Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
yurekdes : Будь как погода, ей абсолютно плевать нравится она кому-то или нет

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Degismeler dunyasi
 Gerekli
 Sasiyona [off]
 Düýn, 09:55
 Bizimde yukumuz ağirdi ama kimseye geltaşı demedik

Bir GAI-ni maşyn geçmeyän ýere ýola goýupdyrlar. Onsoň yaňky GAI 3 sagat durýa maşyn geçenok. 5 sagat durýa maşyn geçenok. Ahyr bir gara aýnalary Prada gelyä welin muny GAI görüp, ylgap saklapdyr.
Olam aýnany çalaja açypdyrda 100$ uzadyp gidipdir. Ertesi gün ýene-de şol maşyn, şol adam aýnany öňki ýaly açyp 100$ uzadyp gidipdir. Bu günde gaýtalap 100$ uzadyp gidip dur diýýä. Bir gün ýaňky Prada görünmän başlaýa. 1 gün bolýa gelenok, 1 hepde bolýa gelenok, şeýdip 1 aýlap görünmändir. Bu GAI ýaman gaýgylanýa:
👮 - Muňa näme boldyka. Näme üçin gelenok. Hiç beýle etmezdi.
Ýanky Prada bir aýdan soň görünipdir welin GAI muny ylgap saklapdyr. Ýene-de şol öňkisi ýaly aýnany açyp 100$ uzadyp gitjek bolupdyr welin GAI:
👮 - Dur dos! Dur! Ýekeje minut! Näme üçin bir aýlap görunmediň? Nirede boldyň saglykmy? Seni gaty alada etdim. Olam:
- Aý howwalaý saglyk Awaza keýp etmäne gitdimlaý
GAI muňa gahary gelip:
👮♂️ - Aý dos nahili adamaý sen! Näme meniň puluma keýp edip ýörsüňlaý! Menem gidemoga şu taýdan saňa garaşyp, beýtmedä how
😂😂😂
Bir ker adam bir näsagy soramaga gidipdir. Ol gidip barýarka ýolda içinden: «Men bir ker adam. Näsagyň näme diýenini eşitmen. Ine, men baryp: «Pylany ýagşymysyň?» diýerin. Olam elbetde: «Ýagşydyryn» diýer. Garaz, ol näme diýse: «Örän oňat» diýibereýin» diýip, pikir edipdir.

Ker adam näsagyň ýanyna baryp:
♂️— Ýeri, ýagşy bolýarsyňmy? – diýipdir.
Näsag:
🙎— Aga, hiç hezilim ýok – diýip, jogap berýär. Onda ker:
♂️— Örän oňat – diýýär.

Birnäçe wagtdan soň ker ýene-de sorapdyr:
♂️— Işdäň barmy?

Näsag aýdypdyr:
🙎— Işdäm zat alanok.

Kerem öz gezeginde:
♂️— Örän oňat – diýýär.

Ker ýene sorapdyr:
♂️— Iýip-içýän zadyň bir barmy?

Onuň soragyna näsagyñ gahary gelip, indi bir eşitsin diýip, keriň gulagyna gygyrypdyr:
🙎— Işdäm almasa, belaň sapyny iýeýinmi?

Onuň sözleri keriň gulagyna: «Paltaň sapyny iýýärin» diýen ýaly bolup eşidilipdir. Ol:
♂️— Dişiňe gaty bolmasa, paltaň sapyny iýseňem, örän oňat bolar – diýipdir
😂😂😂
Gysdagly jenaýat ýere baran iki polisiýa rassiýadan habar berýär:
👮♂️ - Jenaýat ýere geldik komandir.
✈️ - Howwa nähili bolupdyr?
👮♂️ - Bir aýal ýaňy süpüren koridoryny entek guramanka, aýakgaply basan ýoldaşyny öldüripdir.
✈️ - Aýaly tutdyňyzmy onsoň?
👮♂️ - Ýok Komandir, biz gapyň agzynda garaşyp durus.
✈️ - O näme üçin?
👮♂️ - Sebäbi koridor entegem guramandyr
😂😂😂
Bir ak sakally molla ýaşuly poýuzda 3 sany ýaş oglan bilen ýoldaş bolýar. Ýaş oglanlar kart oýnamana başlaýa, ýaşuly bolsa ýerine geçip ýatyr diýýä Giçlik turup görse oglanlar häzirem kartda gidişip otyrlar diýýä. Onsoň ýaşuly bulara:
♂️ - Ýigitler mena ýatjak. Siz daňa çenli ýatmajak bolsaňyz, meni daňdan sagat 6-yň ýarynda oýaryň ertir namaza turmaly gaýrat ediň.
- Bolýa ýaşuly arkaýyn ýatyber sen, özümiz turuzaýarys.
Bu oglanlar agşamsy bilen kart oýnap oturan, bir bezzatlyk edesleri gelýä diýýä welin biri aýtýa:
- Dawaý kim indi utulsa ýaşulyň sakalyny syrmaly edýäs.
- Bolýa
👨 - Bolýa
Içlerinden biri utulupdyr we ýaşulyň sakalyny tep tekiz, edil sakal bolmadyk ýaly edip syrypdyr. Namaz wagtam golaýlapdyr. Ýaşulyny turuzypdyrlar. Ýaşuly turup tähret almana hajathana girýärem welin aýnadan özüni görüp geň galyp seredip dur diýýä. Durup, durup, pikirlenip näme bolanyna düşünmän duran ýaşuly:
- Bu haramzadalar meň ýerime başga birini turuzypdyrlar öýtýän
😂😂😂
Ay bir garry adam abtobusa münipdrda,
Otrmana ýer yok yok vln otran bir ýaş oglanlaň birine aýtya diyya
👴: ýer Beray oğlum
👦: name cxün ?
👴: bilim agyrýa mnm sn yalykam øzimdn ulylara ýer beryadim
👦: biliň nam cxun agryanyny bilýaňmi ?
👴: name cxun ?
👦: snm mn ýalykaň øziňdn ulylara ýer beriniň cxün diyen bolya diýýa
😂😂😂
Birinin aýaklary erbet yslanardy. Bir gün dostuna bileje teatra gitmegi teklip etdi.
- Bolýar dost. Yöne öyüñe gitde aýagyñy gowuja ýuwda, joraplaryñam çalsyp gel.
Teatra gitdiler. Yerlerine geçdiler. Bäs-on minut geçip geçmänkä gapdalyndakylar burunlaryny tutup basladylar.
- Hany joraplaryñy çalsyryp geljekdiñ?!
- Ynanaý, çalysdym. Belki ynanmarsyn diýip öñki hapa joraplarymada ýanym bilen alyp geldim
😂😂😂
Uc sany tussagy sud edyamishin sudyada ors eken yanky uc tussag oz aralarynda gurrin edyamishinler velin sudya yankylan birine elini uzadyp
-ne baltay diyipdir yankylar begenya diyyan erkegey mana alty ay berdi diyip. Beyleki ikisem lakgyllap bashlapdyrlar bizede alty ay bermezmika diyip.Sudya pahyr yene cydan daldirda beylekisine elini uzadyp
-neponyal? Diyseyanky ikisinin zahresi yarylypdyr yopdy 10 ýyl berdi diyip ucinjileri gorkup gacyp bashlapdyr mana bir 10 yyl beraymesin diyip sudya gacyp baryany gorip yerinden turyada
-nazaaaaaad diyip gygyrypdyrda yanky gacyp baryan gorgili: "-erkegey men azat diyip gygyryamyshyn."
😂😂😂Bir özbek, fransuz we Ýewrey bir bina gurmaga başlaýarlar. Binany birnaçe günde gurýalar, ertesi gelip görseler bina tekiz, ýykylypdyr. Özbek:
-Waýý gitdi, şiferlerim gitdi -diýip aglap bashlayar.
Gapdalyndanam fransuz:
-Waýý gitdi, kerpiçlerim gitdi -diyip bulam aglayar. Beýlesindenem Ýewrey:
-Entaägem sement goşmandyryn, ýogsam menem ubitka duşjek ekenim


32

12

1

3

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 Düýn, 10:04

+0


Gerekli
Sasiyona  (Düýn, 10:31) 

BAYOGUL, Esek gulin acyldymy


Premium
BAYOGUL [on] (Düýn, 11:43) 

Sasiyona, howwa

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gyzlar size degisli


gyz soyer, oglan ejesini bashga gyza guda ugradar soyen gyzam gelen guda berler we sheydip gyz yurek agyrydan........dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzlar size degisli
Diamante (Düýn, 22:18)

Gyzlar size degisli


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzlar size degisli
Aixcam_nx (Düýn, 20:22)

Gyzlar size degisli


Bolýar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzlar size degisli
Maleficent (Düýn, 18:00)

Garaňkyny aý ýeňer, ýadawlygy çaý ýeňer


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Garaňkyny aý ýeňer, ýadawlygy çaý ýeňer
Sasiyona (Düýn, 17:48)

Gülme goňşyňa...


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gülme goňşyňa...
Sasiyona (Düýn, 17:47)

Ýüregim bar


Gowy ekeni...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýüregim bar
BAYOGUL (Düýn, 17:11)

Adamyň geň häsiýetleri(Çuň manyly owutler)


Birinji like menden...dowamy...
Erkin mowzuklar | Adamyň geň häsiýetleri(Çuň manyly owutler)
BAYOGUL (Düýn, 17:10)

Gyzlar size degisli


Oglanlar okamak bolonokmy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzlar size degisli
BAYOGUL (Düýn, 17:10)

Gyzlar size degisli


Shahyrmy sen dogan...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzlar size degisli
Arsi (Düýn, 15:54)

Gyzlar size degisli


puhahaha...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzlar size degisli
Arabchik (Düýn, 15:46)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика