Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Nesip : Bagt – adamlaryň söýmegidir.@nesip

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

türkmenistanyň mejlisi täze kanunlary kabul etdi
 Betinden
 Sebap [off]
 14.04.2025 / 13:33
 Lekum dinukum we liýe din

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty geçirildi. Maslahatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy.

Maslahatda «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň, «1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan kabul edildi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil ‒ Adalatçynyň maglumaty diňlenildi.

Şeýle hem maslahatda «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Awtomobil ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de kabul edildi.

Maşlahatda kabul edilen resminamalar kazyýet ulgamynyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmakda, döwletimiziň halkara başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan berkitmekde, ykdysady we administratiw hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller bilen bagly kadalary kämilleşdirmekde hem-de raýatlaryň, şol sanda çagalaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, maşgala mukaddesligini goramakda, awtomobil ulagy çygrynda hereket edýän degişli edaralaryň işlerini düzgünleşdirmekde, ýurdumyzda migrasiýa syýasatynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmagyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolar. Şeýle hem döwletimiziň kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, giň gerimli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine ýardam eder.


67

8

0

0

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


Ýazan goşgymy surata düşürip seň şahsyňa ugratsak bolmaýamy. ???????...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Orazjan (Şugün, 20:18)

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Olya (Şugün, 19:45)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Al onda 5 nji 5 ligem menden bolsyn...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
yurekdes (Şugün, 18:07)

Söýgi sözleri❤️


bir-ä minus basypdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAY-HAN (Şugün, 16:39)

Söýgi sözleri❤️


Su alyan yerin turkceden terjime etmegi hic hili onaranok. "Men ogurlyk" dip gygyryp dur:Ýanaklaryňmy, ýa-da pamyk şekermi? Biri gaty şirin… ýöne...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Belki (Şugün, 14:02)

Söýgi sözleri❤️


Owadan edip ýazylypdyram...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:59)

Söýgi sözleri❤️


Şeýle ýazar ýaly şeýle söýýän bamykaneý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:58)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


motivation...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Boniya (Şugün, 13:20)

Söýgi sözleri❤️


Mlds...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAYOGUL (Şugün, 11:55)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Yalpyllap duran 2-nji laýk...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
BAY-HAN (Şugün, 10:34)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика