Yşk sungaty


19.05.2025 / 21:05
Kupa kızı, sinek valesi ❤️
YŞK SUNGATY
Utan!
Uýal!
Ýazyklysyň göwnüm, sen!
Elmydama bat berilmez galama.
Heýem, "Şygyr ýazdym" diýip, boljakmy?!
Şygyrdan has jadylaýjy nazara.
Müň setiri gaýra duruzjak keşbe
Şygyr sowgat edip bolmaz hiç mahal.
Heýkel gur şanyna
Ýunan taňry deý
Bina galdyr mysalynda Täçmahal.
Şol mynasyp eger jadyly sungat
Irde-giçde bagyş etseň birine,
Hytaý diwaryny gaýra duruzsyn,
Rakyp bolsun Eýfel ataň diňine.
Çykyp biler sungatyň çür başyna
Söýgiň humaryna göwni baglanan.
Çarbag döret, goý, ol ýatlatsyn dursun
Semramidanyň asma baglaryn.
Yşka düşüp, döretmegiň lezzeti
Gaýry bir hünärde, özge kärde ýok!
...Mende bolsa oň şanyna bagş etjek
Şygyrdan has beýik, ajap närse ýok.
14.07.2023 ý
Mahym Nurgeldiýewa.
![]() 71 |
![]() 19 |
![]() 0 |
![]() 4 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
Hormatly ulanyjylar !
Meniñ őñki idim howa bolupdyr. Dereje premium we 33 manat pulum bardy olam gum boldy. Ay borla. Sabrly bolali...dowamy...