Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Jimin : Entak yasymyz kici yone yureklerde dunyalere sygmayan dertler bar

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Ömrüm hakda oýlanyp....
 Betinden
 Sebap [2m]
 14.05.2025 / 21:11
 Lekum dinukum we liýe din

Kalendarda gün kän, emma belli seneler sanaýmalyja, durmuşda gapy köp, emma başa iş düşende kakjagym sanaýmalyja, dünýäde millionlarça gyz bar, emma söýýän gyzym sanaýmalyja däl, ol ýekeje.
***
Gapyny gulplap gaýdýan. Ýöräp ugranymdan soň, köplenç yzyma gaýdyp onuň gulplanandygyny täzeden barlaýan. Göwnüme käbir unutmak isleýän zatlarym hem gulplanandygyna şübhelenýän gapym ýaly. Her sapar unutmaga başlanymdan soň yza dolanyp, onuň ýoklugyna ýene has anyk göz ýetirjek bolýan. Şeýdibem ýene ýatlaýan.
***
Geljegini oňat gurmaga wagty bolmady. Çünki bolanja wagtyny geçenleri ahmyr etmäge bagyşlady.
***
Şeýle bir gidip barýardy, başarsa garda galan aýak yzlaryny-da özi bilen alyp gitjekdi.
***
Ýitireniňden soň gadyryny bilmegiň berýän yzasy, gadyryny bilýän zadyňy ýitireniňde döreýän dertden has ýeňildir.
***
Erteki diýen söz ertirki diýen söze meňzeşdigine garamazdan hemişe düýnki wakany gürrüň edýär. Durmuşda-da şeýle, meselem: çagalyk.
***
Gije garalmasa ýyldyzlar, gündiz agarmasa gül ýüzler, görünmezdi. Hemme zat ýerinde ýagşy.
***
Öňler oňa jaň edemde diňe belgim ýazylýardy. Köp wagt geçdi. Indi name üçin jaň edýändigim hem ýazylýan ýaly.
***
Şeýle bir harasat turdy weli Ýer öz sapagyndan tänjek göründi.
***
Aýdylmaly hoş sözleri soňa goýmalyň. Gar diňe galan işe ýaganok.
***
“Eger geçmişimi redaktirläp bolýan bolsady, onda redaktirlenmedik sanaýmalyja sahypa galardy” diýdi. (Ol sanaýmalyja sahypa bolsa düýbünden aýryp, täzeden ýazylmaly sahypalardy)

Awtor:Seýran SEÝITMÄMMEDOW


104

28

6

5

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 rexha [off]
  Gitmerin diýenleriň köpüsi bilen sagbollaşdyk👋🧸
 14.05.2025 / 21:14

+0

Nachinji yyl sen


Betinden
Sebap  (14.05.2025 / 21:14) 

rexha, 2008


Premium
rexha  (14.05.2025 / 21:15) 

Sebap, adyn


Betinden
Sebap  (14.05.2025 / 21:16) 

rexha, patma sizinki name?


Premium
rexha  (14.05.2025 / 21:16) 

Sebap, Govumy


Betinden
Sebap  (14.05.2025 / 21:18) 

rexha, sukur yagsy siz nahili? Tanysmy biz


Premium
rexha  (14.05.2025 / 21:20) 

Sebap, govy. Yo


Betinden
Sebap  (14.05.2025 / 21:20) 

rexha, sizin adynyz name nacinji yyl?

 Premium
 rexha [off]
  Gitmerin diýenleriň köpüsi bilen sagbollaşdyk👋🧸
 14.05.2025 / 21:16

+0

Gechip gidip barya bu omur....


Betinden
Sebap  (14.05.2025 / 21:21) 

rexha, howwa

 Premium
 rexha [off]
  Gitmerin diýenleriň köpüsi bilen sagbollaşdyk👋🧸
 14.05.2025 / 21:20

+0

Hay♀️ adymy yazmagyn deregine gowumy diyipdirna. Bagyshla♀️😁 Gulia men


Betinden
Sebap  (14.05.2025 / 21:22) 

rexha, zyyany yokla bolya tamsanymyza sat

 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 15.05.2025 / 09:44

+0

Tanysybam yetisyaleray


Betinden
Sebap  (15.05.2025 / 09:45) 

BAYOGUL,


Premium
BAYOGUL [on] (15.05.2025 / 09:47) 

Sebap,

 Premium
 Belki [off]
  Söýenler terk edýär, a söýgi baky!
 15.05.2025 / 15:34

+0

Seyranyn poeziyasy gaty uytgesik asyl. Ozem juda kicigowunli. Alan in gowy owgumi sondan alypdym. "Bir sen, birem Matgurban. Galany men yaly ) diyipdi.
Ustesine-de yatdan, labyzly gosgy okamagyn ussady eken.


Betinden
Sebap  (15.05.2025 / 15:43) 

Belki, tüweleme

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ilki bilen Salam


Bu saytda hemme zat pula durýandyr ýöne, ýa da bal-a.😁...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Ahmal (Şugün, 06:44)

Ilki bilen Salam


Isleneninem islenen.ru wagty gideninmi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Ahmal (Şugün, 06:42)

Ilki bilen Salam


Walikimessalam hoş geldiň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Sebap (Şugün, 06:11)

Ilki bilen Salam


Salam Talyplarda agza bolup bolmansoň bilemok ýöne islenen-dä görýädim...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
State (Şugün, 03:45)

Ilki bilen Salam


Soyguli.ru saydynda bardynmy men sol yerinin admini PowerTwo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Akademik3 (Şugün, 01:34)

Ilki bilen Salam


salam hoş geldiň otayda açmadyk mowzuklaryny barde yagdyryber...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Diamante (Şugün, 00:44)

"Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)


Chatgpt yazdy gerek...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)
BAYOGUL (Şugün, 00:07)

"Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)


Jemile goşgusuna meňzäpdur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)
Olya (Şugün, 00:04)

"Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)


Eeeeý bu näme...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)
Olya (Şugün, 00:04)

Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?


Kopelip ugrady şolar soňky dösür...dowamy...
Zenanlar bölümi | Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?
FanB (Şugün, 00:01)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика