Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Maleficent : Ýüregi bilen baglanyşygy kesen adama tejribeli diýiler

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Akylly aýallar
Premium
 Sebap [off]
 01.06.2025 / 00:54
 Lekum dinukum we liýe din

Akylly aýallar näme üçin ýeke bolýar? Jogaby uzyn… emma erkekleriñ agalyk sürýän jemgyýetlerinde bu ýagdaý geñ görlenok. Bolaýmaly zat ýaly.
Telewizoryñ öñünden turmaýan, mediatiw refleksli jemgyýetimiziñ käbir erkekleri güýjüñ we häkimiýetiñ garşydaş jynsa geçende däliräre gelýär. Ýagny kemsinme duýgusyny başdan geçirýän ýaly… «Jennet eneleriñ aýagynyñ aşagynda» diýip, yzyndanam aýal-gyzy suwasalma ýençýän biçäreleriñ düşen näalaçlygy…
Erkek hemişe akylly aýaly gowy görýär, emma wagtyñ geçmegi bilen akyl-paýhas ýaryşynda ýeñilip gahary gelýär, öýkeleýär, aglaýar. Edil utulmagy inine siñdirip bilmeýän çaga kimin. Akylly aýallar erkekleriñ çaga astky beýinleriniñ ösmändigini bilýärler (ösmeýär, sebäbi olar dogurmaýarlar). Firmanyñ başlygy, ýolbaşçy, hatda premýer-minisyr bolaýanda-da, «aslynda» olaryñ hiç ulalmaýan çagadygyny ýatdan çykarmaýarlar we akyllary arkaly hemişe olaryñ isleýänini edýän ýaly hereket edip, öz kanunlaryny ýöredýärler. Biçäre erkek jylaw mydam özündedir öýdýär.
Akylly aýallary ýanynda saklamagy halaýan erkekler wagtyñ geçmegi bilen olardan gaçmagyñ ýoluny gözleýärler. Çünki aýal akyl-paýhasy bilen öñdeligi ele alýar. Erkek bolsa özüni bir zady kem ýaly we agalykdan mahrum bolan ýaly duýýad. Hem-ä akylly aýaly halaýar, hemem akylly aýaldan gorkýar we gaçýar. Başdan geçiren gatnaşygynyñ dowamynda ýanyndaky halaşýanlarynyñ akyl-paýhasyny mazamlaýarka, şol akyl özlerine garşy ulanylanda gahar-gazaba atlanýarlar we hatda gara güýje ýüz urýarlar. Şonuñ üçinem akylly aýallar hemişe ýeke bolýar.
Erkek ony aldaýandyryn öýdüp ýörkä, ol bireýýämden birinji sypalgasyny tapandyr. Hiç alñasamasy ýokdur. Çünki gorkup gaçmaz ýaly çuñluga sessiz inilýär. Muny tertipliligi halaýandyklary üçin edýärler. Maksatlary masgaralamak däl, özüne edilen haksyzlygy doly we dogry bilmek hukugyny gazanmakdyr. Ýaryp-ýarpy ýigrenji halamaýarlar. Olaryñ gazabyna mynasyp duşmanlar lazym…
Akylly aýallar hemme zadyny berýär we hemme zadyny alýar. Dert-aladasy boýundan aşyp gidenem bolsa, dem-düýtleri çykmaýar. Dillerinde puşeýmanlyk sözleri-de bolmaz. Özüne bolan sylaglaryna we aýak astyna düşürmedik mertebelerine eýe çykyp bilýärler. Gan gusup duran bolsalar, gyzyl şerbet içendiklerini aýdarlar.
Akylly aýallar erkeklerini başgalara ezdirmeýär. Özleri ezýär. Muny buýsançlaryny ynjytmazdan etmäge synanyşýarlar, ýöne ahyrynda hemişe nädogry hereket edýänem ýene şolar bolar. Olar ilki dymýarlar, soñra derñeýärlar, şondan soñam jogap berýärler. Dymanlarynda dilleriniñ daşyna tikenekli sim oraýarlar, gürlände-de ilki özleri aldanýarlar…
Akylly aýallaryñ «aýtmaga kän zatlarynyñ bardygy üçin dymyşlyklary-da uly bolýar. Akylly aýallar özüni ezdirmeýär. Akylly aýallar akmaksyramaýar. Akylly aýallar haksyzlyk etmeýär. Akylly aýallar ýalandan iş etmeýär. Akylly aýallar aşyk bolanda-da akyllydyr. Şonuñ üçinem olar hemişe ýeke galýarlar.
Kahraman TÄZEOGLY.

Terjime eden: Has TÜRKMEN. Oýlanmalar


34

7

0

1

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Mekdebim


👍👍👍👍👍👍...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Mekdebim
Gunesh (Düýn, 23:46)

Mekdebim


Belki muna nahili baha bererka ya munyaly gosgyny 4 klasda yazdymyka...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Mekdebim
Watjik (Düýn, 23:41)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Talyplaar.com da okapdym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Ahmal (Düýn, 20:01)

Dünye (goşgy).!


Zakazam alyanmy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Alienus (Düýn, 18:33)

Dünye (goşgy).!


Aýdymyň sözlerini ýazansyň öýtdim ilki.. Her ýerden bir setir aldyňmy)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Aurora (Düýn, 16:20)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Turbo Tut-dan Jetour utaryn diýen umyt bilen içýän barmy?...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Perhat_Sabirovv (Düýn, 16:00)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Baýramgylyç agam Rahman agaň mundan 4 5ýyl ozal Teleportasiýa diýip fantastik hekaýasy bardy şony hiç tapyp bilemok okamaga özünden hem sorasam m...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Düýn, 15:57)

KESMEÝÄN GYLYÇ


Çagany öldürmegimiň sebäbi ol çaga ulanyp öz ejesi bilen kakasyny din tarapdan gysmalydy, Hudaý olara has mynasyp çaga ugratmakçy Allahym bize h...dowamy...
Erkin mowzuklar | KESMEÝÄN GYLYÇ
Perhat_Sabirovv (Düýn, 15:55)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Soňam Arwahyň ar alýan gijesi dälde, Arwah gelýän gijesi eseriň ady...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Düýn, 15:46)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Eseri 1günüň içinde doly okap gutardym häli hem ýadymdan çykanok eserde bolýan wakalar göz öňümde janlanyp gidýärdi. Ogulsenem Taňňyýewanyň beýle...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Perhat_Sabirovv (Düýn, 15:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика