Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Belki : Hiç zat sebäpsiz däldir. Ykbal ikimizi sataşdyrdymy, diýmek, biri-birimizden öwrenjek zatlarymyz bardyr! #Belki

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Aýalyny oyunde biwepalykda tutan sopy hakynda hekayat(Ýaryş üçin)
 Gerekli
 Sasiyona [off]
 26.05.2025 / 07:41
 Bizimde yukumuz ağirdi ama kimseye geltaşı demedik

Ýatyrka aýaly oýnaşy bilen,
Bir sopy olaryñ üstüne gelen.

Gapyny kaksa-da ot alan ýaly,
Eger-eger açanokmyş aýaly.

Bir ädikçi bilen aýşy-eşrete,
Meşgul zenan äri oda düşse-de.

Gapyny açaýyñ diýmeýärmişin.
wagt utup, ärini güýmeýärmişin.

Aýalynyñ, şeýle gylygnyñ baryn,
Añýan sopy irräk ýapyp dükanyn.

Öz öýüne gelen wagty alñasap,
Özüñiz bilýäñiz — ine, bolan zat,

Ozal onuñ beýle gylygy ýokdy,
Häzirkisi ýaly, ir gelenokdy.

Hudaý hökman üstün açýar günäniñ,
Ýok oñ nazaryndan sypjak gümanyñ.

Şer işleñ iýtmegem onuñ elinde,
Alaşyp gitmegem onuñ elinde.

Ol kä günämizi geçse-de biziñ,
Ahyry barybir gyzardar ýüzüñ.

Bir zady aýdaýyn gelensoñ dile,
Birmahal bir ogry düşüpdir ele.

Paýhasly Omaryñ emrine görä,
Agyr jeza bermelimiş ol ogra.

Ogry aýdan: «Günämi öt, hökümdar,
Meni bulaşdyran ol şeýtan murdar».

Hökümdar aýdypdyr: «Başky günäni
Geçmän, jeza bermek ýowuzlyk dälmi?»

Tañry geçirimli. Günäkär bende
Kän gezek ýalkanýar onuñ öñünde.

Ýöne günä işe baş uran adam
Halas bolup bilmez agyr jezadan…

Ozalky gürrüñe geleliñ ýene,
Äri aýalyny salyp çemine,

Aýagyny gyşyk basýanyn bilip,
Tutdy biwepany üstünden gelip.

Aýal çäre gözläp, batsa-da dere,
Ol jaýda ýer ýokdy gizlenäýere.

Içine girere sandygam ýokdy.
duwlanara hiç zat görünenokdy.

Gözüñ aýlan taýyñ — ýalañaç diwar,
Olarda ne tuty, ne-de örtük bar.

aýalyñ hilesi özüne ýetik,
Ärini aldamañ pikirni edip.

Onuñ oýlap tapan pirimne gara-
Ýapdy oýnaşyna gara çadra.

Asyl-ha hiç ýeri görünmez ýaly,
Tutuşlygna örtdi sopyñ aýaly.

Soñra ylgap baryp, gapyny açdy,
Äriniñ gözleri gara sataşdy.

Aýaly bada-bat başlady söze:
«Bu möhüm iş bilen gelipdir bize.

Bu zenan maşgala baý ýerden gelen,
Garyndaşlyk açsam diýýär biz bilen.

Munuñ ogly gyzymyza taýmyşyn,
Özem akyllymyş hem-de baýmyşyn».

Äri diýdi: «Dogry bolsa aýdanyñ,
Gudamy? Ikisem baý bolsa ýagşy.

Biri garyp, biri baý bolsa eger,
Ikisem bir-birne ýetirer zeper.

Gapyñ iki tutaýy bar diýeli.
Biri-altyn, ýaldyraýar diýeli.

Beýlekisi-misden, reñki öçük,
Şu ýagdaý olar taý bolsun niçik?»

«Şu sözlerñi aýtsam-da bu hanyma,
Ilmedi gulagnyñ ýele ýanyna.

Diýýär: «Garyndaşlyk açjagam meniñ
Zyýany ýok bolmasa-da öz deñim.

Gudam barly ýermi, pukara ýermi —
Isleýän oglumyñ bagtly bolarny.

Perzendimi bagtly etmek maksadym,
Baýdygyna, garypdygna bakmaryn».

Äri diýdi: «Bu bir baý zenan bolsa,
Biziñ gyzymyzy halaýan bolsa,

Bu ýagdaý elbetde, gowy zat weli,
Ýöne dogry zada dogry diýmeli.

Niçik bolsa sümelgämiz-jaýymyz,
Edil şonuñ ýaly ýagdaý-halymyz.

Hiç bir goş-golamsyz, berbat bu öýde,
Iññe gizläre-de ýer ýok bu öýde.

Eger hanym sorap, syn edip bize,
Göwni ýeten bolsa adamlygmyza,

Onda şeýle zady bilmegi gerek,
Öý bikes-ä loly, ýok asla derek.

«Enesini gör-de, gyzyn al» diýlen
Sözi ýöne ýerden aýdanok ilem.

Ýoldan çykanlygy, asyllylygy —
Enä görä bolar gyzyñ gylygy.

Azgyn heleýdigiñ maña-ha aýan,
Bu hanymam bilse, etmezdi zyýan».

Aýtmak bilen beýle hekaýaty men,
Düwdüm ýüregime şu niýeti men.

Islendik pirimiñ, şelaýyn sözüñ
Aýbyñy gizlemez, gyzardar ýüzüñ. Goşgular


74

23

0

9

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Talyplaar.com da okapdym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Ahmal (Şugün, 20:01)

Dünye (goşgy).!


Zakazam alyanmy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Alienus (Şugün, 18:33)

Dünye (goşgy).!


Aýdymyň sözlerini ýazansyň öýtdim ilki.. Her ýerden bir setir aldyňmy)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Aurora (Şugün, 16:20)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Turbo Tut-dan Jetour utaryn diýen umyt bilen içýän barmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Perhat_Sabirovv (Şugün, 16:00)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Baýramgylyç agam Rahman agaň mundan 4 5ýyl ozal Teleportasiýa diýip fantastik hekaýasy bardy şony hiç tapyp bilemok okamaga özünden hem sorasam m...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:57)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Çagany öldürmegimiň sebäbi ol çaga ulanyp öz ejesi bilen kakasyny din tarapdan gysmalydy, Hudaý olara has mynasyp çaga ugratmakçy Allahym bize h...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:55)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Soňam Arwahyň ar alýan gijesi dälde, Arwah gelýän gijesi eseriň ady...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:46)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Eseri 1günüň içinde doly okap gutardym häli hem ýadymdan çykanok eserde bolýan wakalar göz öňümde janlanyp gidýärdi. Ogulsenem Taňňyýewanyň beýle...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Şugün, 15:45)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Nesip bolsa indi saýtda gowy mowzyklar açylar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Ahmal (Şugün, 15:34)

Dünye (goşgy).!


Käbir zatlary, sözler bilen düşündirip bolonok..!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Kesxa (Şugün, 13:49)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика