan zady üýtgetmek isleýän adama her-hili ýakymsyz (otrisatel) we göwniçökgün esger kimin hüjüm edýändigi subut edilen zat.Şeýle oňaýsyz pikirler ony maksat-myradyny hasyl etmekden alyp galmaga synanyşýar.Şolaryň has möhümleriniň biri hem gorky duýgularydyr.Gorky adamy ýesir edýär.Ýaramaz nebsine bat berip, duýgularyna hökümini ýöredýär.Eger-de gorkysy rüstem gelse, ol adam hasrata çümýär, ünji,çekinjeňlik, birahatlyk duýgularyna şam bolýar.Gowy zatlar hakda pikir ýöredipp bilenok.Älem-jahany tümlüge gark bolan mysaly kabul edýär.Dünýäni barmaklarynyň arasyndan synlap başlaýar.Çünki biz näbellilikden şeýle bir gorkýarys.Täze gapylary kakmakdan çekinýäris.Öňki bilýän we öň öwrenişen zatlarymyza ýa-da öň köpleriň synap gören zadyna ýapyşanymyzy eý görýäris.
Emma garadngaýtmaz, ýürekli, maksadaokgunly adamlar ömrüniň bir gezek berilýändigini we ol ýerde ikinji ömre pursat ýokdygyny, bu ömri gorky-ürkä gaplanyp ýaşamaly däl-de,şol näbellu zatlara hem dokunup görmegi, täze tejribelerden lezzet alyp ýaşamagy, töwkgelçiliklerden we her täzeçilige ýürekli topulmakdan lezzet alyp ýaşamagy eý görýär.Munuň üstesine amerikan ýazyjysy Mark Twen biziň her birimize juda ähmiýetli bir maglumaty habar berýär.Ol uzak we asuda ömür sürüpdir.Ýüreginde bolsa ençe dowul, howatyr bar eken. Ýazyjynyň aýtmagyna göra, onuň kalbyna dolaşan gorkylaryň hiç biri hem hasyl bolmandyr.Ol biziň has erbet gorkýan zatlarymyzyň hiç wagt başymyza gelmeýändigini, biziň şol gorkylary görmezden dünýäden ötüp gidýändigimizi nygtaýar.
Biziň içimizdäki nebis hemişe bizi nähilidir bir howsala, gorky bilen gurşaýar.Biziň köpimiz hereket edýäris we kellamizde hem iň ýaramaz zatlaryň senarisi dur.Şol ýaramaz senarileriň hem biziň gündelik durmuşdaky kararlarymyza täsir edýär we geljegimiz üçin kabul edilmeli möhüm çözgütleriiň öňüni, badyny alýar.
Iki sany ýagdaýyň birini saýlamaga borçly:ýa-ha adaty ynsan (belki adatylykdan az-kem tapawutlysyň) bolup, aman-asuda ýaşa, ýa-da beýik adam bolup, töwkgelçilik edip, kynçylyklary ýeňip geç-de, has ajaýyp durmuşda ýaşa! isle barmak uçlarynda ýöräp, daraklygyňa basyp, ''ýer birden jygyldaýmasyn,dünýäniň nazary maňa gönügäýmesin'' diýip, gorky-howsala bilen ýaşa ýa-da sesiňi beýgeldip, bardygyňy subut edip, özüňi ykrar etdirip, durmuşda ýatyrgaý we şadyýan ýaşa!
Ýazyjylaryň biriniň gorky we ikirjeňlenme hakda aýdan bir sözi bar: ''Şübhelerimiz bize hyýanat edýärler.Olar synanyşmak arkaly gazanyp biljek mümkinçiliklerimizi, haýyrlarymyzy elden gidermegimize getirýär''.
Teswirler:
Täzeje Melisa [off] 17.04.2025 / 22:40+0
, motivasiya beriji
Soňky teswirler
Ýokaryk