Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Admin : «Gel» diýlip çagyrylan söhbet hemme zatdan süýji bolýar.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Terk edilen toba. (Hekaýa)
 Betinden
 Sebap [off]
 22.04.2025 / 18:35
 Lekum dinukum we liýe din

— Alo, Şahnoz han, gowumy sen?!
— Salam Ýadygär aga!
— Ýadygär aga? Näme Ýadygär aga boldukmy indi?
— Size bir zat aýtjakdym.
— Bolýa, ertir öňki ýerimize gideli, şol ýerde näme aýdasyň gelse baş üstüne, janym.
— Ýadygär aga, men size aýtjagym, neme.. Indi men şu işleri halysalla goýjak. Ýadygär aga, öňümizdäki juma güni namaz okap başlajak nesip bolsa.
— Seniň çynyňmy, Şahnoz?
— Çynym, Ýadygär aga, men namaza başlajak, senem maňa düşünjek bol.
— Ýöne men seni gowy görýän, Şahnoza, seni nähili…
— Ýadygär aga, men bilýän, — diýip, Şahnoza onuň sözüni böldi. — Seniň nähili gowy görýäniňi bilýän… Ýadygär aga…
Ýadygär:
— Şahnoz, ýa men seň göwnüňe ýetip bilemokmydym — diýip, gyzdan özelenip sorady?
— Ýok, gep onda däl, ýöne men indi toba etdim, Hudaý bar, indi diňe namaz okap ýaşajak.
Ýadygär endikli dodagyny dişläp durşuna:
— Bolýa, namaz okajak diýýän bolsaň, toba edeniň çyndyr.
Şahnoza Ýadygäriň telefonyny birden öçürip goýbereni üçin başga wagt bolan bolsa gaty görerdi, ýöne bu wagt däl.
* * *

Iki ýyla dönen iki gün.
Baý kyn geçdi dogrusy.
Dogrusy Ýadygär üçin şeýle. Şahnoz nämüçindir parahat. Hiç bir zat piňine däl. Ýok, ol namaz okamak niýetinde. Indi näçe wagt bäri telefonynda namaz okamagy öwredýän programmalar bar. Birtopar wagyzlaram bar.
Metjitden satyn alynan müşküni alkymynyň aşagyna çalaja degren gyz, gözlerini süzüp ýakymly ysa melul boldy. Soňra ýarym sagatdan bäri garderobyndan ýygnan eşiklerini bir pakede dykyşdyrdy. Gymmatbahadan alnan eşiklerine birazajyk gynandam ol aslynda. Mini ýubkalar, arkasy açyk koftalar… Ýöne namaz okajak bolsam, beýle açyk-saçyk eşikleri geýip bilmejek. Belki öýüň içinde geýip bolar diýip, manysyz oýlanyp goýberdi, soň bu gyssanmaç gelen pikiriň gülkünçdiginden utandy. Şonda-da barybir inçejik içkilerini bir gyra goýdy. Ol Ýadygäriň özüne «Meň ýanyma geleňde mersedes türsügiňi geýip geläýde» diýip, özelenişini ýatlap çalaja ýylgyrdy. «INDI HAKYKATDAN TOBA ETMELI». Şahnoza bu sözleri 33 gezekden gaýtalanýan tesbih ýaly içinden gaýtalaýar indi. Metjidiň ymamy näme diýipdi: Allahu subhanehu tealanyň toba gapysy açykdyr. Oňa mü’minler has ir girjek bolup howlugarlar.

Dowamy bar....


121

15

4

0

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Dunyodagi [off]
  Işiňiz bolmasyn
 22.04.2025 / 20:05

+0

Eýýäm başdan gyzyksyz @sebäp özüň ýazdyňmy awtorny goýmansyň gyzym


Betinden
Sebap  (22.04.2025 / 20:18) 

Dunyodagi, iň soňky bölümde ýazyldy awtoryň kimdigi!
Awtory: Isgender MÄLIK

 Özümiziňki
 Perhat_Sabirovv [off]
  Men hiçkim birazajyk pikirlen...!
 22.04.2025 / 20:22

+0

Hekaýanyň başyndan okap başladym welin gyz bilen oglan zyna işler edýär ekeni we wagtyň geçmegi bilen gyz toba gelip namaz okamagy ýüregiňe düwýär


Betinden
Sebap  (22.04.2025 / 21:00) 

Perhat_Sabirovv, Howwa onam edip bilmeýärda

 Öwreniji
 Daniel [off]
  Quran lover 🤍
 23.04.2025 / 10:36

+0

Zyna


Betinden
Sebap  (23.04.2025 / 14:36) 

Daniel, köşeş gygyrma

 Öwreniji
 Daniel [off]
  Quran lover 🤍
 23.04.2025 / 19:31

+0

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Al onda 5 nji 5 ligem menden bolsyn...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
yurekdes (Şugün, 18:07)

Söýgi sözleri❤️


bir-ä minus basypdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAY-HAN (Şugün, 16:39)

Söýgi sözleri❤️


Su alyan yerin turkceden terjime etmegi hic hili onaranok. "Men ogurlyk" dip gygyryp dur:Ýanaklaryňmy, ýa-da pamyk şekermi? Biri gaty şirin… ýöne...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Belki (Şugün, 14:02)

Söýgi sözleri❤️


Owadan edip ýazylypdyram...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:59)

Söýgi sözleri❤️


Şeýle ýazar ýaly şeýle söýýän bamykaneý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:58)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


motivation...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Boniya (Şugün, 13:20)

Söýgi sözleri❤️


Mlds...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAYOGUL (Şugün, 11:55)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Yalpyllap duran 2-nji laýk...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
BAY-HAN (Şugün, 10:34)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Köre-kör öýkünmek – köp-köp ökünmek Prezident Kalwin Kulij dogduk şäherinden bolan dostlaryny Ak tama nahara çagyrypdyr. Oňaýsyz ýagdaýa düşmekd...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Pearl (Şugün, 09:57)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Kim utdy indi...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Pechine (Şugün, 09:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика