Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Bashyñy ýüregime ýaplap ýatanyñda, ýekeje dushmanym bardy:geçip barýan wagt..!
DEGISME 2
Gerekli Sasiyona [off] 14.06.2025 / 09:37 Bizimde yukumuz ağirdi ama kimseye geltaşı demedik
. Aýaly:
👩-Ezizim sen meniň doglan günine näme sowgat etjek?
👨-Aýnadan seret köçede gara Mersedes görýäňmi?
Aýaly begenip:
👩-Hawa ezizim
👨 -Edil şouň ýaly gara reňkde kolgotga alyp berjek...
###
Gaişnik ölýär ondan sorag edýärler:
- Sen adamlara ýagşylyk etdiňmi?
👮♂️+ Aý hawa, eden ýerlerim boldy.
- Ýamanlygam etdiňmi?
👮♂️+ Aý hawa, olar ýaly ýagdaýlaram boldy.
- Onda saňa iki ýol bar, biri jendete, biri dowzaha gitýär, saýla
👮♂️+ Men çatyrykda galsam bolýarmy😆😂
###
Patyşya bir goşgy ýazyp, wezir-wekillerine okap berýär. Olar goşga uly baha berýärler. Olaryň arasynda Ependem bar eken. Patyşa oňa garap:
- Ýeri ependi nähili bolupdyr? diýýär. Ependi:
+Şu ýaşa ýetip şundan biderek goşgyny eşidip göremok -diýýar. Patyşaň gahary gelip Ependini zyndana taşlamagy buýrýar. Bir hepde-den Patyşa täze goşgy ýazyp, Ependini zyndandan çykaryp okap berýär. Patyşa:
-Indi nähili bolupdyr? diýýär.
Ependi hiç zat diýmän yzyna öwrülip ýöräp başlaýar. Patyşa geň galyp:
- Nirä?- diýip soraýar. Ependi:
+ Zyndana diýip jogap berýär.
###
Ömrüni obada geçiren ýaşuly şäherdäki bir dostunyň jynazasyna gitýär. Geleninden soň şäheri birinji gezek görýän ýaşuly sakaldaşlaryna şäheri gürrüň berýär:
- O ýerleri gaty ösen hatda mazarystanyň içiniň ýollaram aswalt, güller ekilen, çyralar bar. O mazarlary görseň ölesiň gelýär.
###
Başlyk offisiniň oňünde "MEN ŞU ÝERDE BAŞLYK, DIŇE MENIŇ AÝDANYM BOLAR" diýen tagtany asyp gidýär.
Soňurrak gelip görse tagta ýok, garawulundan soraýar:
-Tagta nirede?
+Başlyk ýaňy aýalyňyz gelip alyp gitdi we ýene-de meň zadyma degse öldirerin diýdi.😂
###
Bäbekhanada 2 sany aýal gürleşip otyr.
- Agy menä şu gezek oglanjyga garaşýan.
+ Agy menem şu gezek ekizler diýdiler menem şolara garaşýan.
Bularyň ýanynda 5 ýaşlyja gyzjagaz bar eken. Olam bularyň gepini diňläp duran eken. Soňra ol gyzjagaz ejesi bilen gaýtmak üçin duralga gelipdirler. Duralganyň gapdalynda garynlak epeý adam duran eken, gyzjagaz bu daýa haýran galyp, ýanyna baryp:
- Daýy siz nämä garaşýarsyňyz? - diýip sorapdyr.
Daýy hem:
+ Awtobusa garaşýan gyzym awtobusa -diýipdir.
###
Polisiýa bir ogryny kowalaýamyş. Ogry hem ondan gaçyp, 16-njy etažyň ýokarsyna çykýar. Polisiýa hem onuň yzy bilen ýokaryk çykýar. Ogry aljyrap özüni 16-njy etaždan oklaýar. Ogry asmanda gaýyp gelýärkä uly gykylyk edip gygyrýamyş:
-Heý, adamlar, tutuň ogryny! Men ogry! Tutuň meni, sypdyrmaň!
###
Bir däli sowukda üşäp nädip ýylanjagyny bilmän baryp biriniň saman saraýny otlapdyr. Bütin halk ody öçürmäne ylgap gelip başlapdyr. Bu däli hem gaharlanyp:
👤-Bulara seret ýakmaly bolsa birem gelip kömek edesi gelenok, ýylanmaly bolsa bary ylgaşýar🥴🤣😂🤦🏻
###
Bir adam ölim ýassygynda ýatyrka aýalyna ýüzlenýär:
🧔🏻♂️-Keýwany iň owadan köýnegiňi geý! Iň owadan ýalygyňy dakyn! Iň gymmat duhyňy sepin!
👩🏻-Gywww dällirediňmi?! Sen şu ýagadaýda men nähili geýineýin.
🧔🏻♂️- Sen et diýenimi et belki Ezraýyl begenip meniň ýerime seni alyp gider. 🤣🤣
###
Angliýada bir türkmen otelde resepşnde oturan iňlise iňlisçeläp bir zat diýýämiş: tu ti tu tu tu diýip. Iňlisem, sorry I don't undertasnd (bagyşlaň, düşünmedim) diýýämiş. Türkmen ýene - tu ti tu tu tu diýip gaýtalaýa diýä. Inlis - oh sorry i dont understand (bagyşlaň, düşünemok) diýip dur diýýä. Türkmen: -aý nähili adam ekeniňaý, 22-nji otaga iki sany çaý getir diýänow (two tea to 22) diýipdir.😂😂🤦🏻♂️
Teswirler:
Täzeje Gulum [off] BMW❤ 14.06.2025 / 11:38+0
Öwreniji Hanogul [off] 👍👍👍👍👍👍 14.06.2025 / 12:04+0Mlds
GerekliSasiyona (14.06.2025 / 12:08) Hanogul, sps
Soňky teswirler
Ýokaryk