“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

"Akyl pikir et,her haçan" Magtymguly
 Täzeje
 Erkin [off]
 17.05.2025 / 17:23

Bu goja dünýäde ýaşaýyş yzgiderli dowam edip gelýär . Her kim öz aladasy bilen başagaý .Kim köp işläp baýlyk toplap gowy ýaşamaly diýip düşünýär ,kimsi okuw okap bilim almaly, kimsi gazananyňy sowup wagtyňy keýp-sapada geçirmeli diýip düşünýär. Garaz her kimde bir düşünje .Hezreti Alydan sorapdyrlar " Bu dünýäde iň köp zat näme "—diýip. Hezreti Aly jogap beripdir "Adamlaryň gaflaty"—diýipdir . Bu diýdigi adamlar Allahdan bihabar , bu dünýä nireden gelipdirler we soňunda niräk gitmeli, ýaşaýyşyň maksady näme bu zatlar bilen işleri ýok diýdigi bolýar. Her kim kellesine gelşi ýaly ýaşap ýör . Aslynda bizi bu dünýä Beýik Allah getirdi, kä adam diýer "Bizi ejemiz bu dünýä getirdi "—diýip. Eger ejeler getirip bilýän bolsa onda müňlerçe çaga zar zenanlar näme üçin beýle edip bilenoklar. Adamlaryň bu dünýä Allah tarapyndan getirilýänini düşünmegi üçin Allah kä zenana çaga berenok ýaly bolup dur . Şonuň üçin biziň ilki düşünmeli zadymyz bizi bu dünýä getiren we bu dünýäde öz möhlet beren wagtyna çenli ýaşadan we ýene özüne hasap soramak üçin äkitjek Beýik Allahdyr.
Hezreti Alydan sorapdyrlar "Ahyretde iň köp zat näme boljak "—diýip . Ol jogap beripdir " Adamlaryň ökünji "—diýip. Beýle diýdigi Adamlar bu dünýäde Allaha görä dälde her kim özüçe ýaşady , şoňa ökünerler diýýär . Her kim "Wah ,mende Allahy bilsedim we onuň buýrugy boýunça ýaşasadym"—diýip, şeýle bir ökünmek ökünerler ýöne peýdasy bolmaz .Adamlara ömür bir gezek berilýär . Pygamberimiz sallallahu aleýhi we sellemden sorapdyrlar "Bu dünýä bilen o dünýäni (ahyreti) deňeşdirip ber"—diýipdirler. Şonda Pygamberimiz saw "Adam Ummanyň (Okean ) başyna baryp elini suwa sokup çykarsa ,eline ýokan suwlar bu dünýä mysalydyr ,umman bolsa ahyret mysalydyr "—diýip düşündiripdir . Şeýle bolýan bolsa özümize berilen sähel ömrümizi ýele sowurmalyň ahyret aladamyzy etmäge gaýrat edeliň . Çünki ajal oky her kime çenelgi durandyr haçan ol okuň gaýtjagyny bir Allah bilýändir .


96

14

6

4

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Erkin [off]
 17.05.2025 / 20:14

+0

Kä adamyny näçe gezek Allah ýoluna çagyraý oňa asla täsir etmeýär. Sebäbi ol adam günä gazanyp kalbyny garalansoň Allah oňa özi baradaky maglumaty oňa bermeýär. Bir ýerik ekin ekmek üçin ilki ekin ekiljek ýeri gowy edip taýynlamaly bolýar, çem gelen ýere tohum sepseň idili ekin alyp bolmaýar. Şonuň ýaly Allah ýoluna düşmek üçin ,haramlardan daş durup ,kalbyňy arassalamaly, ýüregiňde gowy niýet,arassa ahlak bolmagyna üns bermeli .


Täzeje
 (17.05.2025 / 20:36) 

Erkin, hakyky


Täzeje
 (17.05.2025 / 20:50) 

Erkin, Ilki bilenä men dawwalaşjak-däl. Öňünden aýdýan, şu meselede bir zat diýseň gyzmaçlar nemedäýýär.
Ikinjiden, meň şu babatynda düşinýän zadym az, oň üçin gaharlanmak gerekdäl...
Berekella, gaty dogry. emma, günäsiz adam ýokdur...
Onsaňam, gel dogryçyl gepleşeli, seň diýän ýaşaýşyňy edip ýaşajak bolsaň, aýratyn bir ada ýa, otşeýnik bolup çöle gitmeli...
Ekinem, näme, gaty yhlas etseň nire-de bolsa-da ekse bolar.
Adamam şonýaly, däliýni taýak ýola salýan bolsa, akyllyýny gözýeti


Täzeje
Erkin  (17.05.2025 / 21:50) 

Fantom, Pikiriňizi ýazanňyza minnetdar , hawa günäsiz adam ýok, adam bilip ýa-da bilmän günä edip durýar . Ýöne günäsine toba etse, Allah geçer inşallah. Allahyň ýoluna düşmek üçin ýeke ýalňyz ýaşamaly diýen zat ýok, ýüregiňde niýet bolsa her ýerde hem Allaha gulluk etse bolar .Esasy Allaha gulluk etmäge çalyşmak, sebäbi sen Allahdan gaçyp gitjek ýeriň ýok. Irde-giçde hökman hasap üçin onuň huzuryna eltilersiň .


Täzeje
 (17.05.2025 / 22:46) 

Erkin, Indi şo ýokarda ýazanyňy täzeden öziň howlukman okap, ine şu ýazanyň bilen deňede aýt, sen öziňe gapma-garşy gidip otyrsyňa?!
Men ýene bir gezek ýatlatýan, dawwa gerekdäl, göwnüňe ýaramasa ýapaly temany.
Aslynda adam ýaradylanda gulluk üçin diýilýär, emma seň o ýokardakyň oňa ters gelýär...
Mysaly: aýdaly ýaňy jahyl çykan oglan bi


Täzeje
Erkin  (18.05.2025 / 04:38) 

Fantom, Bir adam duran bolsa sende baryp oňa bir ýumuruk urup oňa " Men seň bilen uruşmakçy däl, ýöne saňa bir zat aýdaýyn "—diýen ýaly, gelip dawa başlap, soňam dawalaşjak däl diýip, bir zatlara diýjek bolýaň welin

 Täzeje
 Erkin [off]
 18.05.2025 / 04:47

+0

Men mowzukda ýazan zatlarymy özümden tapyp ýazmadym,olar Allahyň we Pygamberimiz saw-ň, Hezreti Alyň bize bildiren sözleri hatda mowzugyň ady hem Magtymgulyň

Akyl pikir et her haçan,
Ýüz gonan bar,ýüz göçen.
Tagty asmandan uçan
Suleýman öldi gitdi.

diýen goşgusyndan.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->