Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Öyle bir gidiyorsun ki, Ömrümden ömür gidiyor...

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Döwür şeýle, döwür
 Betinden
 Sebap [20s]
 16.05.2025 / 23:06
 Lekum dinukum we liýe din

Agyz näme hanmydyň sen?
Geýinýärsiň beýle gymmat!
Her ýalygyň iki goýun,
Her ýüzügiň bir bedew at.
Her köýnegiň bahasyna alyp boljak iki sygyr
Iller geýýär menem geýjek!
Döwür şeýle, döwür.

Gelin näme däldireýärsiň?
Çüýredimi öňki diýşiň
Altyn seni ýigide eltmändir 40 bolupdyr 30 ýaşyň,
Hem pul seçdiň, hem garradyň, hem dişiňe berdiň jebir,
Iller şeýdýär menem şeýtdim.
Döwür şeýle, döwür.

Ohow ýigit bu nä boluş?! Ýeňsäň saçy iki gujak,
Bu gün ertir oglyň bolsa, sallançagam ýasap boljak,
Hany derrew il görmäkä herter aşa tarap ýuwur
Iller şeýtýär menem şeýtdim,
Döwür şeýle, döwür.

Goňşym diýdi toýdan bäri iş edenok oglum, Anna
Ogluň Anna iş edermi? Öýnüň goşy dokuz tonna
Ojakda-da öwej eti, gyrkyldap dur bygyr-bygyr,
Wah şeýtýäsda biz guran, döwür şeýle, döwür.

Dur, dur gardaş kanwerdiňi atma poçta ýäşşigine
Içligini görmesemde seredeýin daşlygyny
Muň elinde goluň ýok näme barka içini çöwür
Çöwürmäge gaýrat ýokdyr.
Döwür şeýle, döwür.

Şägirt inim eserleriň setir sany çykdy çenden,
Kitaplaryň galňadykça ýukalýarsyň günbe-gün,
Setirleriň arasynda ne ýürek bar, nede bagyr,
Şu günki öýken besdir maňa
Döwür şeýle, döwür.

Goňşy bilen bir gojany ýakyp geçdi oglan,
Ýeri köçä syganok garynjyy doýonok,
Degmedie ýylanlar hem degmezmiş ömür ömür,
O diýýäniň ertekidir döwür şeýle, döwür.

On otagly köşk gurupsyň, keşşik aga
Berekella ýöne bu on köpräk dälmi?
Dört, bäş sany garyp bennä görýän welin bir aýlyk däl
Kisejiigiň örän agyr şul bir wagty ur çolpyny
döwür şeýle, döwür.

Maskiwiçli žugulili köp duşupdym uly ýolda
Bu gün bolsa garažymda lowurdap dur bezeg onluk
Bir başyňa nämä gerek munça urul
Munça tigir satýas alýas, alýas satýas
Döwür şeýle döwür.

Köşek nirä howlukýarsyň ajalamy jenaýata
Hanyzada mele gelin özüň bolsa juwan ata
Bäş on minut gijä barsaňda toý eýesi eder sabyr
Döwüre görä sürmek gerek döwür ýüwrük döwür.

Agam öýüň gyzyl pürçük paşyrdap dur bahatlyk ýok
Ýöne mudam tutdabas siz howlugyzda rahatlyk ýok
Ýaprak iýýän gurçuk ýaly, ulyň kiçiň şagyr şagyr
Oglum şoňa bizem haýran döwür şeýle, döwür.

Aý goňşyjan aýaklaryň kesildide işigimizden
Ozallara tä ýatýançak düşmezdiň düşegimizden
Ýatlaşardyň geçenleri okaşardyk goşgy şygyr
Şygyr pygyr ýatdan çykdy döwür şeýle, döwür.

Magazynyň takYrap ýatyr pylanyň hem uklap ýatyr
Gerek zady geçen zady haçan aljak mämmet müdir
Bu gün bu gün ertir ertir gutardyla takyk sabyr
Zat bermeseň zat berlenok bul wagt döwür şeýle döwür.

Aý doganjan aldap durma bahym gözüň görejine
Iň bolmanda birje çyny goş ahyr söz üçine
Seň ýeriňe men ýüzüm boldy gara kömür
Allamasam iş bitenok döwür şeýle, döwür.

Keýgim indi çaga däl sen çen bolupdyr düzel senem
Hana seret hamyryda ýuguryp otyr garry eneň
Hany derrew eliň ýuwda iýjek zadyň öziň ýugur
Ejemjandan aýlanaýyn döwür şeýle döwür.

Ak gyz näme ýeke öziň entäp ýörsiň ýary gije
Daş işikde ýola bakyp tas doňupdy garry ejeň
Irräk gelip bilmediňmi nirelerde çekdiň çöwür
Şahyr sen bir menlik bol döwür şeýle döwür.

A how inim düýndälmidi öz dostuň Wepa hakda
Güp-güp edip ant bileniň ant içýärdiň topba-topba
Indem oňa şynsaň atyp gürläp ýörsiň gübür gübir
Işim bitdi andym ýitdi döwür şeýle döwür.

Öňümden bir ýigit çykdy ýetmiş ýaşly garry ýaly
Düýnem daýaw bir ýigitdi dagda biten garda ýaly
Bu gün bolsa garynja dek zordan ýöreýär gybyr-gybyr
Şahyr gel düşünşeli döwür şeýle döwür.

Soradym men döwre bakyp dogurdanam şeýlemi sen?
Hany arsyň hany haýaň serhoşmyň sen telbemiň sen?
Döwür maňa jogap berdi men hemişe size bagly
Ulaltýan hem adam ogly kiçeltýänem adam ogly
Biri çekýär ýagtatarap, biri çekýär gijä tarap
Uly çekýär ula tarap kiçi çekýär kiçä tarap,
Seredim men egniňizi doýurdym men garnyňyzy
Ýöne welin käbiriňiz ýelä tutup burnuňyzy
Bar garany maňa sürtüp etseňizde uly gowur
Dünýe döräp bolan däldir meniň ýaly uly döwür
Siz etmeli ömri ömür siz etmeli döwri döwür

Awtor: Kerim Gurbannepesow


83

20

4

4

0

0

1
Teswirler:
 Öwreniji
 Daniel [off]
  Quran lover 🤍
 17.05.2025 / 01:26

+0

Kop dinlan gosgym


Betinden
Sebap [20s] (17.05.2025 / 01:29) 

Daniel, Dogry ýazypdyryn gerek tapmak gaty kyn boldy


Öwreniji
Daniel  (17.05.2025 / 01:31) 

Sebap, hawwa moldis sestrenka


Betinden
Sebap [20s] (17.05.2025 / 01:32) 

Daniel, Bolýa

 Öwreniji
 Daniel [off]
  Quran lover 🤍
 17.05.2025 / 01:26

+0

Sagbol, ýetireniňe Uýam!


Betinden
Sebap [20s] (17.05.2025 / 01:30) 

Daniel, Bolýa


Öwreniji
Daniel  (17.05.2025 / 01:32) 

Sebap, Ýogsada sizde gaty giç boldy nä ýatañok


Betinden
Sebap [20s] (17.05.2025 / 01:34) 

Daniel, Bu gün kino göresim geldi hemem entek uky gelenoga


Öwreniji
Daniel  (17.05.2025 / 01:45) 

Sebap, Öz saglygyña seret uýam wagtynda ýat wagtynda tur


Betinden
Sebap [20s] (17.05.2025 / 01:47) 

Daniel, Sagbol doganym köp köp arkaýyn diňe şu günlik şeýle bolup otyryn

 Premium
 rexha [off]
  Gitmerin diýenleriň köpüsi bilen sagbollaşdyk👋🧸
 17.05.2025 / 03:35

+0

Dolysymy shu


Betinden
Sebap [21s] (17.05.2025 / 03:36) 

rexha, Meň tapanyma şul dolusydyr diýip umyt etýän

 Gerekli
 Sasiyona [off]
  Bizimde yukumuz ağirdi ama kimseye geltaşı demedik
 17.05.2025 / 09:46

+0

Mlds gowy görýän gosgymy ýazylşyna
Kerim Gurbannepesowyn gosgylaryny gowy goryan


Betinden
Sebap [21s] (17.05.2025 / 12:06) 

Sasiyona, Aha

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ilki bilen Salam


Bu saytda hemme zat pula durýandyr ýöne, ýa da bal-a.😁...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Ahmal (Şugün, 06:44)

Ilki bilen Salam


Isleneninem islenen.ru wagty gideninmi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Ahmal (Şugün, 06:42)

Ilki bilen Salam


Walikimessalam hoş geldiň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Sebap (Şugün, 06:11)

Ilki bilen Salam


Salam Talyplarda agza bolup bolmansoň bilemok ýöne islenen-dä görýädim...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
State (Şugün, 03:45)

Ilki bilen Salam


Soyguli.ru saydynda bardynmy men sol yerinin admini PowerTwo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Akademik3 (Şugün, 01:34)

Ilki bilen Salam


salam hoş geldiň otayda açmadyk mowzuklaryny barde yagdyryber...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Diamante (Şugün, 00:44)

"Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)


Chatgpt yazdy gerek...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)
BAYOGUL (Şugün, 00:07)

"Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)


Jemile goşgusuna meňzäpdur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)
Olya (Şugün, 00:04)

"Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)


Eeeeý bu näme...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)
Olya (Şugün, 00:04)

Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?


Kopelip ugrady şolar soňky dösür...dowamy...
Zenanlar bölümi | Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?
FanB (Şugün, 00:01)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика