Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
imissyou : Şeýle bir söýdüm ony, hatda janymdan geçip. Hiç zat bolmadyk ýaly gitdile menden geçip. #imissyou

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Baý kakam, garyp kakam — Robert KIÝOSAKI (1 bölek 1injisi
Premium
 BAYOGUL [on]
 21.04.2025 / 17:07
 Yurekdesh.ru

Kitapcy.su

Maliýe we ykdysadyýet
Baý kakam, garyp kakam — Robert KIÝOSAKI (1 bölek)
От
kitapcy
14 апреля, 2025
Baý kakam, garyp kakam - Robert KIÝOSAKI (1 bölek)

Robert KIÝOSAKI,
amerikan ýazyjysy

GIRIŞ

Meniň iki — baý we garyp kakam bardy, ýöne men olaryň gapma-garşylykly pikirlerini saýgarmagy başarardym.

Meniň iki sany kakam bardy: baý we garyp. Olaryň biri örän sowatly we akylly bolup, onuň doktorlyk derejesi bardy. Ol dört ýyllyk bakalawr kursuny iki ýylda tamamlapdy. Şondan soň Stenford, Çikago we Demirgazyk-Günbatar uniwersitetlerinde okap, diplomdan soňky bilimlerini döwletiň hasabyna aldy. Beýlekisiniň bolsa sekiz synp bilimem ýokdy.

Olaryň ikisem tutuş ömrüne işläp, üstünlik gazanan adamlardy, ikisem köp gazanýardy. Ýöne olaryň biri maliýe ýetmezçiliginden kösenýän bolsa, beýlekisi Gawaýanyň iň baý adamlarynyň birine öwrüldi. Olaryň biri onlarça million dollary maşgalasyna, hemaýat ediji guramalara hem-de ybadathanalara goýup giden bolsa, beýlekisi özünden soň tölenmedik hasaplary galdyrdy.

Olaryň ikisem gujurly, mähirli, adamlaryň hormatyny gazanan adamlar bolup, ikisem maňa maslahat berýärdi, ýöne olar dürli-dürlüdi. Olaryň ikisem bilime uly ähmiýet berýärdi, ýöne hersiniň öz makullaýan sapaklary bardy.

Eger meniň diňe bir kakam bolan bolsa, onda men onuň maslahatyny kabul etmeli ýa-da ýüz döndermeli bolardym. Ýöne meniň iki — baý we garyp kakam bardy, şonuň üçinem men olaryň gapma-garşy pikirlerini saýgarmagy başarardym.

Men olaryň aýdýan zatlaryny ýöne bir kabul etmän ýa-da ýüz döndermän pikirlenerdim hem-de deňeşdirip, özbaşdak netije çykarardym. Ýöne bir mesele bardy — ol wagtlar baý kakam-a baýap ýetişmändi, garyp kakam bolsa garyplaşyp. Olaryň ikisem ýaňy işe başlap, maşgalalaryny eklemelidi, ýöne olaryň pula bolan garaýyşlary aýry-aýrydy.

Meselem, olaryň biri: «Ähli bela-beter pula bolan söýgüden başlanýar» diýýän bolsa, beýlekisi: «Ähli bela-beter puluň ýoklugyndan başlanýar» diýerdi.

Çagalykda iki sany abraýly adamyň golastynda ýaşamak maňa gaty kyn düşdi. Men akylly, gulak asyjy ogul bolasym gelýärdi, ýöne olar gapma-garşy zatlary aýdýardy. Olaryň nukdaýnazary, aýratynam, pul babatda şeýle bir hil-hildi welin, men olaryň aýdýan zatlaryna düşünesim gelip gaty kän pikirlenerdim.

Men öz-özümden: «Näme üçin ol beý diýýär?» diýip sorardym, soňra bolsa beýleki kakamyň sözlerini ýatlap, ýene özüme şonuň ýaly soragy bererdim. «Hawa, ol mamla. Men munuň bilen razylaşýan» ýa-da beýlekiň sözlerini ret edip: «Garrynyň aňkasy aşypdyr, ol näme diýýänini bilenok» diýmek, elbetde, aňsatdy. Ýöne olara bolan söýgim meni pikirlenmäge mejbur etdi hem-de özbaşdak netije çykarmakda bu maňa ullakan kömek etdi.

Baý adamlaryň gün-günden baýaýanlygynyň hemem garyp we ortaça ýaşaýan adamlaryň hiç wagt bergiden çykyp bilmeýänliginiň sebäpleriniň biri — olara pul baradaky bilimi mekdepde däl-de, öýde berýärler. Biziň köpimiz pula nähili çemeleşmelidigimizi ene-atamyzdan öwrenýäris. Ýöne garyp adam pul barada öz çagasyna näme öwretsin? Ol ýöne: «Mekdebe git-de, gowuja oka» diýmek bilen çäklenäýýär. Çaganyň mekdebi iň oňat bahalar bilen tamamlamagy mümkin, ýöne onuň pul babatdaky pikiri garyp adamyňky ýaly bolar.

Gynansagam, mekdep çagalara pul barada bilim berenok. Mugallymlar çagalara teoretiki hem hünär ylymlaryny öwredýär. Ine, şonuň üçinem gowy bank işgärleri, lukmanlar hemem ykdysadyýetçiler mekdepde gaty gowy okan hem bolsalar, bütin ömürlerine pul ýetmezçiliginden kösenmekleri mümkin. Iňňän sowatly syýasatçylar hem-de döwlet emeldarlary pully meseleleri çözýän hem bolsalar, olaryň pul barada hiç hili diýen ýaly ýa-da bütinleý düşünjeleri ýokdur.

Adamyň pikirleriniň güýjüni ölçäp ýa-da baha kesip bolanok, ýöne pikirleriňe hem-de aýtjak gepiňe üns bermegiň möhümdigini men eýýäm kiçiligimden düşündim. Garyp kakamyň pese düşmeginiň sebäbi onuň gazanjynyň mukdarynda däl (ol gaty köp pul gazanýardy), bu onuň pikirlerinde hem hereketinde.

Men şu günler, köplenç, maddy we lukmançylyk kömegi ýetmezçilik edýän millionlarça adamyň pikirini edýärin. Olar öz maşgalasyna hem-de döwlete garaşly ýaşaýarlar. Ýöne birden lukmançylyk hem-de pensiýa gaznasynyň puly gutaraýsa näme? Pul barada bilim almadyk çagalar hojalygy nädip dolandyrsyn?

Men iki sany adamyň elinde ulalyp, olaryň ikisindenem tälim aldym. Olaryň ikisiniňem pikirini diňläp, netijede, adamyň pikirleriniň durmuşyna nähili täsir edýändigini bildim. Meselem, olaryň biri: «Men muny özüme alyp bilmerin» diýerdi. Beýlekisi bolsa, hatda şol sözleri agzamagam gadagan ederdi. Ol: «Men muny nädip özüme alyp bilerin?» diýmegi öwrederdi. Sebäbi birinjisi — şol sözlem adamynyň aňynda berkeýär, ikinjisi sorag döredýär. Birinjisi — adamyny gowşadýar, ikinjisi bolsa, pikirlenmäge mejbur edýär.

Geljekki baý kakam muny şeýle düşündirerdi: «Men muny özüme alyp bilmerin» diýen adamyň aňy awtomatik ýagdaýda öçýär». Baý kakam ähli zady yzly-yzyna satyn almalydygyny aýdanok-da, aňyňy — dünýäniň iň beýik kompýuterini işletmegi öwredýärdi. Ol şeýle diýmegi gowy görerdi: «Meniň aňym gün-günden güýçlenýär, sebäbi men ony her gün türgenleşdirýärin. Ol näçe güýçli bolsa, men şonça-da köp pul gazanaryn». «Men muny özüme alyp bilmerin» diýen sözlemiň diňe ýalta adamlaryň agzyndan çykjagyny ol aýdardy.

Olaryň ikisem köp işleýärdi, ýöne gürrüň pully zatlar barada gidende olaryň biri beýnisini türgenleşdirip ugraýardy, beýlekisi bolsa ukladýardy. Wagtyň geçmegi bilen, olaryň biri baýamak bilen boldy, beýlekisi bolsa garyp düşdi. Wagtyny uzakly gün türgenleşik zalynda geçiren adam bilen telewizoryň başynda oturan adam muňa mysal bolup biler. Fiziki maşklaryny dogry ulanmak adamyny sagdyn edýär hemem akyl taýdan kämilleşdirýär.

Olaryň dünýägaraýşy aýry-aýrydy. Olaryň biri: «Garyplaryň aladasyny eder ýaly baýlardan salgydy köp almaly» diýýän bolsa, beýlekisi: «Salgyt — bu işleýänler üçin jeza, hiç zat öndürmeýänler üçin bolsa sylag» diýýärdi.

Olaryň biri: «Yhlas edip oka, onsoň sen gowy kärhanada işlärsiň» diýýän bolsa, beýlekisi: «Yhlas edip oka, onsoň sen gowy kärhanany satyn alarsyň» diýýärdi.

Olaryň biri: «Men baý däl, sebäbi meniň çagalarym — siz bar» diýýän bolsa, beýlekisi: «Men baý bolmaly, sebäbi meň çagalarym — siz bar» diýýärdi.

Olaryň biri pul barada gürlemegi gowy görerdi hem-de işleri barada nahar başynda gürleşerdi, beýlekisi bolsa nahar başynda bu barada gürleşmegi hem gadagan ederdi.

Olaryň biri: «Pul bilen seresap çemeleş, töwekgellik etme!» diýýän bolsa, beýlekisi: «Töwekgellik et-de, öwren!» diýýärdi.

Olaryň biri: «Biziň öýümiz — bu biziň iň uly baýlygymyz hemem iň uly aktiwimiz» diýýän bolsa, beýlekisi: «Meniň öýüm — bu passiwim. Eger öýüňi iň uly baýlygyň hasap edýän bolsaň, diýmek, seniň işiň gaýdypdyr» diýýärdi.

Olaryň ikisem hasaplaryny wagtynda töleýärdi, ýöne olaryň biri birinji nobatda töleýän bolsa, beýlekisi iň soňunda töleýärdi.

Olaryň biri özi barada elmydama kärhana ýa-da döwlet alada etmelidir öýdýärdi, şonuň üçinem elmydama ýokary aýlykly iş, pensiýa gaznasy, lukmançylyk ýeňillikleri we şuňa meňzeş zatlar barada gyzyklanardy. Ol iki sany daýysynyň ýigrimi ýyl goşunda gulluk edip, ähli ýeňillikler bilen dynç alşa çykandygy barada begençli gürrüňler ederdi. Oňa goşun gullugynyň öz adamlaryna lukmançylyk ýeňilliklerini döredýändigi hemem ýörite dükanlarda arzan bahadan gerek-ýarak zatlaryny berýändigi örän ýaraýardy. Oňa uniwersitetiň möhletsiz şertnama baglaşýandygy guwandyrýardy. Käwagtlar, göwnüme bolmasa, ömürlik iş bilen üpjün edilmegi hemem ýeňillikler oňa işindenem möhüm ýaly bolup görünýärdi. Ol, köplenç, şeýle diýerdi: «Men janymy aýaman döwlet üçin zähmet çekýärin, şo sebäpli men bu ýeňilliklere mynasyp».

Beýlekisi bolsa maliýe taýdan bütinleý garaşsyz bolasy gelýärdi. Ol adamlary garyp durmuşda saklaýan, ejizledýän düşünjeler bilen ylalaşanokdy. Ol adama maliýe taýdan doly ygtyýarlygyň gerekdigini aýdardy.

Olaryň biri kynlyk bilen birnäçe dollar toplan bolsa, beýlekisi puluny elmydama girdeji getirýän zatlara goýardy. Olaryň birinjisi gowy iş tapynarym ýaly ynandyryjy hat ýazmagy öwredýän bolsa, ikinjisi beýleki adamlara iş orunlaryny tapyp bererim ýaly, telekeçiligi hem pul gazanmagyň meýilnamalaryny öwredýärdi.

Iki sany abraýly adamyň golastynda men adamyň pikirleriniň durmuşyna nähili täsir edýändigini bildim. Dogrudanam, adam öz pikirleri arkaly durmuşyny gurnaýar, ony galyba salýar.

Meselem, garyp kakam hemişe şeýle diýerdi: «Men hiç wagt baý bolmaryn». Dogrudanam, onuň öňdengörüjiligi wagtyň geçmegi bilen berjaý boldy.

Tersine, baý kakam hemişe özüni baý hasaplap, şeýle diýerdi: «Men baý adam, baýlar bolsa beýle hereket etmeýär».

Maliýe şowsuzlygyna uçrap, bütinleý lüt galanda-da, ol özüni baý hasaplaýardy hem-de muny şeýle düşündirerdi: «Tozmaklyk bilen garyplygyň aratapawudy bar. Tozmaklyk — wagtlaýyn ýagdaý, garyplyk bolsa — hemişelik».

Mundan başga, garyp kakam, köplenç, şeýle diýerdi: «Meni pul gyzyklandyranok» ýa-da «Gep pulda däl». Baý kakam bolsa şeýle diýerdi: «Pul — bu hökmürowanlyk».

Çagalykdan ikisiniňem terbiýesini alanam bolsam, men olaryň haýsyna — baý kakama ýa-da garyp kakama gulak asjagymy bilemokdym. Olar ylymdyr bilime hormat goýýanam bolsa, okuw babatda düşünjeleri aýry-aýrydy. Olaryň biri meniň gowy okanymy, ýokary bilim alanymy hem-de pul gazanmak üçin gowy iş tapanymy, ýagny aklawçy, buhgalter ýa-da iş dolandyryjy bolanymy isleýärdi. Beýlekisi bolsa baý bolmak, puluň nähili hereket edýänini bilmek hem-de ony nädip özüňe işletmäge mejbur etmelidigini öwrenmek üçin okamagy maslahat berýärdi-de, köplenç, şu sözleri gaýtalaýardy: «Men pul üçin işlämok! Pul maňa işleýär».

Garyp kakam atly, derejeli adam bolsa-da, men dokuz ýaşanymdan soň baý kakama gulak asmagy hem-de onuň pul barada bilýän ähli zadyny bilmegi karar edindim.

ROBERT FROSTYŇ BEREN SAPAGY

Robert Frost meniň gowy görýän şahyrym. Maňa onuň goşgulary ýaraýar, ýöne olaryň içinde meniň iň gowy görýän goşgym bar. Men ony her gün diýen ýaly aňymda gaýtalaýaryn, sebäbi ol maňa ýol görkezýär.

Beýleki ýol

Güýzügen tokaýyň ýol aýrydynda,
Aýak çekdim, oýa batyp birsalym.
Dünýe nähili giň, goşa ýol öňde,
Ýöne nädip ikä bölneýin munda,
Çözübilmän durdum tutup gursagym.

Pikire batyp, saýladym men sag ýoly,
Görsem, gür tokaýlyk. Biraz üýşendim.
Göýä, adam aýak sekmedik ýaly,
Ot basan ýodalar — tokaý ahwaly,
Gözlerim doýmady täsin öwşünden.

Ümürsöw ýollarda güýzän agaçlar,
Sary teňňe deýin dökýär ýapragyn.
Ätiýaçda goýsamam beýleki ýollar,
Hyýalymda oýlanyp şol mahallar,
Indi oňa barmajagmy duýýaryn.

Haçan-da birwagt muny ýatlamda —
Güýzüň uzakda galan şol ertirin.
Ol mahal başga-da ýol bardy öňde,
Ýöne men şol ýoly saýlapdym şonda,
Bu bolsa çözüpdi soňky takdyrym.

Men bu goşgy barada, köplenç, pikirlenýärin. Iňňän sowatly kakamyň pul barada aýdýan maslahatlaryny diňlemezlik maňa gaty ýokuş degýärdi, ýöne meniň gelen kararym tutuş durmuşymy üýtgetdi.

Kime gulak asmalydygy barada karara gelenimden soň, men maliýe bilimini alyp ugradym. Baý kakam meni otuz ýyl — tä otuz dokuz ýaşym dolýança okatdy. Ol muny diňe men ähli zady özleşdirenimden soň bes etdi.

Pul — bu arzuwlaryňy amala aşyrýan güýçleriň biridir, ýöne maliýe bilimi has uly güýç. Pul gelýärem, gidýärem, ýöne onuň nähili hereket edýändigi size mälim bolsa, onda ony dolandyryp, baý bolup bilersiňiz. Diňe pozitiw pikir edeniň ýeterlik däl, sebäbi adamlaryň aglabasy mekdepde berilýän bilimden puluň nähili hereket edýändigini bilenok hemem bütin ömürlerini işläp geçirýärler.

Baý kakam meni okadyp ugranda dokuz ýaşymdadym, şonuň üçinem onuň sapaklary maňa gaty aňsat göründi. Meniň otuz ýylda okan zatlarymyň düýp özenini alsaň, ony, esasan, alty bölüme bölmek bolar. Edil baý kakamyň edişi ýaly, men olary bu kitapda ýönekeýje dilde beýan etmäge çalyşdym. Olarda soraglara jogap ýok-da, umumy görkezmeler bar. Bu üýtgäp durýan birahat dünýäde nämeleriň bolýandygyna garamazdan, olar sizi hem-de çagalaryňyzy baýatmaga kömek eder diýip umyt edýärin.

BIRINJI BAP

BAÝLAR PUL ÜÇIN IŞLÄNOK

Garyplar we ortatap adamlar pul üçin işleýär. Baýlar bolsa puly özüne işlemäge mejbur edýär.

— Kaka, aýtsana, nädip baý bolmaly?

Kakam elindäki gazeti goýdy.

— Oglum, näme üçin seniň baý bolasyň gelýär?

— Sebäbi şu gün Jimmiň ejesi özüniň täzeje «Kadillagy» bilen geldi-de, dynç günlerini deňziň kenaryndaky öýlerinde geçirmek üçin maşgalasyny alyp gitdi. Jimmi özüniň üç sany dostunam alyp gitdi, Maýk ikimizi bolsa çagyrmadam, sebäbi biz garypmyşyk.

— Dogrudanam? — diýip, kakam ynanmady.

— Hawa, çynym — diýip, men öýkeli gürledim.

Kakam gürlemän başyny ýaýkady-da, äýnegini gowulap, ýene gazet okamaga oturdy. Men «Ol näme jogap bererkä» diýip garaşýardym.
1956-njy ýyldy. Men dokuz ýaşymdadym. Umuman, men baýlaryň çagalary bilen bir mekdebe gatnamaly boldum. Biziň şäherimiz şekerçiňrik ekilýän sebitde ýerleşýärdi. Şekerçiňrik meýdanynyň iş dolandyryjysy we beýleki öňdebaryjy ýaşaýjylar — lukmanlar, söwdagärler hemem bankçylar — öz çagalaryny birinji alty ýyllykda şol mekdebe bererdiler. Biziň maşgalamyz köçäniň şo gapdalynda ýaşaýardy hem-de şol mekdebe degişlidi, şonuň üçinem men hem şol mekdepde okamaly boldum. Eger men köçäniň beýleki tarapynda ýaşan bolsam, onda başga mekdebe — özüm ýaly maşgalalaryň mekdebine gitmeli bolardym. Altynjy synpdan soň menem, beýleki çagalaram okuwlaryny döwlet mekdebinde dowam etdirdiler. Biziň üçin aýratyn mekdep ýokdy.

Ahyrsoňy kakam gazetini bir gapdalynda goýdy. Onuň pikir edýänligi bildirýärdi.

— Aý, näme, oglum — diýip, ol ýuwaşlyk bilen söze başlady. — Eger baý bolasyň gelýän bolsa, onda sen pul ýasamagy öwrenmeli bolarsyň.

— Puly nädip ýasamaly? — diýip, men sorag berdim.

— Özüň pikirlen — diýip, ol ýylgyrdy.

Bu onuň: «Men saňa başga hiç zat aýdyp biljek däl, onuň jogabyny özümem bilemok, şonuň üçinem meni gysaja salma» diýdigidi.

ILKINJI HYZMATDAŞLYK

Ertesi irden kakam bilen bolan gürrüňi iň gowy dostum Maýka aýtdym. Öz bilşime görä, Maýk ikimiz mekdepde ýeke-täk garyp maşgaladandyk. Olam edil meniň ýaly bu mekdebe tötänden düşüpdi. Kimdir biri etrabyň içinden mekdebiň serhedini çekdi, şeýdibem biz baýlaryň mekdebinde peýda bolduk. Hakykatda biz garyp däldik, özümiz şeýledir öýdýärdik, sebäbi beýleki oglanlaryň täze beýsbol ellikleri, täze tigirleri, umuman, ähli zatlary täzejedi.

Ejemiz bilen kakamyz zerur zatlaryň ählisini — iýmit, geýim, ýatmaga ýer berýärdi, ýöne şondan artyk zadymyz ýokdy. Kakam, köplenç, şeýle diýerdi: «Eger bir zatlar edinmek isleýän bolsaň, muny özüň gazan». Men köp zat isleýärdim, ýöne dokuz ýaşly çagany kim işe alsyn?

— Ýeri, puly nädip ýasarys? — diýip, Maýk sorady.

— Bilmedim — diýip, men jogap berdim. — Meniň şärikdeşim bolasyň gelýärmi?

Ol razylaşdy, şeýdibem şol gün irden meniň ilkinji hyzmatdaşym peýda boldy. Şol gün biz uzak wagtlap «Nädip pul ýasap bolarka?» diýip pikir etdik. Käwagtlar bolsa Jimminiň kenarýakasyndaky öýünde hezil edip dynç alýan «baýlary» ýatlaýardyk. Bu bolsa bize agyr degýärdi, ýöne munuň bir gowy tarapy bardy, ol bizi baýamaklyga ruhlandyrýardy. Ahyry günortadan soň bir pikiriň üstünde durduk. Muny haçan-da birwagt Maýk ylmy kitapdan okapdyr. Biz uly şatlyk bilen bir-birege göz gypyşdyk. Ahyrsoňy şärikdeşlere etmäge iş tapyldy.

Biz birnäçe hepdeläp etrapdaky ýaşaýjylaryň gapylaryny kakyp, olardan boşan diş ýuwujy serişdesiniň gaplaryny özümiz üçin goýmaklaryny haýyş etdik. Ulular ilki muňa geň galdy, soňra bolsa ýylgyryp razylaşdylar. Olaryň käbiri biziň näme etmekçi bolýanymyzy soraýardy, biz bolsa şeýle jogap berýärdik: «Biz muny aýdyp bilmeris. Bu söwdanyň syry».

Basym ejem biynjalyk bolup ugrady, sebäbi biz odur-budur goýmak üçin ammar hökmünde onuň kir ýuwýan maşynynyň gapdalyndaky gapyrjagy saýlap alypdyk. Indi bolsa onuň çüýşe goýýan karton gapyrjagy ulanylan diş ýuwujy serişdesinden doludy.

Ahyrsoňy hapalanan, mynjyran diş ýuwujy serişdelerinden bizar bolan ejemiň sabyr käsesi doldy.

— Siz näme bilen meşgullanýaňyz? — diýip, ol gygyrdy. — Maňa «Bu söwdanyň syry» diýjek bolmaň-da, derrew zatlaryňyzy bärden ýok ediň, ýogsa-da özüm zyňyşdyraryn.

Ýene birnäçe goňşymyzyň diş ýuwýan serişdesi gutarsa, basym önümçilik üçin ýeterlik çig malymyzyň boljakdygyny aýdyp, Maýk ikimiz ejeme ýalbardyk. Ejem rehim edip, bize ýene birnäçe hepde möhlet berdi.

Ejemiň ammary sebäpli ilkinji duýduryşy aldyk, şonuň üçinem önümçiligi tizleşdirmeli bolduk: indi Maýk goňşulara dişlerini basym-basymdan ýuwmagy maslahat berýärdi, men bolsa boşan gaplary çöpleýärdim.

Ajaýyp günleriň birinde kakam bir ýoldaşy bilen öýümize geldi hem-de önümçilik bilen meşgullanýan iki sany oglanjyga gözi düşdi.

Tutuş töwerek ap-ak tozandy, uzyn stoluň üstünde süýtden boşan kagyz gutular bardy, çişlik bişirilýän maňňalda bolsa ot ýanyp durdy.

Kakam ýuwaşlyk bilen bize golaýlaşdy. Ol ulagyny jaýyň öňünde goýmaly boldy, sebäbi garaža barýan ýoly biziň iş ýerimiz tutup durdy. Ol dosty bilen oduň başyna baryp, çoýun gaby, onda bolsa diş serişdesiniň gaplarynyň eräp durandygyny gördi (ol wagtlar diş pastasy plastmas gaplara däl-de, gurşun gaplara gaplanardy). Biz olaryň reňklerini ýakýardyk, soňra çoýun gapda eredip, ejemiň ätişgiri bilen süýt kagyz gutularynyň kiçijik deşiklerinden guýardyk.

Haltada alebastr bardy. Men gyssanyp haltany beýlesine öwrenimde, ondan dökülen alebastrlar daş-töweregi akja gar ýaly bezäpdi. Biz oňa suw garyp, metal guýar ýaly galyp ýasapdyk.
Kitapcy.su

Maliýe we ykdysadyýet
Baý kakam, garyp kakam — Robert KIÝOSAKI (1 bölek)
От
kitapcy
14 апреля, 2025
Baý kakam, garyp kakam - Robert KIÝOSAKI (1 bölek)

Robert KIÝOSAKI,
amerikan ýazyjysy

GIRIŞ

Meniň iki — baý we garyp kakam bardy, ýöne men olaryň gapma-garşylykly pikirlerini saýgarmagy başarardym.

Meniň iki sany kakam bardy: baý we garyp. Olaryň biri örän sowatly we akylly bolup, onuň doktorlyk derejesi bardy. Ol dört ýyllyk bakalawr kursuny iki ýylda tamamlapdy. Şondan soň Stenford, Çikago we Demirgazyk-Günbatar uniwersitetlerinde okap, diplomdan soňky bilimlerini döwletiň hasabyna aldy. Beýlekisiniň bolsa sekiz synp bilimem ýokdy.

Olaryň ikisem tutuş ömrüne işläp, üstünlik gazanan adamlardy, ikisem köp gazanýardy. Ýöne olaryň biri maliýe ýetmezçiliginden kösenýän bolsa, beýlekisi Gawaýanyň iň baý adamlarynyň birine öwrüldi. Olaryň biri onlarça million dollary maşgalasyna, hemaýat ediji guramalara hem-de ybadathanalara goýup giden bolsa, beýlekisi özünden soň tölenmedik hasaplary galdyrdy.

Olaryň ikisem gujurly, mähirli, adamlaryň hormatyny gazanan adamlar bolup, ikisem maňa maslahat berýärdi, ýöne olar dürli-dürlüdi. Olaryň ikisem bilime uly ähmiýet berýärdi, ýöne hersiniň öz makullaýan sapaklary bardy.

Eger meniň diňe bir kakam bolan bolsa, onda men onuň maslahatyny kabul etmeli ýa-da ýüz döndermeli bolardym. Ýöne meniň iki — baý we garyp kakam bardy, şonuň üçinem men olaryň gapma-garşy pikirlerini saýgarmagy başarardym.

Men olaryň aýdýan zatlaryny ýöne bir kabul etmän ýa-da ýüz döndermän pikirlenerdim hem-de deňeşdirip, özbaşdak netije çykarardym. Ýöne bir mesele bardy — ol wagtlar baý kakam-a baýap ýetişmändi, garyp kakam bolsa garyplaşyp. Olaryň ikisem ýaňy işe başlap, maşgalalaryny eklemelidi, ýöne olaryň pula bolan garaýyşlary aýry-aýrydy.

Meselem, olaryň biri: «Ähli bela-beter pula bolan söýgüden başlanýar» diýýän bolsa, beýlekisi: «Ähli bela-beter puluň ýoklugyndan başlanýar» diýerdi.

Çagalykda iki sany abraýly adamyň golastynda ýaşamak maňa gaty kyn düşdi. Men akylly, gulak asyjy ogul bolasym gelýärdi, ýöne olar gapma-garşy zatlary aýdýardy. Olaryň nukdaýnazary, aýratynam, pul babatda şeýle bir hil-hildi welin, men olaryň aýdýan zatlaryna düşünesim gelip gaty kän pikirlenerdim.

Men öz-özümden: «Näme üçin ol beý diýýär?» diýip sorardym, soňra bolsa beýleki kakamyň sözlerini ýatlap, ýene özüme şonuň ýaly soragy bererdim. «Hawa, ol mamla. Men munuň bilen razylaşýan» ýa-da beýlekiň sözlerini ret edip: «Garrynyň aňkasy aşypdyr, ol näme diýýänini bilenok» diýmek, elbetde, aňsatdy. Ýöne olara bolan söýgim meni pikirlenmäge mejbur etdi hem-de özbaşdak netije çykarmakda bu maňa ullakan kömek etdi.

Baý adamlaryň gün-günden baýaýanlygynyň hemem garyp we ortaça ýaşaýan adamlaryň hiç wagt bergiden çykyp bilmeýänliginiň sebäpleriniň biri — olara pul baradaky bilimi mekdepde däl-de, öýde berýärler. Biziň köpimiz pula nähili çemeleşmelidigimizi ene-atamyzdan öwrenýäris. Ýöne garyp adam pul barada öz çagasyna näme öwretsin? Ol ýöne: «Mekdebe git-de, gowuja oka» diýmek bilen çäklenäýýär. Çaganyň mekdebi iň oňat bahalar bilen tamamlamagy mümkin, ýöne onuň pul babatdaky pikiri garyp adamyňky ýaly bolar.

Gynansagam, mekdep çagalara pul barada bilim berenok. Mugallymlar çagalara teoretiki hem hünär ylymlaryny öwredýär. Ine, şonuň üçinem gowy bank işgärleri, lukmanlar hemem ykdysadyýetçiler mekdepde gaty gowy okan hem bolsalar, bütin ömürlerine pul ýetmezçiliginden kösenmekleri mümkin. Iňňän sowatly syýasatçylar hem-de döwlet emeldarlary pully meseleleri çözýän hem bolsalar, olaryň pul barada hiç hili diýen ýaly ýa-da bütinleý düşünjeleri ýokdur.

Adamyň pikirleriniň güýjüni ölçäp ýa-da baha kesip bolanok, ýöne pikirleriňe hem-de aýtjak gepiňe üns bermegiň möhümdigini men eýýäm kiçiligimden düşündim. Garyp kakamyň pese düşmeginiň sebäbi onuň gazanjynyň mukdarynda däl (ol gaty köp pul gazanýardy), bu onuň pikirlerinde hem hereketinde.

Men şu günler, köplenç, maddy we lukmançylyk kömegi ýetmezçilik edýän millionlarça adamyň pikirini edýärin. Olar öz maşgalasyna hem-de döwlete garaşly ýaşaýarlar. Ýöne birden lukmançylyk hem-de pensiýa gaznasynyň puly gutaraýsa näme? Pul barada bilim almadyk çagalar hojalygy nädip dolandyrsyn?

Men iki sany adamyň elinde ulalyp, olaryň ikisindenem tälim aldym. Olaryň ikisiniňem pikirini diňläp, netijede, adamyň pikirleriniň durmuşyna nähili täsir edýändigini bildim. Meselem, olaryň biri: «Men muny özüme alyp bilmerin» diýerdi. Beýlekisi bolsa, hatda şol sözleri agzamagam gadagan ederdi. Ol: «Men muny nädip özüme alyp bilerin?» diýmegi öwrederdi. Sebäbi birinjisi — şol sözlem adamynyň aňynda berkeýär, ikinjisi sorag döredýär. Birinjisi — adamyny gowşadýar, ikinjisi bolsa, pikirlenmäge mejbur edýär.

Geljekki baý kakam muny şeýle düşündirerdi: «Men muny özüme alyp bilmerin» diýen adamyň aňy awtomatik ýagdaýda öçýär». Baý kakam ähli zady yzly-yzyna satyn almalydygyny aýdanok-da, aňyňy — dünýäniň iň beýik kompýuterini işletmegi öwredýärdi. Ol şeýle diýmegi gowy görerdi: «Meniň aňym gün-günden güýçlenýär, sebäbi men ony her gün türgenleşdirýärin. Ol näçe güýçli bolsa, men şonça-da köp pul gazanaryn». «Men muny özüme alyp bilmerin» diýen sözlemiň diňe ýalta adamlaryň agzyndan çykjagyny ol aýdardy.

Olaryň ikisem köp işleýärdi, ýöne gürrüň pully zatlar barada gidende olaryň biri beýnisini türgenleşdirip ugraýardy, beýlekisi bolsa ukladýardy. Wagtyň geçmegi bilen, olaryň biri baýamak bilen boldy, beýlekisi bolsa garyp düşdi. Wagtyny uzakly gün türgenleşik zalynda geçiren adam bilen telewizoryň başynda oturan adam muňa mysal bolup biler. Fiziki maşklaryny dogry ulanmak adamyny sagdyn edýär hemem akyl taýdan kämilleşdirýär.

Olaryň dünýägaraýşy aýry-aýrydy. Olaryň biri: «Garyplaryň aladasyny eder ýaly baýlardan salgydy köp almaly» diýýän bolsa, beýlekisi: «Salgyt — bu işleýänler üçin jeza, hiç zat öndürmeýänler üçin bolsa sylag» diýýärdi.

Olaryň biri: «Yhlas edip oka, onsoň sen gowy kärhanada işlärsiň» diýýän bolsa, beýlekisi: «Yhlas edip oka, onsoň sen gowy kärhanany satyn alarsyň» diýýärdi.

Olaryň biri: «Men baý däl, sebäbi meniň çagalarym — siz bar» diýýän bolsa, beýlekisi: «Men baý bolmaly, sebäbi meň çagalarym — siz bar» diýýärdi.

Olaryň biri pul barada gürlemegi gowy görerdi hem-de işleri barada nahar başynda gürleşerdi, beýlekisi bolsa nahar başynda bu barada gürleşmegi hem gadagan ederdi.

Olaryň biri: «Pul bilen seresap çemeleş, töwekgellik etme!» diýýän bolsa, beýlekisi: «Töwekgellik et-de, öwren!» diýýärdi.

Olaryň biri: «Biziň öýümiz — bu biziň iň uly baýlygymyz hemem iň uly aktiwimiz» diýýän bolsa, beýlekisi: «Meniň öýüm — bu passiwim. Eger öýüňi iň uly baýlygyň hasap edýän bolsaň, diýmek, seniň işiň gaýdypdyr» diýýärdi.

Olaryň ikisem hasaplaryny wagtynda töleýärdi, ýöne olaryň biri birinji nobatda töleýän bolsa, beýlekisi iň soňunda töleýärdi.

Olaryň biri özi barada elmydama kärhana ýa-da döwlet alada etmelidir öýdýärdi, şonuň üçinem elmydama ýokary aýlykly iş, pensiýa gaznasy, lukmançylyk ýeňillikleri we şuňa meňzeş zatlar barada gyzyklanardy. Ol iki sany daýysynyň ýigrimi ýyl goşunda gulluk edip, ähli ýeňillikler bilen dynç alşa çykandygy barada begençli gürrüňler ederdi. Oňa goşun gullugynyň öz adamlaryna lukmançylyk ýeňilliklerini döredýändigi hemem ýörite dükanlarda arzan bahadan gerek-ýarak zatlaryny berýändigi örän ýaraýardy. Oňa uniwersitetiň möhletsiz şertnama baglaşýandygy guwandyrýardy. Käwagtlar, göwnüme bolmasa, ömürlik iş bilen üpjün edilmegi hemem ýeňillikler oňa işindenem möhüm ýaly bolup görünýärdi. Ol, köplenç, şeýle diýerdi: «Men janymy aýaman döwlet üçin zähmet çekýärin, şo sebäpli men bu ýeňilliklere mynasyp».

Beýlekisi bolsa maliýe taýdan bütinleý garaşsyz bolasy gelýärdi. Ol adamlary garyp durmuşda saklaýan, ejizledýän düşünjeler bilen ylalaşanokdy. Ol adama maliýe taýdan doly ygtyýarlygyň gerekdigini aýdardy.

Olaryň biri kynlyk bilen birnäçe dollar toplan bolsa, beýlekisi puluny elmydama girdeji getirýän zatlara goýardy. Olaryň birinjisi gowy iş tapynarym ýaly ynandyryjy hat ýazmagy öwredýän bolsa, ikinjisi beýleki adamlara iş orunlaryny tapyp bererim ýaly, telekeçiligi hem pul gazanmagyň meýilnamalaryny öwredýärdi.

Iki sany abraýly adamyň golastynda men adamyň pikirleriniň durmuşyna nähili täsir edýändigini bildim. Dogrudanam, adam öz pikirleri arkaly durmuşyny gurnaýar, ony galyba salýar.

Meselem, garyp kakam hemişe şeýle diýerdi: «Men hiç wagt baý bolmaryn». Dogrudanam, onuň öňdengörüjiligi wagtyň geçmegi bilen berjaý boldy.

Tersine, baý kakam hemişe özüni baý hasaplap, şeýle diýerdi: «Men baý adam, baýlar bolsa beýle hereket etmeýär».

Maliýe şowsuzlygyna uçrap, bütinleý lüt galanda-da, ol özüni baý hasaplaýardy hem-de muny şeýle düşündirerdi: «Tozmaklyk bilen garyplygyň aratapawudy bar. Tozmaklyk — wagtlaýyn ýagdaý, garyplyk bolsa — hemişelik».

Mundan başga, garyp kakam, köplenç, şeýle diýerdi: «Meni pul gyzyklandyranok» ýa-da «Gep pulda däl». Baý kakam bolsa şeýle diýerdi: «Pul — bu hökmürowanlyk».

Adamyň pikirleriniň güýjüni ölçäp ýa-da baha kesip bolanok, ýöne pikirleriňe hem-de aýtjak gepiňe üns bermegiň möhümdigini men eýýäm kiçiligimden düşündim. Garyp kakamyň pese düşmeginiň sebäbi onuň gazanjynyň mukdarynda däl (ol gaty köp pul gazanýardy), bu onuň pikirlerinde hem hereketinde.

Çagalykdan ikisiniňem terbiýesini alanam bolsam, men olaryň haýsyna — baý kakama ýa-da garyp kakama gulak asjagymy bilemokdym. Olar ylymdyr bilime hormat goýýanam bolsa, okuw babatda düşünjeleri aýry-aýrydy. Olaryň biri meniň gowy okanymy, ýokary bilim alanymy hem-de pul gazanmak üçin gowy iş tapanymy, ýagny aklawçy, buhgalter ýa-da iş dolandyryjy bolanymy isleýärdi. Beýlekisi bolsa baý bolmak, puluň nähili hereket edýänini bilmek hem-de ony nädip özüňe işletmäge mejbur etmelidigini öwrenmek üçin okamagy maslahat berýärdi-de, köplenç, şu sözleri gaýtalaýardy: «Men pul üçin işlämok! Pul maňa işleýär».

Garyp kakam atly, derejeli adam bolsa-da, men dokuz ýaşanymdan soň baý kakama gulak asmagy hem-de onuň pul barada bilýän ähli zadyny bilmegi karar edindim.

ROBERT FROSTYŇ BEREN SAPAGY

Robert Frost meniň gowy görýän şahyrym. Maňa onuň goşgulary ýaraýar, ýöne olaryň içinde meniň iň gowy görýän goşgym bar. Men ony her gün diýen ýaly aňymda gaýtalaýaryn, sebäbi ol maňa ýol görkezýär.

Beýleki ýol

Güýzügen tokaýyň ýol aýrydynda,
Aýak çekdim, oýa batyp birsalym.
Dünýe nähili giň, goşa ýol öňde,
Ýöne nädip ikä bölneýin munda,
Çözübilmän durdum tutup gursagym.

Pikire batyp, saýladym men sag ýoly,
Görsem, gür tokaýlyk. Biraz üýşendim.
Göýä, adam aýak sekmedik ýaly,
Ot basan ýodalar — tokaý ahwaly,
Gözlerim doýmady täsin öwşünden.

Ümürsöw ýollarda güýzän agaçlar,
Sary teňňe deýin dökýär ýapragyn.
Ätiýaçda goýsamam beýleki ýollar,
Hyýalymda oýlanyp şol mahallar,
Indi oňa barmajagmy duýýaryn.

Haçan-da birwagt muny ýatlamda —
Güýzüň uzakda galan şol ertirin.
Ol mahal başga-da ýol bardy öňde,
Ýöne men şol ýoly saýlapdym şonda,
Bu bolsa çözüpdi soňky takdyrym.

Men bu goşgy barada, köplenç, pikirlenýärin. Iňňän sowatly kakamyň pul barada aýdýan maslahatlaryny diňlemezlik maňa gaty ýokuş degýärdi, ýöne meniň gelen kararym tutuş durmuşymy üýtgetdi.

Kime gulak asmalydygy barada karara gelenimden soň, men maliýe bilimini alyp ugradym. Baý kakam meni otuz ýyl — tä otuz dokuz ýaşym dolýança okatdy. Ol muny diňe men ähli zady özleşdirenimden soň bes etdi.

Pul — bu arzuwlaryňy amala aşyrýan güýçleriň biridir, ýöne maliýe bilimi has uly güýç. Pul gelýärem, gidýärem, ýöne onuň nähili hereket edýändigi size mälim bolsa, onda ony dolandyryp, baý bolup bilersiňiz. Diňe pozitiw pikir edeniň ýeterlik däl, sebäbi adamlaryň aglabasy mekdepde berilýän bilimden puluň nähili hereket edýändigini bilenok hemem bütin ömürlerini işläp geçirýärler.

Baý kakam meni okadyp ugranda dokuz ýaşymdadym, şonuň üçinem onuň sapaklary maňa gaty aňsat göründi. Meniň otuz ýylda okan zatlarymyň düýp özenini alsaň, ony, esasan, alty bölüme bölmek bolar. Edil baý kakamyň edişi ýaly, men olary bu kitapda ýönekeýje dilde beýan etmäge çalyşdym. Olarda soraglara jogap ýok-da, umumy görkezmeler bar. Bu üýtgäp durýan birahat dünýäde nämeleriň bolýandygyna garamazdan, olar sizi hem-de çagalaryňyzy baýatmaga kömek eder diýip umyt edýärin.

BIRINJI BAP

BAÝLAR PUL ÜÇIN IŞLÄNOK

Garyplar we ortatap adamlar pul üçin işleýär. Baýlar bolsa puly özüne işlemäge mejbur edýär.

— Kaka, aýtsana, nädip baý bolmaly?

Kakam elindäki gazeti goýdy.

— Oglum, näme üçin seniň baý bolasyň gelýär?

— Sebäbi şu gün Jimmiň ejesi özüniň täzeje «Kadillagy» bilen geldi-de, dynç günlerini deňziň kenaryndaky öýlerinde geçirmek üçin maşgalasyny alyp gitdi. Jimmi özüniň üç sany dostunam alyp gitdi, Maýk ikimizi bolsa çagyrmadam, sebäbi biz garypmyşyk.

— Dogrudanam? — diýip, kakam ynanmady.

— Hawa, çynym — diýip, men öýkeli gürledim.

Kakam gürlemän başyny ýaýkady-da, äýnegini gowulap, ýene gazet okamaga oturdy. Men «Ol näme jogap bererkä» diýip garaşýardym.

1956-njy ýyldy. Men dokuz ýaşymdadym. Umuman, men baýlaryň çagalary bilen bir mekdebe gatnamaly boldum. Biziň şäherimiz şekerçiňrik ekilýän sebitde ýerleşýärdi. Şekerçiňrik meýdanynyň iş dolandyryjysy we beýleki öňdebaryjy ýaşaýjylar — lukmanlar, söwdagärler hemem bankçylar — öz çagalaryny birinji alty ýyllykda şol mekdebe bererdiler. Biziň maşgalamyz köçäniň şo gapdalynda ýaşaýardy hem-de şol mekdebe degişlidi, şonuň üçinem men hem şol mekdepde okamaly boldum. Eger men köçäniň beýleki tarapynda ýaşan bolsam, onda başga mekdebe — özüm ýaly maşgalalaryň mekdebine gitmeli bolardym. Altynjy synpdan soň menem, beýleki çagalaram okuwlaryny döwlet mekdebinde dowam etdirdiler. Biziň üçin aýratyn mekdep ýokdy.

Ahyrsoňy kakam gazetini bir gapdalynda goýdy. Onuň pikir edýänligi bildirýärdi.

— Aý, näme, oglum — diýip, ol ýuwaşlyk bilen söze başlady. — Eger baý bolasyň gelýän bolsa, onda sen pul ýasamagy öwrenmeli bolarsyň.

— Puly nädip ýasamaly? — diýip, men sorag berdim.

— Özüň pikirlen — diýip, ol ýylgyrdy.

Bu onuň: «Men saňa başga hiç zat aýdyp biljek däl, onuň jogabyny özümem bilemok, şonuň üçinem meni gysaja salma» diýdigidi.

ILKINJI HYZMATDAŞLYK

Ertesi irden kakam bilen bolan gürrüňi iň gowy dostum Maýka aýtdym. Öz bilşime görä, Maýk ikimiz mekdepde ýeke-täk garyp maşgaladandyk. Olam edil meniň ýaly bu mekdebe tötänden düşüpdi. Kimdir biri etrabyň içinden mekdebiň serhedini çekdi, şeýdibem biz baýlaryň mekdebinde peýda bolduk. Hakykatda biz garyp däldik, özümiz şeýledir öýdýärdik, sebäbi beýleki oglanlaryň täze beýsbol ellikleri, täze tigirleri, umuman, ähli zatlary täzejedi.

Ejemiz bilen kakamyz zerur zatlaryň ählisini — iýmit, geýim, ýatmaga ýer berýärdi, ýöne şondan artyk zadymyz ýokdy. Kakam, köplenç, şeýle diýerdi: «Eger bir zatlar edinmek isleýän bolsaň, muny özüň gazan». Men köp zat isleýärdim, ýöne dokuz ýaşly çagany kim işe alsyn?

— Ýeri, puly nädip ýasarys? — diýip, Maýk sorady.

— Bilmedim — diýip, men jogap berdim. — Meniň şärikdeşim bolasyň gelýärmi?

Ol razylaşdy, şeýdibem şol gün irden meniň ilkinji hyzmatdaşym peýda boldy. Şol gün biz uzak wagtlap «Nädip pul ýasap bolarka?» diýip pikir etdik. Käwagtlar bolsa Jimminiň kenarýakasyndaky öýünde hezil edip dynç alýan «baýlary» ýatlaýardyk.

63

11

3

2

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Daniel [off]
  Quran lover 🤍
 21.04.2025 / 18:06

+0

Terjimecha gep yogay, men rus dilinde okapdym

 Täzeje
 SeVgiLiM [off]
 21.04.2025 / 18:08

+0

1zady naçe gezek kopyaladyn sonuna çykyp bilmedima☹️😩

 Täzeje
 State [off]
 22.04.2025 / 06:21

+0

Türkmençä terjime edilen pdf kitaby bar kime gerek bolsa

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

GELNEJEM

Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Şugün, 19:47)

GELNEJEM

Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Şugün, 19:29)

GELNEJEM

Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Şugün, 13:05)

GELNEJEM

Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Şugün, 12:55)

GELNEJEM

“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Şugün, 12:15)

Катюша

Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Şugün, 11:30)

Катюша

Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Şugün, 10:57)

Катюша

Lya lya lya...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
rexha (Şugün, 10:50)

Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe

Neler gördi gözüm....dowamy...
Talyplar we mugallymlar | Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe
rexha (Şugün, 10:47)

С праздником! С 9 мая!

Turkmence gutla...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | С праздником! С 9 мая!
Domen (Şugün, 10:18)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика