Soňky goşgym


26.04.2025 / 20:52
Kupa kızı, sinek valesi ❤️
Bulaşyk kagyzda ýeke-täk nota,
Ne soňy görünýär ne-de bir başy,
Kagyzdan ýa kalpdan ýeke çykypdyr ,
Syryny saklara ýokdy syrdaşy.
Anyk tutum gerek, ýolbelet gerek,
Barmaly ýer nire? Rotalar gerek.
Goňşy-golam gerek saz bolmak üçin,
Bir saza ykbaldaş notalar gerek.
Göwünjigniň halysyny ýüwürdýär:
Ile meňzeş şowy-täleýi bolsa.
Ýakymlymy ýakymsyzmy ýok parhy.
Olam bir mukamyň bölegi bolsa.
Başyn alyp giderdi bu kagyzdan
Alynmaly başa ýetmeýär erki.
Özge notalardan ýöwselmikä ýa,
Saza salynardan güýçlüdir belki.
Düzülen heňlere imrigip ýörýär,
Gözgyny gününe göwnüň dözülmez.
Başda ony ýazan kompozitory
Sypdyrdymy gudrata baý gözünden?
Umyt edýär unduljagyn bu günleň,
(Umytsyzlyk -- dar gursaga baş duşman).
Çuň sebäbi bardyr galmagnyň ýalňyz,
Bilýär, kompozitor asla ýalňyşmaz.
07.04.2025
![]() 112 |
![]() 20 |
![]() 5 |
![]() 4 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Teswirler:
Soňky teswirler
Hormatly ulanyjylar !
Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)