“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

Ýene sen ýene sen yadyma dusyan
 Täzeje
 Zehin [off]
 30.05.2025 / 23:12

Kalbym gussalardan ynja batanda,
Ýene sen,
          Ýene sen ýadyma düşýäň.
Günler ýaşyp erteler daň atanda.
Ýene sen,
          Ýene sen ýadyma düşýäň.


Bahar gelip gülläninde, erikler,
Güýz bedenin tireninde derekleň.
Birleşende iki juwan ýürekler,
Ýene sen,
          Ýene sen ýadyma düşýäň.

Wah, ýat gursun ýazyp otyr baryny,
Söýyändir herkimem mençe ýaryny.
Güýz sowlup, gyş sepende garyny,
Ýene sen,
          Ýene sen ýadyma düşýäň.


Aý görünip gökde, güneş batanda,
Ümsüm gijelere gulak asamda.
Ýagmyr ýagyp, ýyldrymlar çakanda,
Ýene sen,
          Ýene sen ýadyma düşýäň.

Duýgularma bilmänimde bäs gelip
Utup bilmän, utulsamda pes gelip,
Düýşürgäp oýansam käte tisginip,
Ýene sen,
          Ýene sen ýadyma düşýäň.



Gurbanmämmet MEREDOW.


48

4

0

2

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)

Hormatly ulanyjylar !


Meniñ őñki idim howa bolupdyr. Dereje premium we 33 manat pulum bardy olam gum boldy. Ay borla. Sabrly bolali...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
@menin_dunyam (31.08.2025 / 03:46)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Meniñă őz nikim gowy...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->