Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : GÜLE KÖP SUW BERSEN GURAÝA ADAMA ARTYKMAÇ HORMAT DOYSAŇ ÜÝTGEÝA //BAÝOGUL.
Ajy yylgyrys
Gerekli Sasiyona [off] 10.06.2025 / 06:40 Bizimde yukumuz ağirdi ama kimseye geltaşı demedik
On bir ýyl ozaldy.
Golumdan tutup,
Buýsanç bilen getiripdi mekdebe.
Alan bahalarmyň muzduny berip,
Gündeligme gol çekerdi hepdede.
Ýöne olam uzak wagta çekmedi...
(Nätjek, kanuny ol goja dünýäniň).
Meniň bar gaýgymy zym-zyýat etdi,
Birje ýylgyryşy mährem käbämiň.
Mekdebe gatnardym, geçýärdi günler,
Kalbym torba deýin çekýärdi derdi.
Kä deň-duş oglanlar dädesi hakda
Gürrüň etse, ýürek jigläp giderdi.
Onsoň olar duýdular-da halymy,
Bu gürrüňleň arasyny kesdiler.
Içimde gizledim ahy-zarymy,
Onsuzam, ejemiň duýşy besdi-le!
...Soňky jaň.
Hemmeleň ýüzünde şatlyk,
Gülki-şagalaňlar galdy asmana.
Göwnüme dädem jan geläýjek ýaly,
Uçurym ogluny bagra basmana.
Men ömürlik çaga bolmaga razy,
Şol döwürler bir yzyna dolansa.
Ajy ýylgyryşly hiç ýylgyrmazdym,
Eger dädem meň ýanymda bolanda...
Medet MEDEDOW
2021
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Özüňi tana
Burgut yylan duye diyenler aldap otyrsynyz. Sunda asla burgut yylan we beylekiler cykma mumkinciligi yok. Sebabi 3 e kopeldilyar. Matematikanyn...
dowamy...
Ýokaryk