Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Senden başgany görmedik gözlerim seni başgasy bilen gördü ??
(Ýaryş üçin) Çaga terbiýesi kim günäkär.(hekaýa)
Premium
Sebap [off] 26.05.2025 / 20:23 Lekum dinukum we liýe din
Ykbal bir öwrüminde ýeňillik bilen barýan adam ogluna nesihat edýär:
- Oglum, sen pully, baý çagasyň. Şonuň üçin beýlekilerden saýlanmalysyň. Sen işlemeli dälsiň, işletmelisiň. Ertiriň pikir etmän, aladasyz bigam ýaşamalysyň. Meniň başymyň dikliginde, göwnüň näme küýsese, şony edip gezmelisiň.
Adamlasynyň sözlerine monça bolan öý bikesi-de jak-jak gülüp, gürrüňe goşulýar:
- Wah, näçe gyzdan soň bolan balamsyň sen. Ýaşlykda biziň ýetde-gütde ýaşanymyz besdir, sen bir dünýäni süreweri jan balam!
Ogly kakasydyr ejesinip aýdyşy ýalam etdi - deň-duşlarynyň ýanynda hemişe özüni ýokary tutmaga çalyşd, jübüsindäki weşeň-weşeň pullary güjeňledi.
Tirkeşende kellesi dolulary däl-de, jübüsi dolulary saýlady. Dogrysy-ha meniklije oglanlaryň özlerem ondan gaçarak duranlaryny kem görmediler.
Hossarlarynyň işleýşi ýaly, ol hiç mahal elini sowuk suwa urmady. Hatda özüne degişli ýönekeýje durmuş aladany-da kelle agyrtmady, ony başgalar düzedip berdiler. Ol muňa hezil etdi, özüni hojaýyn, özgäni hyzmatkärdir öýtdi. Gündiziň soňundan dünýäni tümlüge büräp garaňky gijäniň gelýändigini hakda asla pikirem etmedi. Küýi-köçesi iýip-içmek, ýeňles gyzlar bilen keýp çekmek boldy.
Emma tizden bu zatlaryňam gyzygy gaçdy. Indi oňa üzümiň suwy ýaly gyzlaram, üzümiň suwundan ýasalan al şeraplaram lezzet bermäni goýdy. Ol has üýtgeşik keýp gözläp ugrady. Çünki kakasydyr ejesiniň hasabyny soraman berýän pullary ony gyjyklap, teý gününe goýanokdy. Şeýdibem, ahyry "ak ýola" düşdi....
Wagt geçdi. Ýeňillik bilen gelen baýlyk ýeňillik bilenem gitdi. Özem nä gitmek?! Ähli pul, öý-goşlar ajy tüssä öwrülip, diňe bir näletkerde ogluň däl, hossarlarynyň-da demliginden tutup, gözlerini ýaşlap gitdi. Hut düýnki günem hiç kime göwni ýetmedik, pullanaly bäri ýeke saparam Ýaradany ýatlamadyk kişiler indi ýalbaryp başladylar! ýaşamaly ýaşyny paýawlap barýan goja ýaly törde tükge düşüp, iki eplenip ýatan ogluna gargynmak gargyndylar, tamasynyň çykmandygyny aýdyp, ýer ýumrukladylar.
- O nähili menden tamaňyz çykmanmyş?! Şujagaz ömrümde diňe siziň isleýşiňiz ýaly hereket etdim, hemişe özümi baý görkezip, deň-duşlarymdan saýlanmaga çalyşdym. Öwredişiňiz ýaly. hiç mahal elimi sowuk suwa urmadym. Öz etmeli işlerimi özgelere etdirdim. Ertiriň barlygyny asla pikir etmän, diňe şu günümiň keýpi-sapasy bilen ýaşadym. Ine serediň, ilden üýtgeşik edip ýetişdiren ogluňyz-da men! - Ol sözüne biraz dyngy berdi-de, sojap-sojap dem aldy. Soňam hyýrsyz nazaryny ata-enesine dikip, sözüniň üstüni ýetirdi: - Indi bolsa, ilden üýtgeşik çagaňyz üçin pul tapyň.
Öz bagtlaryny özleri ýatyran är-aýal ilki biri-biriniň ýüzüne, soňam ogluna seretdiler. Gözi ýaşly gamgyn ene bagrny paralap özelendi:
- Wah jan balam, pul galdymy bizde?! Görüp otyrsyň-a sataly diýsek, bäş şaýa geçjak goş-golamam goýmadyň-a bu tünekde... Ejesiniň nury öçüşen gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp, özelenipler aýdýan sözleri ýigidiň daşa ýüregini sähelçe-de ýumşadyp bilmedi.
- Ýadyňyzdamy bir mahallar: "Utanman goş-golamsyz tünekde mydar edip otyrlar. Özümiz-a bir günem ýaşap bilemzdik" diýip, käbirlerniň üstünden gülüp, gürrüňini ederdiňiz. Şol sözüňizi ýatlaň-da, bu garyp tünekden ýüz öwrüň. Gara şaýa geçjek zadyňyz galmadyk bolsa ýaşanyňyza namys etdirýän şaraňlap duran boş jaýyňyz bar-a şony satyň....
Her zada garaşsalar-da beýle sözlere garaşmadyk är-aýal birbada doňup galdylar.
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
KESMEÝÄN GYLYÇ
Baýramgylyç agam Rahman agaň mundan 4 5ýyl ozal Teleportasiýa diýip fantastik hekaýasy bardy şony hiç tapyp bilemok okamaga özünden hem sorasam m...
dowamy...KESMEÝÄN GYLYÇ
Çagany öldürmegimiň sebäbi ol çaga ulanyp öz ejesi bilen kakasyny din tarapdan gysmalydy, Hudaý olara has mynasyp çaga ugratmakçy
Allahym bize h...
dowamy...
Ýokaryk