Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Pechine : Hiçbirzat sebâpsiz dâldir. Her işde bardyr bir haýyr. Barybyr ýalançy bu dünýe, geçiji dünýe.#ýyldyz

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

ÝAGYŞ ÝAGAN GÜNI.
 Özümiziňki
 Fantom [off]
 Düýn, 21:51
 Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.

Ýagyş ýagan güni. Aglady köçe,
Gör-ä, üst-başy-da ezlen süllümbaý.
Köçe hem-de jaýlar... diňe asmanda
Ezilmän, gizlenip otyr gülgün Aý!

Ýagyş ýagan güni aýagy gijän
ulaglar bir ýere howlugýardylar.
Utanyşyp, bir gyrada gyzaran
güller gunçasynyň böwrün ýardylar.

Ýagyş ýagan güni.
Hawa, şol güni
Asyl-ha, çykaryp bilmen ýadymdan.
Duralgada saýawansyz gözele
Ýer beripdim öz saýamdan, ýanymdan.

Ýadymda, näzijek dem alşyna çen,
Başyn salyp, utanjyrap durşy-da.
Bir söz diýseň, guş deý uçaýjak göýä,
Üýtgedi bu ýüregimiň urşy-da.

Şol pursat bagtlydym, ýagan damjalar
ýerde diriň-diriň bökjekleýärdi.
Göýä saýawanam öz saýasynda
Bize şatlyk, söýgi... wada berýärdi.

Sen gitdiň, şeýle bir aglady asman,
Telbe bolan yşgym essinden agdy.
Elim saýawanly, egnim öl-myžžyk
Şol gün ýagyş ýagdy, şeýle bir ýagdy...


27

7

1

0

0

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 Daniel [1m]
 Düýn, 23:11

+0

Wow! Gowy ýazylypdyr! Tüweleme! Sagbol ýetireniňe.!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Pubg


Shuny oynamadayk bir men yaly...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Pubg
Daniel (Şugün, 15:34)

Jump jump vpn barada hokman gorun like teswir yazyn😭😭


Jump jump islap dura...dowamy...
Erkin mowzuklar | Jump jump vpn barada hokman gorun like teswir yazyn😭😭
Daniel (Şugün, 15:32)

Jump jump vpn barada hokman gorun like teswir yazyn😭😭


Işleýän v.p.n bar bolsa aýdaýyñ trading üçin gerek....dowamy...
Erkin mowzuklar | Jump jump vpn barada hokman gorun like teswir yazyn😭😭
State (Şugün, 14:22)

Pubg


senem tapyanay bara...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Pubg
Mahirlije (Şugün, 12:50)

Jump jump vpn barada hokman gorun like teswir yazyn😭😭


Vpn ulanyanlara gynandym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Jump jump vpn barada hokman gorun like teswir yazyn😭😭
Mahirlije (Şugün, 12:49)

Jump jump vpn barada hokman gorun like teswir yazyn😭😭


Jump jump gul yaly ishlap dur...dowamy...
Erkin mowzuklar | Jump jump vpn barada hokman gorun like teswir yazyn😭😭
AnSeBox (Şugün, 10:50)

Jump jump vpn barada hokman gorun like teswir yazyn😭😭


Su videony haysy vpn bilen goydularka 😁...dowamy...
Erkin mowzuklar | Jump jump vpn barada hokman gorun like teswir yazyn😭😭
Belki (Şugün, 10:19)

Adyny siz goyuñsañyzlañyzlaýow


Gosgy gowy men haladym. Yone sen su tazelik diyyan zadyn atam dowrunde lenc edilen zat. Bir zat hakda gurrun berip-berip, in sonunda-da "supriz"...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Adyny siz goyuñsañyzlañyzlaýow
Belki (Şugün, 05:01)

Paýhaslar


Nireden alýeň bulary gyzym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Paýhaslar
Dunyodagi (Şugün, 00:02)

ÝAGYŞ ÝAGAN GÜNI.


Wow! Gowy ýazylypdyr! Tüweleme! Sagbol ýetireniňe.!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | ÝAGYŞ ÝAGAN GÜNI.
Daniel (Düýn, 23:11)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика