“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Wepa : Duşman syryñy ogurlar, dost ýalñyşyñy dogurlar

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Durmuş hakda ýazmajak bolup, Durmuş hakda..
 Gerekli
 Aypipijik [off]
 04.02.2024 / 21:31
 Жизнь шутит а мне не смешно

Irden turup gara kofeñ badyna,
Galam alyp bir-iki bent ýazaýyn.
Söýgi,durmuş,dostluk atly ummanlañ,
Aýdyñ dostlar haýsysynda ýüzeýin?

Söýgi ummanynda ýüzeýin diýsem,
Ýüzüp ýören müñ däl,milýon ekeni.
Düýnjek süýdi taşlap,çörege başlan,
Çaga “Şöýýän” diýip bilýän ekeni...

Durmuş ummanynda ýüzeýin diýsem,
Sakçylar ol ýere ibermediler.
“Entek irräk geldiñ dolan yzyña,
Ýeke özüñ gark bolarsyñ”diýdiler.

Dostluk ummanyna geldim-de ahyr,
Dowam ediberdim şonda ýüzmegi.
Şeýdibem bu günki ýazyljak şygry,
Makul bildim dostlar hakda düzmegi.

Çagalykda oý:njak oýnan dostlarym,
Görýän welin durmuş oý:njak däl eken.
Ondaky kynçylyk ondaky hupbat,
Duýdansyz ten ýyrtan gyýlçak ýaly eken.

Çagalykda sahna oýnan dostlarym,
Görýän welin durmuş sahna däl eken
Onda komedýany ornatjak çagyñ,
Tragedý:a atyp taşlaýan eken...

Çagalykda bakja gatnan dostlarym,
Görýän welin durmuş bakja däl eken.
Munda terbiýeçi juda rehimsiz,
Duýduryşsyz göni gapjaýan eken.

Garaz gaýgy,gülki hereket bilen,
Töläp barýas geçen günleriñ muzdun.
Isleýşiñçe ýaşap,ýazyp bileñok,
Bu goşgynam şoña göräräk düzdüm


107

5

1

0

0

0

1
Teswirler:
 Öwreniji
 EjegyzS [off]
 06.02.2024 / 05:44

+0

Awtor kimmm


Täzeje
 (06.02.2024 / 05:45) 

EjegyzS, täze moda how awtorsyz goşgy paýlaşmak mizä öwrenişdik senem öwrenşiber :D


Öwreniji
EjegyzS  (06.02.2024 / 05:47) 

paradox, Şylañ modasyna-da diýmäýin )

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Islenen.ru da guralÿan edebiÿat agsamy konferensinde bir gezek sesiňizi eşidipdim, häsiýetiňize garamazdan owadan sesiňiz bar) hany şol sagada de...dowamy...

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Borrr gelleje...dowamy...

"Durmuşyň Özi Gutarylmadyk bir Goşgudyr"


Wot👍👍...dowamy...

Bagana telpekli adam


😁 bir ermeni işdeş 50 ýaşdan soň kesdiripdir....dowamy...
Erkin mowzuklar | Bagana telpekli adam
Didar (18.06.2026 / 20:37)

Bagana telpekli adam


Bäh, ýatlatdyňaý......dowamy...
Erkin mowzuklar | Bagana telpekli adam
MaD_B (18.06.2026 / 19:46)

Ykbal Sazagy


Sen su adamlara samsykdyr oydyanmi? Emeli ana yazdyran bolgusyz gosgularyndan doldurylyan yer dal barsi. Indi seytsen pozjakdyryn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ykbal Sazagy
Belki (18.06.2026 / 17:48)

Hudaýsyzlar (bolan waka ) 1- nji bölumi


Dowamyny okajak...dowamy...

Goşgy_1


Jana❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
Zinnush (18.06.2026 / 05:28)

Dünye


Gowy goşgy eken welin.. " pişini" diýeni nämekä?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünye
Orazjan (17.06.2026 / 19:57)

Maňa sabyr ber Allam!!!


" Sabyr soňy salamat."...dowamy...
Erkin mowzuklar | Maňa sabyr ber Allam!!!
Orazjan (17.06.2026 / 19:46)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->