Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : Gawanmaklygy diňe ,,ynamsyzlyk..."diýip hasaplaýan kişileriň pikirine umuman garşy men. Çünki gawanmaklygy men ýitirmeklikden gorkmaklyk we gadyrly ynsanyňy mümkin boldugyça goramaklyk diýip düşünýän....
«Azatlyk heýkeli» barada geň galdyryjy maglumatlar
Premium
BAYOGUL [1s] 25.05.2025 / 17:05
Amerika diýlende, ilki bilen «Azatlyk heýkeli» göz öňüňe gelýär. «Azatlyk heýkeli» - dünýäniň iň meşhur heýkelleriniň biridir. Onda köp sanly gurluşyk we binagärlik taýdan gyzykly maglumatlar ýatyr. Geliň, olar baradaky gyzykly maglumatlary öwreneliň!
«Azatlyk heýkeli»-niň resmi ady «Dünýäni ýagtylandyrýan azatlyk» diýlip atlandyrylýar. Ol ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki «Liberty» adasynda ýerleşýän we 1886-njy ýyldan bäri Amerikanyň nyşany bolup durýan ägirt uly heýkel we syn ediş diňidir. Ol dünýäde tanalýan ýadygärlikleriň biridir. «Azatlyk heýkeli» misden ýasalyp, ol ABŞ-nyň esaslandyrylmagynyň 100 ýyllygy mynasybetli, Fransiýa tarapyndan ABŞ-a sowgat berildi.
Heýkel jemi 350 bölekden ybarat bolup, 4 aýyň içinde dikeldildi. Heýkeldäki zenan Rimiň erkinlik hudaýy «Libertas»-dyr. Onuň sag elinde alawly taýak, çep elinde bolsa kitaplar bar. Heýkeldäki zenanyň başynda täç bar. Täjiň 7 sany ujy bolsa 7 yklymy we 7 deňzi alamatlandyrýar.
«Azatlyk heýkeli» 1984-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girdi. Onuň has kiçi nusgalary Parižde, Osakada, Pristinada, Pekinde, Newada-da, Günorta Dakotada ýerleşýär.
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
KESMEÝÄN GYLYÇ
Baýramgylyç agam Rahman agaň mundan 4 5ýyl ozal Teleportasiýa diýip fantastik hekaýasy bardy şony hiç tapyp bilemok okamaga özünden hem sorasam m...
dowamy...KESMEÝÄN GYLYÇ
Çagany öldürmegimiň sebäbi ol çaga ulanyp öz ejesi bilen kakasyny din tarapdan gysmalydy, Hudaý olara has mynasyp çaga ugratmakçy
Allahym bize h...
dowamy...
Ýokaryk