Ýürekdeş sözler!
Sasiyona : Gyz maşgalan in uly dagy “Kakasydyr” şol yanynda bolsa hiçkim yykyp bilmez ??♂️?
Söwer ýara
Betinden Sebap [2s] 17.05.2025 / 14:29 Lekum dinukum we liýe din
Ökdem Eminowyñ äheñinde.
Billeri inçe-inçe,
Bildirer derrew synça…
Waspyn ýetirip bolmaz,
Ömür, ömür ötýänçä.
Boýlary uzyn-uzyn,
Saçlary ýogyn-ýogyn,
Söýgüsine wepaly,
Gylygy hoş söz kimin.
Gözleri ala-ala
Saldyñ meni ne hala?!
Unudarsyñ dünýäni,
Keşbi gelse hyýala.
Dilleri şeker-şeker,
Elleri çeper-çeper.
Ony elden giderseñ,
Göwnüñ müdimi çöker.
Gaşlary gyýma-gyýma,
Akyly guýma-guýma,
Ak ýüzi mähir-mähir,
Ýokdur özgäni söýme.
Ýañagy enar-enar,
Edebinden il tanar.
Onuñ ýary bolanyñ,
Walla, uly bagty bar.
Awtor: Eziz Ykbal
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Ýokaryk