“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

Meniň ýüwrek ýeller bolasym gelýar
 Täzeje
 Zehin [off]
 29.05.2025 / 12:40

Meniň ýüwrek ýeller bolasym gelýär,
Ýeller bolup ýaňagyndan sypasym,
Seni golaýymda duýasym gelýär,
Gelýär golaýyňdan seni synlasym.

Ýeller bolup şaçlaryňy darasam,
Gülleň ysyn alyp gelsem ýanyňa,
Dogry düşün käte gazap darasam,
Mukam bolup öwüsdigim şanyňa.

Penjiräňden bakyp aýly gijeler,
Rahat gijeleri arzuw ederin,
Saňa doly gursakdaky söýgimi,
Ýeriň ýüzne surat edip çekerin.

Haýyrly säherler diläp erteler,
Şat güneşiň doguşyny buşlaryn,
Maňa gyzygy ýokdur özge ülkeleň,
Parhy ýokdur maňa bütin ýer şaryň.

Gussa batsaň, şat owaza öwrülip
Seniň gulagňa, çawuş çakaryn,
Süpürip ýollaryňdan ähli zatlary,
Seň önüňden güller bilen çykaryn.
 
Gurbanmämmet MEREDOW


65

11

3

5

0

0

2
Teswirler:
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->