Parasatly pikirler.

Pearl [off]
11.06.2025 / 19:57
Adama bagtly bolmagy öwretmek mümkin däl, ýöne ony bagytly bolmak üçin terbiýelemek welin mümkin.
A.Makarenko
*****
Namys elden giderilmeýär-de, ýitirilýär.
A.Çehow
*****
Biziň ilkinji öwrenmeli sapagymyz - puluň özüniň erbetligiň alamaty däldigidir.
Pul ýöne bir guraldyr. Meselem, galam ýaly. Galamy ajaýyp söýgi hatyny ýazmak üçin hem, adamy işden kowdurjak arza - şikaýaty ýazmak üçin hem ulanyp bolar.
Galamy ýasanlarynda, ol hat ýazmak üçin hem, göze dürtülmek üçin hem oňaýly şekile gelipdir.
Esasy mesele galamy ýa puly elinde saklaýan adamyň pikirlerinde we motiwasiýasyndadyr.
Robert Kiýosaki
*****
Şekispir aýdypdyr :
- Men mydama özümi bagtly duýýan, sen bilýäňmi näme üçin beýle ? Sebäbi men hiç kimden hiç zada garaşamok. Başgadan bir zada garaşmak—agyrly yza ...
Ömür gysga.
Şonuň üçin durmuşyňy söý, bagtly ýaşa, ýylgyr.
Geplemezden öň diňle, ýazmazdan öň pikir et. Sowmazdan öňürti gazan, birine yza bermezden öň özüň çekip gör.
Ýigrenmezden öňürti söý.
Ölmezden öň ýaşa.
*****
Allahyň Resuly (s.a.w): — Dünýä melgundyr.
Her kim Allatagalanyň permanyny terk edip, melgun dünýä meşgul bolsa, ol hem melgun bolar – diýip aýtdy.
*****
Allanyň pygamberi (s.a.w )aýtdy :
— Bir kişi jenneti arzuw etse, ol kişi, bäş zady berjaý etsin.
1. Höwes we niýet etsin.
2. Allatagalanyň beren ryzkyna razy bolsun.
3. Allatagalanyň ybadatyna yhlasly bolsun.
4. Ylmy bilen arassa we takwalyk bilen meşgul bolsun.
Olaryň bereketinden sagadat bolar.
5. Dilege we ýalbarmaklyga meşgul bolsun.
Allahdan ýalkaw we rehmet sorasyn.
*****
Hezreti Omar :
— Eý jemagatlar, owal edep öwreniň, ondan soň ylym okaň.
Edep ylymdan belent durýar, çünki edepsiz ylym okasaňyz ol ylymdan peýda hasyl bolmaz.
Eger kişi sopylyk edebini bilmese, hergiz derejeli bolup bilmez. Çünki bendäni tagaty we ybadaty jennete dartar.
Bendäniň edebi bolsa Haktagala dartar – diýdi. Bu ýerden edebiň tagat we ybadatdan güýçli ekenligi mälim boldy..
(Arhiwden). ✏ @Erkin
20.01.2019 / 07:03:08.
![]() 109 |
![]() 12 |
![]() 2 |
![]() 6 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 0 |
Teswirler:
Soňky teswirler
Hormatly ulanyjylar !
Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)