Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : Ol gyz meni şeýle bir söýdi welin, maňa garşy uruş yglan etdi. Bilýäňizmi näme üçin?! Maňa ýesir düşmek üçin! (Şekspir)

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Dostlugyň gadyry bilinse ýagşy
 Gytyndan
 Aixcam_nx [off]
 30.05.2025 / 21:51
 Raionymyn ovadanjasylai_nx

Dostlugyň gadyry bilinse ýagşy

Gözelleň waspyny ýazýarsyň şahyr
Näme üçin ýazmaýaň dostlaryň hakda
Yşkyň derýasynda ýüzýärsiň şahyr
Näme üçin ýazmaýaň dostlaryň hakda


Şatlygyňa şatlanyp gülküňe gülüp
Aglaňda aglaýan dostlaryň dälmi
Başyňa iş düşse sençe gyýylyp
Bagryny daglaýan dostlaryň dälmi


Hassa günüň hassa halyňy sorap
Dermanyn gözleýän dostlaryň dälmi
Gybatyň etseler mertebäň gorap
Tarypyň sözleýän dostlaryň dälmi


Myhman bolsaň saçak ýazyp öňüňde
Naz-nygmat getirýän dostlaryň dälmi
Hezzetläp,hormatlap başa täç edip
Sylagyň ýetirýän dostlaryň dälmi


Eger işiň düşüp barsaň ýanyna
Minnetsiz bitirýän dostlaryň dälmi
Durmuş ýodasyndan büdürän günüň
Goluňdan göterýän dostlaryň dälmiIň


ýakyn hossaryň ýakyn dostlaryň
Olar seň ugruňda bolýar jan serek
Eger sen olaryň gadryn bilmeseň
Olaň bar azaby bolar biderek


Gözelleň waspyny ýazýarsyň şahyr
Goý gözeller lezzet alsyn sözüňden
Ýöne gözelleriň waspyn ýazsaňam
Mähriban dostlaryň salma gözüňden


37

8

3

2

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 30.05.2025 / 22:00

+0

 Premium
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 30.05.2025 / 22:00

+0

Gowy eken yetirip dur


Gytyndan
Aixcam_nx  (30.05.2025 / 22:02) 

Sebap, saol jian


Premium
Sebap  (30.05.2025 / 22:02) 

Aixcam_nx,

 Premium
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 30.05.2025 / 22:01

+0

Awtory Kim munun?


Gytyndan
Aixcam_nx  (30.05.2025 / 22:02) 

Sebap, avtory yazyk dal eken


Premium
Sebap  (30.05.2025 / 22:04) 

Aixcam_nx, wi ha bolya

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Mekdebim


👍👍👍👍👍👍...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Mekdebim
Gunesh (Düýn, 23:46)

Mekdebim


Belki muna nahili baha bererka ya munyaly gosgyny 4 klasda yazdymyka...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Mekdebim
Watjik (Düýn, 23:41)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Talyplaar.com da okapdym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Ahmal (Düýn, 20:01)

Dünye (goşgy).!


Zakazam alyanmy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Alienus (Düýn, 18:33)

Dünye (goşgy).!


Aýdymyň sözlerini ýazansyň öýtdim ilki.. Her ýerden bir setir aldyňmy)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Aurora (Düýn, 16:20)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Turbo Tut-dan Jetour utaryn diýen umyt bilen içýän barmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Perhat_Sabirovv (Düýn, 16:00)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Baýramgylyç agam Rahman agaň mundan 4 5ýyl ozal Teleportasiýa diýip fantastik hekaýasy bardy şony hiç tapyp bilemok okamaga özünden hem sorasam m...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Düýn, 15:57)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Çagany öldürmegimiň sebäbi ol çaga ulanyp öz ejesi bilen kakasyny din tarapdan gysmalydy, Hudaý olara has mynasyp çaga ugratmakçy Allahym bize h...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Düýn, 15:55)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Soňam Arwahyň ar alýan gijesi dälde, Arwah gelýän gijesi eseriň ady...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Düýn, 15:46)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Eseri 1günüň içinde doly okap gutardym häli hem ýadymdan çykanok eserde bolýan wakalar göz öňümde janlanyp gidýärdi. Ogulsenem Taňňyýewanyň beýle...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Düýn, 15:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика