Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Jimin : kyncylyk bu taze bir mumkincilik

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

(Ýaryş üçin) Geň galdyryjy täsin maglumatlar
Premium
 Sebap [off]
 25.05.2025 / 12:23
 Lekum dinukum we liýe din

Iňlis we gollandiýaly alymlar 13 müň 600 kişini seljerip geçiren barlaglarynyň netijesinde beýnisi ortaçadan uly adamlaryň ýatkeşliginiň we pikir ýöredişiniň has güýçli bolýandygyny tassyklaýarlar. Ýöne barlagyň dowamynda beýle ynsanlaryň has akyllydygyny subut edýän maglumatlaryň ýüze çykarylmandygyny hem bellemelidiris.

Alymlaryň aýtmaklaryna görä, gündiz alnan gysga wagtlyk ukynyň täsiri juda uludyr. Gresiýada uly ýaşly adamlarda 6 ýylyň dowamynda geçirilen barlaglaryň netijesinde, gysga wagtlyk hem bolsa, gündiz uklamagyň ýürek-damar kesellerinden heläk bolmak howpuny 37 göterim azaldýandygy anyklandy.

Tibetde «Black diamond» («Gara almaz») diýlip bilinýän gara alma ýetişýär. Aýdyşlaryna görä, ol almanyň beýleki görnüşleri bilen deňäp bolmajak derejede süýji hem ter bolýar.

35 ýaşa çenli her ýylda süňk ulgamymyzyň 10 göterimi täzelenýär.

Şwesiýada 221 müň 800 ada bar.

Häzirki wagtda ulanýan gaýçylarymyzy 1893-nji ýylda Luiza Ostin oýlap tapypdyr.

Şafran ösümligi özünden 100 esse artyk suwuklygy hem sary reňke boýap bilýär.

Gimalaý daglarynda ösýän «Nagapusham» atly gül 36 ýylda bir gezek gülleýär.

Awstraliýada we Madagaskar adalarynda ösýän baobab agajy özünde 120 müň litre çenli suwy saklap bilýär.

Kordiseps kömelekleri mör-möjekleriň we möý şekillileriň üstünde ýaşaýarlar. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, olaryň heniz ylma girizilmedik 400-den gowrak görnüşi bar.

Kolima deňziniň kenarynda ýerleşen belka hininden 31 müň ýyllyk ak reňkli myhak (gwozdika) gülüniň tohumy tapylypdyr.

Daniýaly inžener Bent Anderson arylaryň ýaşaýşyny has-da içgin öwrenmek maksady bilen ary şekilindäki kindiwanja mehaniki robotlary döretdi.

«OmniVision» tarapyndan döredilen «OV6948» atly ýöriteleşdirilen kamera dünýäniň iň kiçi kamerasydyr. Lukmançylykda hirurglar tarapyndan ulanylýan bu kamera gum dänesi ýaly ululykdadyr.

«Oberthur Technologies» atly fransuz kiberhowpsuzlyk şereketi kody her sagatda üýtgäp duran kredit kartlaryny döretdi.

Taýýarlan: Güýçmyrat AMANBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.


42

9

0

2

0

0

2
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Talyplaar.com da okapdym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Ahmal (Şugün, 20:01)

Dünye (goşgy).!


Zakazam alyanmy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Alienus (Şugün, 18:33)

Dünye (goşgy).!


Aýdymyň sözlerini ýazansyň öýtdim ilki.. Her ýerden bir setir aldyňmy)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Aurora (Şugün, 16:20)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Turbo Tut-dan Jetour utaryn diýen umyt bilen içýän barmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Perhat_Sabirovv (Şugün, 16:00)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Baýramgylyç agam Rahman agaň mundan 4 5ýyl ozal Teleportasiýa diýip fantastik hekaýasy bardy şony hiç tapyp bilemok okamaga özünden hem sorasam m...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:57)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Çagany öldürmegimiň sebäbi ol çaga ulanyp öz ejesi bilen kakasyny din tarapdan gysmalydy, Hudaý olara has mynasyp çaga ugratmakçy Allahym bize h...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:55)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Soňam Arwahyň ar alýan gijesi dälde, Arwah gelýän gijesi eseriň ady...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:46)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Eseri 1günüň içinde doly okap gutardym häli hem ýadymdan çykanok eserde bolýan wakalar göz öňümde janlanyp gidýärdi. Ogulsenem Taňňyýewanyň beýle...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:45)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Nesip bolsa indi saýtda gowy mowzyklar açylar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Ahmal (Şugün, 15:34)

Dünye (goşgy).!


Käbir zatlary, sözler bilen düşündirip bolonok..!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Kesxa (Şugün, 13:49)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика