Ýürekdeş sözler!
Bayradot : Adam oýundyr degişme etdigisaýyn, onuň akyly azalýandyr.
Durmuşy okap däl, ýaşap öwrenseň…
Gytyndan Sebap [off] Düýn, 21:41 Lekum dinukum we liýe din
Galbaň döşüň kä peselip, beýgelip,
Içki harasadyň aýan edip dur.
Sen agladyň täleýiňden zeýrenip,
Sözleriň geçmişiň beýan edip dur.
Aýt, ýeri, men saňa näme diýeýin?
Bir senmi agtaryp tapmadyk bagtyn?
Getir bulguryňa şerbet guýaýyn,
Şerbet gam-gussaňy eliňden alsyn.
Seni betbagt eden men däl, özgeler,
Şoň üçinem maňa bakyp aglama.
Her kim öz derdine özi döz geler,
Durmuşa düşünýäň düşüp aldawa.
Durmuşyň kimdigin bilip bolanok,
Durmuşy okap däl, ýaşap öwrenseň…
Indi saňa bagtyň geregi hem ýok,
Nämä gerek bir ýüzüni öwrensoň?!
Awtor: Atamyrat Atabaýew
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Lolular
Belki bizin hemmamizde Sol hereket bardyr yaranmak gowy gorunjek bolmak yada kabirlerinin pikri bula meni hoplady yada sona Menzes soz diyaler eg...
dowamy...
Ýokaryk