Gysgajyk rowaýatlar.

Pearl [off]
10.06.2025 / 19:28
Bir dana balagyny çermäp, palçykly ýol bilen seresaply ýöräp barýar eken.
Muña garamazdan, typyp laýa ýykylypdyr.
Üsti-başy palçyk bolupdyr.
Ondan soň dana batgaň içinden arkaýyn ýöräp barşyna gözýäş döküp, şeýle diýipdir:
- Ine,günä etmezden ozal, günälerden gaça durýan adamyň haly şeýle.
Bir gezek, iki gezek...Günä edip başlansoň, günä laýyna ýykylansoň, günäň içinden arkaýyn ýörär.
*****
Bir gezek bir millionerden onuň üstünlik gazanmagynyň syryny sorapdyrlar.
- Meniň syrym - sabyrlylykdyr.
+ Emma sabyrlylyk bilen alyp bolmajak birnäçe ýagdaýlary mysal getirip bolýar - diýip onuň söhbetdeşi jogap beripdir.
- Meselem?
+ Hm, meselem, elekde suw daşamagy alaly.
- Ýok, siz ýalňyşýarsyňyz - diýip millioner garşylyk görkezipdir, - munuň üçin diňe elegi alyp gyşyň gelerine garaşmak ýeterlikdir.
*****
Ibrahim Edhem hezretlerine bir adam bir mukdar pul sowgat bermek isläpdir .
Ol berjek bolýan adama: "Men diňe baýyň berenini alýaryn. Garybyň berdigini alyp biljek däl ." diýipdir. Adam:
"Men gaty baýdyryn" diýipdir. "Näçe altynyň, näçe baýlagyň bar?" diýip sorapdyr. "İki müň altynym bar, malym mülküm hem kändir:
-Altynlaryň dört müň bolmasyny islärdiňmi? -Elbetde islärin.
-Bolýa, sekiz müň bolmasyny isläýäňmi? -Islärin.
-Ýagny näçe köp bolsa şondada has köp bolmasyny isleýäň şeýle dämi?
-Howa
-Hany sen baýdyň? Hakykatda bolsa sen gaty garyp adam ekeniň. Baý bolan bolsadyň has köpüne mätäç bolmazdyň. Git bulary hem, o altyn pullaryň üstüne goý, altynlaryň kemelmesin" diýipdir.
*****
Abdylla ibn Mübärek bir kerwene daklyşyp, haja ugrapdyr. Ýolda ol zir-zibiliň arasyndan öli gargany alyp duran zenana gözi kaklyşypdyr. Baryp, onuň halyndan habar alypdyr. Haj niýeti bilen ýola çykan hem bolsa, ýanynda bolan ähli zadyny oňa beripdir. Özi bolsa yzyna dolanypdyr. Öýüne gelende ol agşam ýatandan soň düýş görüpdir. Düýşünde oňa “Hajyň mübärek. Yhlasyň ýerine düşen. Günäň ötülen!” diýipdirler. Garyp hem bolsalar, özlerine dözüp, özgelere ýardam edýän adamlar Allatagalanyň dergähinde hormatly bendelerdir.
(Arhiwden).
✏ @Erkin 21.01.2019 / 06:15:38. .
![]() 112 |
![]() 19 |
![]() 4 |
![]() 4 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 0 |
Teswirler:
Soňky teswirler
Hormatly ulanyjylar !
Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)