Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
paradox : Seniň gözleriňe bakan başka dünýâni görmez

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Gyzykly bäsleşik geçirdik.
Premium
 Belki [off]
 25.05.2025 / 15:48
 Söýenler terk edýär, a söýgi baky!

Salam, gadyrdan ýürekdeşler! Düýn "Poeziýanyň aşyklary" imo grupbamyzda gyzykly bäsleşik gurnadyk. Bäsleşigiň şerti içinde "Gam-gussa orun ýok meniň dünýämde" setiri bolan goşgy ýazmakdy. Bäsleşige jemi 10 goşgy hödürlenildi. Gizlin ses berlişik esasynda ýeňijilerem saýlandy. Bu gün şol goşgulary siz bilen paýlaşasym geldi. Belki, sizem baha bermek islärsiňiz...

1-nji goşgy:
"Polýanna hanym" (76 bal)

Gam-gussa orun ýok meniň dünýämde
Gözýaşym şatlyga öwrülip düşlär.
Ýeser gülküm günlerimi güýmände
Bagtyýar pursatlam göriplär düýşler.

Bir umyt alana, ýylgyryş mugt
Yglan edilipdir "Bagt aksiýasy".
Ýazgydym himiýa sapagy bolup,
Geçip dur şowluluk reaksiýasyn.

Sagadym müçäm deý bars tizliginde,
Pursat ýok ýerliksiz gynara janym.
Oňatlyga bakyp dur ümzügim-de,
Diýýärin: "Gaýra dur, Polýanna hanym!".

Haýpym geljek yşkam çyksa kastyma,
(Aý, oňa-da Hudaý bersin dözümi).
Eýýäm wagtyň çägindenem çykdym-a,
Göz degiriň, tutup bilse gözüňiz!

Mahym Nurgeldiýewa.

2-nji goşgy:

**** (69 bal)

Gam-gussa orun ýok, meniň dünýämde,
Onda her gün şatlyk ösýär gül bolup.
Bagtdan hyruç alyp garalýar iňrik,
Säher, bagta hyjuw dogýar Gün bolup.

Söýlip gördüm.
Söýüp gördüm dünýämde.
Köýemde-de köýdüm köýen şekilli.
Gaýgynyň gaýmagyn goýup ýüzleýde,
Ykbal maňa düýpli şatlyk eçildi.

Bakmaň goşgylarmyň gamgyndygyna,
Goşgyçy: obraza girip şygrynda,
Bolup biler "aşyk", "telbe", "pähimdar",
"Akmak", "şermende", ýa, "däli-haýran-da".

Gije gündiz örüp harp bilen harpy,
Arasyna gam goýýaryn la:ý edip.
Gamgyn görünse-de bu meniň bagtym,
Diýmek, örýändirin göwne jaý edip.

"Egoist" diýsinler!
"Narkist" diýsinler!
Men diňe özümi bilip ýaşaýan.
Gaýgyny, hasraty şygryma berip,
Dünýäň şatlygyny duýup ýaşaýan.

Rüstem Amangeldiyew

3-nji goşgy:

**** ( 65,5 bal)

Gam-gussa orun ýok, meniň dünýämde,
Bardyr her bir işde bähbit hem haýyr.
Ykbaldan närazy ýerleriň barmy ?!
-Kalbyňy tämizle, poslaryn aýyr.

Biz bagt bolup doguldyga aslynda,
Manysy hümmetli sanalan demiň.
Durmuşyň aýgytly pursatlarynda
Dertden däl, gözleýän söýgüden emim.

Agyry çekdimmi, düzelerin tiz,
Demir elme mahmal elligim geýip,
Ezýetden ejizläp çökmez gerdenim,
Serim dik tutaryn, ruhumam beýik.

Sebäp,bolsa-bolsun dert,goý, her ýanda,
Gam-gussa orun yok,meniň dünýämde.

— Bagtygül Ernazarowa.

4-nji goşgy:

**** (75 bal)

Gam-gussa orun ýok, meniñ dünýämde"
diýip, öz-özümi köşeşdirýänmi?!
Ýa bagrymy sypap geçen meý bilen,
yzalarmy has-da ötüşdirýänmi?!

Bilmedim.
Nä boldum?
Özümi ýitrip,
gowy günlerimden galdymmy gapyl?
Bagtyñ gapysynda nobata durun,
şonuñ üçin diñe edýän tagapyl.

Adatdan daşary güýjüm ulanyp,
kül-peýekun etsem, hasrat eñegin.
Ruhubelent bolmak üçin dünýede
mümkinçiliklermi bir-bir deñedim.

Üstünlikli dynsam, durmuş mekdebin,
bermezlermi?
"Şatlyk sertifikatyn".
Aýagymda durup bilmegim üçin,
Ýa sen, şowly günleñ şertimikädiñ?

Indi gussalarmy dünýämden zyñyp,
Gadyry bermekçi.
Deger degýäne!
"Meniñ bagtym - seni undanym üçin
bolaýmasyn" diýýän, pikirlenýände.

Nurmuhammet Haşyrow

5-nji goşgy:

"Meniň dünýäm" (68,5 bal)

Zeminiň ýüzünde şo:l köne kada,
Onuň bir künjinde türkana dünýäm.
Kalbym sary elter darajyk ýoda,
Işigi açykdyr säher-şam diýmän.

Bilbiller saýraşar şygyr dilinde,
Baglarynda Umyt güli gunçalar.
Arzuwlary Gimalaý deý, köňlünde,
Tapmaça men, çözüp başar synçylar.

Bulutlara boýdaş ruhum bar azat,
Asmanymdan şatlyk ýagar, gar bolup.
Bagtyň - barlygyna borsuňyz şaýat,
Gelseňiz hut özi garşylar gülüp.

Dokuzynjy Behişt gurdum özüme,
Aýralyk ýok, uruş, jenjel, pirim ýok.
Ýüregim ses goşýar ömrüň sazyna,
Meň dünýämde gaýgy gussa orun ýok.

Süleýman Tekäýew

6-njy goşgy:

Kiçilikden şo bir arzuwlaryň içinde..(aýdymdan) (46 bal)

Kiçilikden şo bir arzuwlaryň içinde,
Ýaşaýan, goreşýän bu durmuş bilen.
Siňişipdirin, şol söweşleriň içine.
Gaýgy derdim bolsa, bir durmuş biler.

Esasy arzuwym enem hem atam,
Doganlarmyň bagty üçin ýaşaýan.
Deň-duşym egnine bir halta goýsa,
Her egnime birin goýup daşaýan.

Dogrusy gam-gussa wagtam tapamok.
Aslynda gaýgydan hiç hem derek ýok.
Asmanym asuda ýurdym parahat,
Maşgalam ýanymda şondan ýürek dok.

Onsaňam ýürekde ganyň deregne,
Hamala sungatym aýlanýan ýaly.
Şol hem giňlik berýä meniň ýüregme,
Meň göwnim şoň üçin soýgiden doly.

Aladalar kän ýone bary hem süýji,
Şolar görkezýaler maňa dogry ýol.
Sananlarym berýä maksada güýji,
Şoň üçin dünýämde gaýga orun ýok.

— Altruisttt.

7-nji goşgy:

**** (54 bal)
Gam-gussa orun ýok meniň dünýämde,
Ol gelse gapym mäkemje çüýlenen.
Depesinde sakçy bolan düýnümde,
Ykbalymyň şat günleri düýrülen.

Gam-gussa orun ýok meniň dünýämde,
Ýylgyrmaga doly sebäp tapsa bor.
Melhem bolýar okamaklyk dertlämde
Döretýärin ejizje beýnimde gor.

Gam- gussa orun ýok meniň dünýämde,
Kitap tekjesideý dogry ýerlenen.
Gapysyn açsam içine girýände,
Baplarynda derdim ýüküm ýeňlener.

— Zebo Babajanowa.

8-nji goşgy:

**** (69,5 bal)

Gam- gussa orun ýok, meniň dünýämde,
Diýsem ýalan bolar, diýmesem ýalňyş.
Şatlygyň-begenjiň sygan ýerinde,
Gam-gussada bolar, hasratam bolar,
Gezekli durmuş.

Ýöne weli gamly günleň howruna,
Ýanyp,
ömri kül etmegem gerekdäl.
Göreşip wagtyň kanuny bilen,
Garaşyp, arzyly günleň gelerne,
Ýaşamaly ömür ýoly gerekläp.

Berkläp bolar süýji ýatlamaň baryn
Dünýäň aladasy ýüklenen aňa.
Şolar umyt bolar tämiz daňlara,
Umyt ýaşamana bolar bahana.

Gülgüne äýnekden synlap jahany,
Ähli garalary görmän geçerin.
Gyşyň ortasyndan gözläp bahary,
Doňluklaň içinden çözläp bahary,
Öz dünýäme gül ysyny saçaryn.

— Uzuk Agamyradowna.

9-njy goşgy:

**** (50 bal)

Gam gussa orun ýok meniñ dünýämde,Dünýadaki ãhli bagt bar mende!Beýik Allam beren ahli nygmaty,Näçe şükür etsem azdyr her demde!

Dünýãmizi ikã bölünen diýsek,Ýaryna gam-gussa,ýaryna şatlyk,Gam-gussa orun ýok dünýämde diýsek,Onda biz Jennetiñ açaryn tapdyk.

Sebabi dünýämiz gussasyz bolmaz!Dertden,gussalardan dolan dünýe bu!Dertsizem bar welin,hassasyz bolmaz!Her zady wagtlaýyn, ýalan dünỳe bu!

Eger,bir gün diýsem,begenip dilden:
"Gam-gussa orun ýok meniñ dünýãmde!"
Görendirin şonda ejem gül ýüzün,
Ejem bolsa gam-gussa ýok dünýãmde!

— Şirin Bahadyrowa.

10-njy goşgy:

"Meniň dünýäm" ( 76 bal)

Gam-gussa orun ýok, meniň dünýämde,
Şatlyk gözlerime siňip gidipdir.
Uçup gidýän pegasyma münýände,
Gözýaşlarym gurap, diňip gidipdir.

Kalbymdan endigan akýar bulaglar,
Ömrümi şygryma çatyp geçirdim.
Çagalygmy meýmiredýär ulaglar,
Ýoluň ýarysyny ýatyp geçirdim.

Ömrümiň tizligi altmyşdan geçmez,
Köplügiň içinde aýlanýar başym.
Dünýäň duýgulary gözümden gaçmaz,
Gyňyr garaýyşlar gurşaýar daşym.

Bagtymy bilersiň gözümden okap,
Begenjim eşdersiň batly sözlämde.
Iş, maşgala, çaga , şygryýet , kitap...
Gam-gussa orun ýok, meniň dünýämde.

Gerçeknazar Amannazarow


82

29

6

7

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Diamante [off]
  Sessizliğim çığlığımın terbiyelisi...
 25.05.2025 / 16:04

-1

berlen setiri gowy saylapsynyz hemme goşgamm gowy...(5sanysyny okadym yone))

 Premium
 Bayradot [off]
  ÝÜREK OWAZYM
 25.05.2025 / 16:10

+0

Yenja bayrak name


Özümiziňki
Fantom  (25.05.2025 / 19:52) 

Bayradot, Ýaryş başga ýerde geçirilipdir, biz okamak üçin goýlan _bärde!!!

 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 25.05.2025 / 16:49

+0

Gerçeknazar Amannazarow goşgusyny gowy gördüm

 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 25.05.2025 / 17:00

+0

Zebo ozbekmi


Premium
Belki  (25.05.2025 / 17:05) 

BAYOGUL, yok, Zohre adynyn gysgaltmasy oydyan yalnysmasam


Premium
BAYOGUL [1s] (25.05.2025 / 17:06) 

Belki, ozbeklerde barda sondan soradym

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.
 25.05.2025 / 19:48

+0

1-nji
7-nji
10-nji
Gowy bolupdur!
Mümkin şu saýtda-da şunuň ýaly bäsleşik gurnasa bolar?!
Mysal üçin: Men ýadadym, yýzyňa sen dolanma. ))
Ýada: "Ýürekdeşe" girip ýazýaryn saňa,
sen bolsa jogapsyz goýýaň hatymy,
Saýtdaşlar kömegiňiz gerekdi maňa,

Aý garaz ýazsaň ýazyp oturmaly!!!
Gowy zat, kelläňem işledip beýniň posyny açýar
Gidip şekalat iýeýin "..."!!! )))


Premium
Bayradot  (25.05.2025 / 20:01) 

Fantom, siz gidiñ şekalada
Men gideýin doklada😁😁

 Öwreniji
 Kesxa [off]
  Amorf we metamorfoz, oňatlyk.
 25.05.2025 / 20:30

+0

Siz näme gatnaşdyňyzmy oňa? Agşamky konf-da bardyňyzmy?


Premium
Belki  (25.05.2025 / 20:57) 

Kesxa, howwa gatnasdym. Konfda yokdum yone kop megabayt iyyar.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Menem kem galmayyn


Uzak ýol ýöräp barýakak, takside özbek aýdymçysy Ýulduz Usmanowanyň SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞYNYŇ sözlerine "Eje, eje, eje jan" diýen aýdymyny diňl...dowamy...
Erkin mowzuklar | Menem kem galmayyn
Gulmahrem (Şugün, 11:57)

Ajy ýylgyryş


mowzuk okamana yaltanyan hele hele goşgy okamana yaltanyan kişem okadyda....gysgajykdan manyly gaty haladym...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Diamante (Şugün, 11:08)

Yone gyzyklanyan


yone oykelek dal şonyma gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Diamante (Şugün, 11:04)

Yone gyzyklanyan


yok almazdym, oglum birzat diyer men yalak biri godek syrap yuzuni alar, oglumyn başyny yakasym gelenoo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Diamante (Şugün, 11:03)

Yone gyzyklanyan


Men aýtsam alyp bererdim mnyaly göwnünde zat saklamayan bolsa çalt öýkelap çaltam ýazylyan bolsa 😁😁😎...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Gunesh (Şugün, 10:49)

Yone gyzyklanyan


Agy sen özüň näme diýýäň senem bir pikiriňi aýtda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Sebap (Şugün, 07:28)

Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?


Ýokarky lañ köpsiniñ bolmagyna feminist gyzlar günäkär,...dowamy...
Zenanlar bölümi | Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?
Ahmal (Şugün, 07:10)

Bir dogan bolar


Gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir dogan bolar
BAYOGUL (Düýn, 22:48)

Eje (goşgy).


Ejelerin jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
BAYOGUL (Düýn, 22:46)

Ynam bolsa


Gowy gosgy bolupdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
BAYOGUL (Düýn, 22:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика