Ýürekdeş sözler!
Gitdiň Sen!(Boksyñ şasy Muhammed Aliniñ ýagty ýadygärligne)
Aypipijik [off]
04.02.2024 / 22:54
Жизнь шутит а мне не смешно
Bir agyr sportyñ täjini geýip,
Ýüreklere nagyş çekip gitdiñ sen!
Kebelek deý ýeñil uçmagy söýüp,
Ary deý duýdansyz çakyp gitdiñ sen!
On sekiz ýaşyñda dakynyp medal,
Garşydaşlaryñda goýmadyñ mydar,
Seniñ urgularña diñe Döw çydar,
Ondan galanlarny ýykyp gitdiñ sen!
Bat alyp ugranda maksat-myradyñ,
Muhammede çalşyp Marcellus adyñ,
Göterdiñ Yslamyñ bir gez şöhratyn,
Din öñünde dyza çöküp gitdiñ sen!
Diýdiñ:“Allam berip maña keseli,
Çözdi aradaky uly jedeli.
Nomer bir men dälde, Tañrym ekeni!
”Kän günäñ astyndan çykyp gitdiñ sen!
“Kükürt çöp oduna çydamak agyr,
Dowzah ody tene,neneñsi deger?”
Ynha bu sözlerñe dünýä baş eger,
Hakykata göni bakyp gitdiñ sen!
98 |
2 |
0 |
0 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Islenen.ru da guralÿan edebiÿat agsamy konferensinde bir gezek sesiňizi eşidipdim, häsiýetiňize garamazdan owadan sesiňiz bar) hany şol sagada de...dowamy...
Ykbal Sazagy
Sen su adamlara samsykdyr oydyanmi? Emeli ana yazdyran bolgusyz gosgularyndan doldurylyan yer dal barsi. Indi seytsen pozjakdyryn....dowamy...