Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Aşk akar aşik ýanar, aşkla aşik diýo kibritle mum misali, ýanan da biter ýakan da biter

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Wagtdan üzňe ýaşaýanlar
Premium
 Sebap [off]
 30.05.2025 / 09:54
 Lekum dinukum we liýe din

Kimi jomart, ýüregi ýuka, duýguçyl, mähirli bolsa, olaryň käbiri agras, sowukganly, ugurtapyjy bolýar. Ýene biri başlan işini soňuna çenli tamamlamagy halaýan hem bolsa, kimi başlan işini ýarty ýolda taşlaberýär. Aslynda bu häsiýet tötänden däl. Çünki durmuşda kynçylyk görüp, maksat goýup, şol maksada sary ýola düşen kişi, başlan işini ýarym ýalta etmez. Sebäbi bir işe başlanyňda oňa aňsatlyk bilen ýetmek bar, şeýle-de onuň her bir geçýän «damaryny» duýmak, bile ýaşamak bar…
Tanyş-bilişleriň arasynda “Men başlan işimi soňuna çenli ýerine ýetirip bilemok” diýýänleri gabat gelýär. Şu makalamda bu sorag bilen ýüzleşýän okyjylar üçin dürli edebiýatlary okap, umumy emele gelen düşünjelerim bilen paýlaşmagy makul bildim.
Bu sorag bilen ýüzleşýän adamlar ähli işe birden ýapyşýarlar. Bir işi hem soňuna çenli bitirip ýetişmänkä, başgasyny ýerine ýetirjek bolup, ala-hasyrdy bolup ýörendirler. Şeýlelikde, olar hut, özleri sebäpli şowsuzlyklara duçar bolýar. Näme üçin beýle bolýar? Tanymal psihoterapewtiň aýtmagyna görä, bu adamlar “wagtdan” üzňe ýaşaýarlar. Ylmy taýdan düşündireniňde, bu hili adamlaryň beýniniň huşsuz bölegi işjeň bölegi bilen “göreşýärler”. Geçmişinde bolup geçen bir ýakymsyz waka olaryň beýniniň seljeriş işjeňligine, logiki pikirlenmesine, islendik işe jogapkärli çemeleşmesine päsgel berýär. Muňa garamazdan, bu hili adamlar daş-töwerekdäki negatiw hadysalary özüne kabul etmeýärler.

Aýbölek ABDYRASULOWA,
«Watan» gazetiniň jemgyýetçilik we halkara gatnaşyklary bölüminiň redaktory.
Aýbölek Geldimyradowna Abdyrasulowa 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetini tamamlady. Pedagogika we edep-terbiýe


29

6

0

1

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Mekdebim


👍👍👍👍👍👍...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Mekdebim
Gunesh (Düýn, 23:46)

Mekdebim


Belki muna nahili baha bererka ya munyaly gosgyny 4 klasda yazdymyka...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Mekdebim
Watjik (Düýn, 23:41)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Talyplaar.com da okapdym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Ahmal (Düýn, 20:01)

Dünye (goşgy).!


Zakazam alyanmy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Alienus (Düýn, 18:33)

Dünye (goşgy).!


Aýdymyň sözlerini ýazansyň öýtdim ilki.. Her ýerden bir setir aldyňmy)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Aurora (Düýn, 16:20)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Turbo Tut-dan Jetour utaryn diýen umyt bilen içýän barmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Perhat_Sabirovv (Düýn, 16:00)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Baýramgylyç agam Rahman agaň mundan 4 5ýyl ozal Teleportasiýa diýip fantastik hekaýasy bardy şony hiç tapyp bilemok okamaga özünden hem sorasam m...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Düýn, 15:57)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Çagany öldürmegimiň sebäbi ol çaga ulanyp öz ejesi bilen kakasyny din tarapdan gysmalydy, Hudaý olara has mynasyp çaga ugratmakçy Allahym bize h...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Düýn, 15:55)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Soňam Arwahyň ar alýan gijesi dälde, Arwah gelýän gijesi eseriň ady...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Düýn, 15:46)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Eseri 1günüň içinde doly okap gutardym häli hem ýadymdan çykanok eserde bolýan wakalar göz öňümde janlanyp gidýärdi. Ogulsenem Taňňyýewanyň beýle...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Düýn, 15:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика