Ýürekdeş sözler!
Geçmegiň gerek...
Aypipijik [off]
04.02.2024 / 22:58
Жизнь шутит а мне не смешно
Belany iterse seniñ üstüñe,
Eger ot bolsañ-da öçmegiñ gerek.
Duşman duzak gursa düşüp kassyña,
Ondan köpri gurup geçmegiñ gerek
.Mañlaýña ýazylsa bir nadan aýal,
Ejeñden geçmegñe ýüwürtse hyýal,
Meni diñle, gepim hiç etmez zyýan,
Oña çykyş gapyñ açmagyñ gerek.
Goñşy saýlamakda asla utulma,
Eger zalym bolsa ýokdur gutulma,
Ýok!Bar ýaly alaç bu agyr zulma,
O ýerden basymrak göçmegiñ gerek.
Ýañsylasa eger bir päli azan,
Güýç bar diý:p göreşme eý dostum Tagan,
Sen güýçli bolsañ-da, ol gara gazan,
Garasy ýokmanka gaçmagyñ gerek.
Dostuñ beýgelende,beýgel sen bile,
Içiñi köýdürme ýalandan güle,
Büdrände-de eliñ berip sen ele,
Bile gonup bile uçmagyñ gerek.
Watan mukaddesdir şeýle-de galar,
Mukaddes ondaky derýalar, daglar,
Oña señ kömegiñ zerurly çaglar,
Aýaman gara der seçmegiñ gerek
100 |
2 |
0 |
0 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Islenen.ru da guralÿan edebiÿat agsamy konferensinde bir gezek sesiňizi eşidipdim, häsiýetiňize garamazdan owadan sesiňiz bar) hany şol sagada de...dowamy...
Ykbal Sazagy
Sen su adamlara samsykdyr oydyanmi? Emeli ana yazdyran bolgusyz gosgularyndan doldurylyan yer dal barsi. Indi seytsen pozjakdyryn....dowamy...