Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Orhideya : En son sevdigim olurmusun kirik dökúk kalbimin, son gördüğim olurmusun ayrilirken dunyadan

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Iň soňky aýdym.
 Özümiziňki
 Fantom [off]
 Şugün, 07:03
 Терпение — это ресурс исчерпаемый.

Gözel gyzlar, menem birçak siz ýaly
Lebleri köz ýaly bir gyzy söýdüm.
Bu onuň şanyna hasrat bilen,
Gam bilen ýazylan iň soňky aýdym.

Onuň düşbi, meşhur gözleri mydam
Kän gözlerden maňa gülüp bakardy.
Meniň mejbur, mejnun gözlerim mydam
Boýy baýdak, aý dek gyzlaň içinden,
Lebi oýmak, gaýmak gyzlaň içinden,
Märekeden ony gözläp tapardy.

Gaýyp boldum yşkyň howasy bilen
Bu dünýeden dem salym.
Jadylady yşkyň dogasy bilen
Leblerine dem salyp.

Ýumşakdy gije saçlary,
Gündiz ýaly ýagtydy.
Gözün gamaşdyryp şowa täleýmiň
Seljertmedi bagtymy.

Ak alkymy – ak ýaşlygym,
Onuň gar deý süýji lebi –
Meniň süýji ýatlamalam,
Undulmaz, gaýdyp gelermi?!

Gara saçy – gara bagtym,
Gara gözi – gara gam.
Gyýma gaşy – kösemäge
Ulanan täk ýaragy.

Şat gülküden galan gamly ýylgyryş
Baş söýgüden galan ýalňyz posa deý,
Jübimde galanda gara şaýylam,
Gerdenine tylla saçy ýaýylan
Sygan aýalyna pal atdyrdym men.
Şeýdip, öz apgyrdy giden bagtymy
Bejertdim men, oňa nal kakdyrdym hem.

Ýatlamalam dama-dama tükense,
Dilämok iňrigiň garalaryny.
Ol kesewi kibi, demir tiken deý,
Gorsaýar, gozgaýar ýaralarymy.
Ýygralykda artdy ýene bir gümmez,
Ine, baş söýgimden ybarat şular.
Şatlygymyň gölegçisi şo günler.
…Gelerine garaşyp zyýaratçylaň
Sak müjewür kibi otyryn indem.


14

7

1

2

0

0

0
Teswirler:
 Gytyndan
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 Şugün, 12:31

+0

Aýdym'my şul kim aýtýar aýdymyň ady näme?

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

KONFERENSIYA


Su gun gurnayalyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | KONFERENSIYA
Belki (Şugün, 15:24)

KONFERENSIYA


Menem gatnasjak. 377 min bar. Ikimize yeter. Ulanay menkini....dowamy...
Erkin mowzuklar | KONFERENSIYA
Belki (Şugün, 15:24)

gyzyklanma


6 ýada 15...dowamy...
Erkin mowzuklar | gyzyklanma
Kesxa (Şugün, 14:38)

Sen.


Gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Sen.
Sebap (Şugün, 12:33)

Ýar.


özüň ýazdyňmy muny?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýar.
Sebap (Şugün, 12:32)

Iň soňky aýdym.


Aýdym'my şul kim aýtýar aýdymyň ady näme?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Iň soňky aýdym.
Sebap (Şugün, 12:31)

Sen.


Awtor senmi?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Sen.
nickname (Şugün, 09:11)

Haýwanat dünýäsiniň täsinlikleri


Örän gyzykly! Ýenede bar bolsa paýlaşaýyň!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Haýwanat dünýäsiniň täsinlikleri
Fantom (Şugün, 06:42)

KONFERENSIYA


Menä saýdyň açylmany sebäpli ine şu wagyt okap durşym! Gowy pikir! Dogrysy şunuň ýaly konflar geçirlip durulsa gowy......dowamy...
Erkin mowzuklar | KONFERENSIYA
Fantom (Şugün, 05:46)

TikTok akkaunt satlyk (monetizatsiýaly).


Moşşenik...dowamy...
Söwda - satyk | TikTok akkaunt satlyk (monetizatsiýaly).
Dunyodagi (Şugün, 00:38)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика