Kim aýdýar aýralyk ajy zat diýip

nickname [off]
04.05.2025 / 14:31
Kim aýdýar aýralyk ajy zat diýip?
Dogry, agyr zatdyr, ýegşerer gerden.
Emma, süýji zatdyr, kijijek pursat,
Ömür möhürlenip kalbyña, aña,
Ykbal manysyna öwrüler her dem.
Şatlyk baýramyñda kemis zadyñydyr,
Gaýgyly mahalyñ süýji ýatlamañ.
Käte-de bu dünýäñ baryndan geçip,
Ýeke ädim ädip, kesip, ölçerip,
Galýan ädimiñdir soñun ätlemän…
Şonda hem arzuwlañ çyrpynar ýene,
Emma, ertäñ ýollaryña kerepdir.
Agalp unutmaga synaşsañ-da sen,
Öçürmäge dem alamazlyk gerekdir.
Dogry,
Gözden ýitirse-de seni ummanda,
Boýun al, gark etmän saklaýan salmy?
Kim aýdýar aýralyk ajy zat diýip,
Kalbyñda öçmejek yz goýup giden,
Bu ömrüñ iñ süýji pursady dälmi?
Ahmet ARAZAW
![]() 78 |
![]() 13 |
![]() 0 |
![]() 3 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
Hormatly ulanyjylar !
Meniñ őñki idim howa bolupdyr. Dereje premium we 33 manat pulum bardy olam gum boldy. Ay borla. Sabrly bolali...dowamy...