Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Ahal : Kim pespäl bolsa, Allah ony beýgelder.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Terk edilen toba. (Hekaýa) 3
 Betinden
 Sebap [off]
 22.04.2025 / 18:49
 Lekum dinukum we liýe din

Şahnoza Ýadygärden hiç ýamanlyk görenok. Ýagdygär elinden gelen kömegi gaýgyrmandy gyzdan. Şol kömek-goldawlary ýatlasa Şahnoza içinden gaty minnetdar bolýar.
Häzir howa gow-a, şol gün bolsa erbet aýazdy. Kakasyny keselhanadan çykarmak üçin kime ýalbarmady. Hiç kim etmedi. Şahnoza ýaman ejizledi sonda. Kömek soranda bir Ýadygär ýok diýmedi. «Wah ýöne meň maşynymyň peçkasy işlänok, ataň ýaramaýan bolsa, üzülmezmikä özi» diýip, alada edip duýdurdy.
Soňra olary öýlerine alyp gaýtdy, ýolda Şahnozanyň ýarawsyz kakasy bilen dünýäniň gürrüňini etdiler. Şahnoza kakasynyň arkasynda sesini çykarman otyrdy. Ulagyň äpişgelerinden daşaryny synlap barşyna Ýadygärden minnetdar boldy. Ýaşuly adamlar bilenem dil tapyşyp bilýän eken, atamyň içini gysdyrmady ýolboýy
Olary öýlerine düşürip, sagbollaşanda Şahnoza pul uzatdy, Ýadygär almajak bolup, indiki gezek alaýaryn diýip bahana tapdy. Şahnoza oňa birenäýy seretdi:
— Onda bir boş günüňiz aýlanyň, myhmanlaýyn sizi.
Ýadygär kän wagt gäçmän Şahnozanyň ýanyna myhmançylyga bardy. Dogrusy, olar myhmançylyga gitdiler. Pynhan ýerde, ikiçäk…
Ýadygär şonda Şahnozanyň nähili eşret berip bilýändigini gördi.
Soňra Ýadygär ony sypdyrmady, aslynda Şahnoza hem ondan gaçjak bolmandy. «Atamyň dokumentlerini dogrulap, Inwalidlik boýunça pensiýa çykaryp bereni üçin bir ömür bergili men oňa» diýip, Şahnoza içinden oýlandy. Şonuň üçinem ol Ýadygäriň soňky haýyşyny bitirimegi özüne borç bildi, şondan soň namaza başlaýan inşalla.

***

Wokzal köçesiniň 66-nji jaýy. Ýadygär şu 66 jaýyň 6 kwartirasyny hemişelik diýen ýaly kireýine alyp goýupdy. Bu jaý bir tatar kempire degişli. Özi obada ýaşansoň bu kwartirany mydama kireýine berýär.
Şahnoza gelýänçä iki gatly jaýyň ýokarky gatynda bir özi oturan Ýadygär sanlara haýran galýar. 66/6. Ümsüm ýer, hiç azar berjek.adam-gara ýok ýer. Sifrlerini diýsene 666. Tersine öwürseň 999. Hahaha. Aslynda Ýadygär üç sany altylygyň şeýtany sanlar hasaplanýanyny bilmeýär, bilse beter gülerdi. Şahnoza hemişeki ýaly gijä galyp geldi. Ýadygär bir guty çilimini ýarpylap barýardy ol gelende. Şahnoza bu gün has anjaýyn. Sepinen atyry hem üýtgeşik. Olar ikiçäk. Ýöne Ýadygär hem bu gün başgaça. Şahnoza ony tanap dursa-da, göwnüne ol başga bir adam ýaly. Gyz gele-gelmän Ýadygär ony bagryna basdy, soňam dodaklary bilen gyzyň ýuka lebine ýapyşdy, eller aşakdan eşikleri sypyryp ugrady. Ol öňem şeýderdi, Şahnoza hem «Durup duruň, özüm ýeçinemen» diýip, öz şiwesinde garşylyk görkezerdi. Bu gezek beýle däl. Gyz onuň özüniň egnindäki eşiklerini emaý bilen çykaryşyny sessiz synlaýarka öňräk kakasynyň aýdan sözlerini ýatlady. Ýadygär onuň uzyn köýnegini, öň ýüzüne çöwrüp, gapdala goýdy. Bu soňky duşuşyk, başgaça hem bolmaly. Adam gowy görýän zadynyň elden gidip barýandygyna gözi ýetende, ony eýdip-beýdip saklajak bolýar. Ýadygäriň ýagdaýam şeýle bolmaly meger. Öňler ol duşuşanlarynda gele-gelmäne eşiklerini sypyryp, ýüpden boşan ýaly hereket edýärdi. Düşekde Şahnozy it edip oýnaýardy. Üstüme çyk, ommaldyp goýup etjek, döküp bilemok, garaz her dürli hokga tapyp azar ýamanyny berer. Iň erbedem arkasyndan gelip etmesi, şol wagt saçlaryndan çekip ýa sagrysyna şapbat bilen urup gyzy azarlaýar.
Bu gün bolsa Ýadygär başgaça. Şahnoza halys garaşmandy. Ol gyzyň ýaňagyndan ogşap, ony düşege geçirdi. Ýadygär bu gezek derman hem içmän gelipdi. Şonuň üçin tiz boldy, Şahnoza dökübem ýetişmedi. Göwüslerine başyny goýup, süp-süýji sojaýan Ýadygäriň saçlaryny oýnap ýatan Şahnoza ýene kakasynyň aýdan sözlerini ýatlady: «Gyzym, bilýäňmi, adam özüne serpaý berilen ömründe iň gymmatly zatlaryň gadryny bilmän, har edýär, soňam biderek zatlary apalap, gadyrlap ýörmeli bolýar. Iň ýönekeý mysal, wagtynda dişlerimize seretmeýäs, soň kösenip, diş goýduryp, ýasama dişlerimizi gymmat diş pastalary bilen arassalap gezmeli bolýas, Seret nähili gülkünç ýagdaý». Kakasynyň näme aýtsa-da, bir zady meňzetme getirip, bir zatdan mysal alyp gepleýşi Şahnoza ýaraýar. Şeýle aýdylanda gep jüpüne düşýär, hemişe ýadyňda durýar.
Şahnoza kakasynyň sözlerini we Ýadygäriň häzirki boluşyny aňynda aýlap:
— Ýadygär- diýip, gujagynda ýatanyň adyny tutdy. — Ýadygär, sen meniň düýnki aýdanymy unut. Men namaz okajak däl, men seniň ýanyňda boljak, hemişe seniň hyzmatyňda, seniň aýdanyňy etjek.
Ýadygär gulagyna ynanmady. Şahnoza oýun etjek gyz däl, ýöne birbada aljyran ýigit başyna galdyryp, gyzyň gözlerine garady:
— Çynyňmy, Şahnoz!
— Çynym!
Ýadygär ýalaňaç halynda örboýuna galyp durşuna:
— Allaha şükür — diýip, gollaryny göge uzatdy.

Isgender MÄLIK.


90

13

3

1

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Perhat_Sabirovv [off]
  Men hiçkim birazajyk pikirlen...!
 22.04.2025 / 20:27

+0

1-nji bölüm bilen 3-nji bölümiň gutarşy gaty täsin ekenaý

 Premium
 Belki [1m]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 23.04.2025 / 06:34

+0

Gowy ideya dip otyrdym. Sonuny bozdy. 3 bolege boler yaly uzak hekaya dal-a su. Bir mowzukda jemlap bolardy.


Betinden
Sebap  (23.04.2025 / 07:09) 

Belki, bir mowzuk edip açylanda hekaýalary kän okanoklar şoň üçinem 3 bölege bölmek amatly


Özümiziňki
Fantom  (23.04.2025 / 17:55) 

Sebap, äý, gyzykly bolsa 1 boldy nä, 3 boldy nä?
Ýöne 1 bolsa gowy bolýar meň üçinä...


Betinden
Sebap  (23.04.2025 / 20:44) 

Belki, hm bolýa

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.
 23.04.2025 / 17:52

+0

Şu ýazyjy gowy ýazýar. Pedofiliň ölmi diýibem nowellasy ba!
Ýöne başynda 18+ goýan bolsaň has gowy bolmazdymy?! )


Betinden
Sebap  (23.04.2025 / 18:10) 

Fantom, ony okap göremok gyzykly bolsa okaýmaly onam! Ýok ony goýup bolmaza

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


Ýazan goşgymy surata düşürip seň şahsyňa ugratsak bolmaýamy. ???????...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Orazjan (Şugün, 20:18)

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Olya (Şugün, 19:45)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Al onda 5 nji 5 ligem menden bolsyn...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
yurekdes (Şugün, 18:07)

Söýgi sözleri❤️


bir-ä minus basypdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAY-HAN (Şugün, 16:39)

Söýgi sözleri❤️


Su alyan yerin turkceden terjime etmegi hic hili onaranok. "Men ogurlyk" dip gygyryp dur:Ýanaklaryňmy, ýa-da pamyk şekermi? Biri gaty şirin… ýöne...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Belki (Şugün, 14:02)

Söýgi sözleri❤️


Owadan edip ýazylypdyram...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:59)

Söýgi sözleri❤️


Şeýle ýazar ýaly şeýle söýýän bamykaneý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:58)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


motivation...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Boniya (Şugün, 13:20)

Söýgi sözleri❤️


Mlds...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAYOGUL (Şugün, 11:55)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Yalpyllap duran 2-nji laýk...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
BAY-HAN (Şugün, 10:34)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика