Ýürekdeş sözler!
boshver : Bilýàñmi nàm gynandyre? Ýùregimi duşmanlarym dàl iñ ýakyn adamlarym ýaralaýar..#fileo
Baý kakam, garyp kakam — Robert KIÝOSAKI (1 bölek)
Premium
BAYOGUL [on] 21.04.2025 / 16:58
Robert KIÝOSAKI,
amerikan ýazyjysy
GIRIŞ
Meniň iki — baý we garyp kakam bardy, ýöne men olaryň gapma-garşylykly pikirlerini saýgarmagy başarardym.
Meniň iki sany kakam bardy: baý we garyp. Olaryň biri örän sowatly we akylly bolup, onuň doktorlyk derejesi bardy. Ol dört ýyllyk bakalawr kursuny iki ýylda tamamlapdy. Şondan soň Stenford, Çikago we Demirgazyk-Günbatar uniwersitetlerinde okap, diplomdan soňky bilimlerini döwletiň hasabyna aldy. Beýlekisiniň bolsa sekiz synp bilimem ýokdy.
Olaryň ikisem tutuş ömrüne işläp, üstünlik gazanan adamlardy, ikisem köp gazanýardy. Ýöne olaryň biri maliýe ýetmezçiliginden kösenýän bolsa, beýlekisi Gawaýanyň iň baý adamlarynyň birine öwrüldi. Olaryň biri onlarça million dollary maşgalasyna, hemaýat ediji guramalara hem-de ybadathanalara goýup giden bolsa, beýlekisi özünden soň tölenmedik hasaplary galdyrdy.
Olaryň ikisem gujurly, mähirli, adamlaryň hormatyny gazanan adamlar bolup, ikisem maňa maslahat berýärdi, ýöne olar dürli-dürlüdi. Olaryň ikisem bilime uly ähmiýet berýärdi, ýöne hersiniň öz makullaýan sapaklary bardy.
Eger meniň diňe bir kakam bolan bolsa, onda men onuň maslahatyny kabul etmeli ýa-da ýüz döndermeli bolardym. Ýöne meniň iki — baý we garyp kakam bardy, şonuň üçinem men olaryň gapma-garşy pikirlerini saýgarmagy başarardym.
Men olaryň aýdýan zatlaryny ýöne bir kabul etmän ýa-da ýüz döndermän pikirlenerdim hem-de deňeşdirip, özbaşdak netije çykarardym. Ýöne bir mesele bardy — ol wagtlar baý kakam-a baýap ýetişmändi, garyp kakam bolsa garyplaşyp. Olaryň ikisem ýaňy işe başlap, maşgalalaryny eklemelidi, ýöne olaryň pula bolan garaýyşlary aýry-aýrydy.
Kitapcy.su
Maliýe we ykdysadyýet
Baý kakam, garyp kakam — Robert KIÝOSAKI (1 bölek)
От
kitapcy
14 апреля, 2025
Baý kakam, garyp kakam - Robert KIÝOSAKI (1 bölek)

Meselem, olaryň biri: «Ähli bela-beter pula bolan söýgüden başlanýar» diýýän bolsa, beýlekisi: «Ähli bela-beter puluň ýoklugyndan başlanýar» diýerdi.
Çagalykda iki sany abraýly adamyň golastynda ýaşamak maňa gaty kyn düşdi. Men akylly, gulak asyjy ogul bolasym gelýärdi, ýöne olar gapma-garşy zatlary aýdýardy. Olaryň nukdaýnazary, aýratynam, pul babatda şeýle bir hil-hildi welin, men olaryň aýdýan zatlaryna düşünesim gelip gaty kän pikirlenerdim.
Men öz-özümden: «Näme üçin ol beý diýýär?» diýip sorardym, soňra bolsa beýleki kakamyň sözlerini ýatlap, ýene özüme şonuň ýaly soragy bererdim. «Hawa, ol mamla. Men munuň bilen razylaşýan» ýa-da beýlekiň sözlerini ret edip: «Garrynyň aňkasy aşypdyr, ol näme diýýänini bilenok» diýmek, elbetde, aňsatdy. Ýöne olara bolan söýgim meni pikirlenmäge mejbur etdi hem-de özbaşdak netije çykarmakda bu maňa ullakan kömek etdi.
Baý adamlaryň gün-günden baýaýanlygynyň hemem garyp we ortaça ýaşaýan adamlaryň hiç wagt bergiden çykyp bilmeýänliginiň sebäpleriniň biri — olara pul baradaky bilimi mekdepde däl-de, öýde berýärler. Biziň köpimiz pula nähili çemeleşmelidigimizi ene-atamyzdan öwrenýäris. Ýöne garyp adam pul barada öz çagasyna näme öwretsin? Ol ýöne: «Mekdebe git-de, gowuja oka» diýmek bilen çäklenäýýär. Çaganyň mekdebi iň oňat bahalar bilen tamamlamagy mümkin, ýöne onuň pul babatdaky pikiri garyp adamyňky ýaly bolar.
Gynansagam, mekdep çagalara pul barada bilim berenok. Mugallymlar çagalara teoretiki hem hünär ylymlaryny öwredýär. Ine, şonuň üçinem gowy bank işgärleri, lukmanlar hemem ykdysadyýetçiler mekdepde gaty gowy okan hem bolsalar, bütin ömürlerine pul ýetmezçiliginden kösenmekleri mümkin. Iňňän sowatly syýasatçylar hem-de döwlet emeldarlary pully meseleleri çözýän hem bolsalar, olaryň pul barada hiç hili diýen ýaly ýa-da bütinleý düşünjeleri ýokdur.
Adamyň pikirleriniň güýjüni ölçäp ýa-da baha kesip bolanok, ýöne pikirleriňe hem-de aýtjak gepiňe üns bermegiň möhümdigini men eýýäm kiçiligimden düşündim. Garyp kakamyň pese düşmeginiň sebäbi onuň gazanjynyň mukdarynda däl (ol gaty köp pul gazanýardy), bu onuň pikirlerinde hem hereketinde.
Men şu günler, köplenç, maddy we lukmançylyk kömegi ýetmezçilik edýän millionlarça adamyň pikirini edýärin. Olar öz maşgalasyna hem-de döwlete garaşly ýaşaýarlar. Ýöne birden lukmançylyk hem-de pensiýa gaznasynyň puly gutaraýsa näme? Pul barada bilim almadyk çagalar hojalygy nädip dolandyrsyn?
Men iki sany adamyň elinde ulalyp, olaryň ikisindenem tälim aldym. Olaryň ikisiniňem pikirini diňläp, netijede, adamyň pikirleriniň durmuşyna nähili täsir edýändigini bildim. Meselem, olaryň biri: «Men muny özüme alyp bilmerin» diýerdi. Beýlekisi bolsa, hatda şol sözleri agzamagam gadagan ederdi. Ol: «Men muny nädip özüme alyp bilerin?» diýmegi öwrederdi. Sebäbi birinjisi — şol sözlem adamynyň aňynda berkeýär, ikinjisi sorag döredýär. Birinjisi — adamyny gowşadýar, ikinjisi bolsa, pikirlenmäge mejbur edýär.
Geljekki baý kakam muny şeýle düşündirerdi: «Men muny özüme alyp bilmerin» diýen adamyň aňy awtomatik ýagdaýda öçýär». Baý kakam ähli zady yzly-yzyna satyn almalydygyny aýdanok-da, aňyňy — dünýäniň iň beýik kompýuterini işletmegi öwredýärdi. Ol şeýle diýmegi gowy görerdi: «Meniň aňym gün-günden güýçlenýär, sebäbi men ony her gün türgenleşdirýärin. Ol näçe güýçli bolsa, men şonça-da köp pul gazanaryn». «Men muny özüme alyp bilmerin» diýen sözlemiň diňe ýalta adamlaryň agzyndan çykjagyny ol aýdardy.
Olaryň ikisem köp işleýärdi, ýöne gürrüň pully zatlar barada gidende olaryň biri beýnisini türgenleşdirip ugraýardy, beýlekisi bolsa ukladýardy. Wagtyň geçmegi bilen, olaryň biri baýamak bilen boldy, beýlekisi bolsa garyp düşdi. Wagtyny uzakly gün türgenleşik zalynda geçiren adam bilen telewizoryň başynda oturan adam muňa mysal bolup biler. Fiziki maşklaryny dogry ulanmak adamyny sagdyn edýär hemem akyl taýdan kämilleşdirýär.
Olaryň dünýägaraýşy aýry-aýrydy. Olaryň biri: «Garyplaryň aladasyny eder ýaly baýlardan salgydy köp almaly» diýýän bolsa, beýlekisi: «Salgyt — bu işleýänler üçin jeza, hiç zat öndürmeýänler üçin bolsa sylag» diýýärdi.
Olaryň biri: «Yhlas edip oka, onsoň sen gowy kärhanada işlärsiň» diýýän bolsa, beýlekisi: «Yhlas edip oka, onsoň sen gowy kärhanany satyn alarsyň» diýýärdi.
Olaryň biri: «Men baý däl, sebäbi meniň çagalarym — siz bar» diýýän bolsa, beýlekisi: «Men baý bolmaly, sebäbi meň çagalarym — siz bar» diýýärdi.
Olaryň biri pul barada gürlemegi gowy görerdi hem-de işleri barada nahar başynda gürleşerdi, beýlekisi bolsa nahar başynda bu barada gürleşmegi hem gadagan ederdi.
Olaryň biri: «Pul bilen seresap çemeleş, töwekgellik etme!» diýýän bolsa, beýlekisi: «Töwekgellik et-de, öwren!» diýýärdi.
Olaryň biri: «Biziň öýümiz — bu biziň iň uly baýlygymyz hemem iň uly aktiwimiz» diýýän bolsa, beýlekisi: «Meniň öýüm — bu passiwim. Eger öýüňi iň uly baýlygyň hasap edýän bolsaň, diýmek, seniň işiň gaýdypdyr» diýýärdi.
Olaryň ikisem hasaplaryny wagtynda töleýärdi, ýöne olaryň biri birinji nobatda töleýän bolsa, beýlekisi iň soňunda töleýärdi.
Olaryň biri özi barada elmydama kärhana ýa-da döwlet alada etmelidir öýdýärdi, şonuň üçinem elmydama ýokary aýlykly iş, pensiýa gaznasy, lukmançylyk ýeňillikleri we şuňa meňzeş zatlar barada gyzyklanardy. Ol iki sany daýysynyň ýigrimi ýyl goşunda gulluk edip, ähli ýeňillikler bilen dynç alşa çykandygy barada begençli gürrüňler ederdi. Oňa goşun gullugynyň öz adamlaryna lukmançylyk ýeňilliklerini döredýändigi hemem ýörite dükanlarda arzan bahadan gerek-ýarak zatlaryny berýändigi örän ýaraýardy. Oňa uniwersitetiň möhletsiz şertnama baglaşýandygy guwandyrýardy. Käwagtlar, göwnüme bolmasa, ömürlik iş bilen üpjün edilmegi hemem ýeňillikler oňa işindenem möhüm ýaly bolup görünýärdi. Ol, köplenç, şeýle diýerdi: «Men janymy aýaman döwlet üçin zähmet çekýärin, şo sebäpli men bu ýeňilliklere mynasyp».
Beýlekisi bolsa maliýe taýdan bütinleý garaşsyz bolasy gelýärdi. Ol adamlary garyp durmuşda saklaýan, ejizledýän düşünjeler bilen ylalaşanokdy. Ol adama maliýe taýdan doly ygtyýarlygyň gerekdigini aýdardy.
Olaryň biri kynlyk bilen birnäçe dollar toplan bolsa, beýlekisi puluny elmydama girdeji getirýän zatlara goýardy. Olaryň birinjisi gowy iş tapynarym ýaly ynandyryjy hat ýazmagy öwredýän bolsa, ikinjisi beýleki adamlara iş orunlaryny tapyp bererim ýaly, telekeçiligi hem pul gazanmagyň meýilnamalaryny öwredýärdi.
Iki sany abraýly adamyň golastynda men adamyň pikirleriniň durmuşyna nähili täsir edýändigini bildim. Dogrudanam, adam öz pikirleri arkaly durmuşyny gurnaýar, ony galyba salýar.
Meselem, garyp kakam hemişe şeýle diýerdi: «Men hiç wagt baý bolmaryn». Dogrudanam, onuň öňdengörüjiligi wagtyň geçmegi bilen berjaý boldy.
Tersine, baý kakam hemişe özüni baý hasaplap, şeýle diýerdi: «Men baý adam, baýlar bolsa beýle hereket etmeýär».
Maliýe şowsuzlygyna uçrap, bütinleý lüt galanda-da, ol özüni baý hasaplaýardy hem-de muny şeýle düşündirerdi: «Tozmaklyk bilen garyplygyň aratapawudy bar. Tozmaklyk — wagtlaýyn ýagdaý, garyplyk bolsa — hemişelik».
Mundan başga, garyp kakam, köplenç, şeýle diýerdi: «Meni pul gyzyklandyranok» ýa-da «Gep pulda däl». Baý kakam bolsa şeýle diýerdi: «Pul — bu hökmürowanlyk».
Adamyň pikirleriniň güýjüni ölçäp ýa-da baha kesip bolanok, ýöne pikirleriňe hem-de aýtjak gepiňe üns bermegiň möhümdigini men eýýäm kiçiligimden düşündim. Garyp kakamyň pese düşmeginiň sebäbi onuň gazanjynyň mukdarynda däl (ol gaty köp pul gazanýardy), bu onuň pikirlerinde hem hereketinde.
Çagalykdan ikisiniňem terbiýesini alanam bolsam, men olaryň haýsyna — baý kakama ýa-da garyp kakama gulak asjagymy bilemokdym. Olar ylymdyr bilime hormat goýýanam bolsa, okuw babatda düşünjeleri aýry-aýrydy. Olaryň biri meniň gowy okanymy, ýokary bilim alanymy hem-de pul gazanmak üçin gowy iş tapanymy, ýagny aklawçy, buhgalter ýa-da iş dolandyryjy bolanymy isleýärdi. Beýlekisi bolsa baý bolmak, puluň nähili hereket edýänini bilmek hem-de ony nädip özüňe işletmäge mejbur etmelidigini öwrenmek üçin okamagy maslahat berýärdi-de, köplenç, şu sözleri gaýtalaýardy: «Men pul üçin işlämok! Pul maňa işleýär».
Garyp kakam atly, derejeli adam bolsa-da, men dokuz ýaşanymdan soň baý kakama gulak asmagy hem-de onuň pul barada bilýän ähli zadyny bilmegi karar edindim.
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
GELNEJEM
Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....
dowamy...GELNEJEM
“Bir täsin aýdym aýdardyň
Aga çalymdaş heň bilen.”
Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......
dowamy...
Ýokaryk