Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : Seniň üçin ölmek bolsa ykbalym Ykbalymyň ellerinden ogşaryn...

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gülme goňşyňa...
 Betinden
 Sebap [off]
 Düýn, 00:30
 Lekum dinukum we liýe din

Gadym eýýamda bir tilkijik bar eken. Bu tilkijik güýz günleriniň birinde aw gözläp ýörkä, gapana düşüpdir. Tilki gapandan sypjak bolup hernäçe urunsa-da, hiç sypyp bilmändir. Birnäçe wagtdan soň, awçy gelip tilkini gapandan sypdyrypdyr. Tilki öz-özüne: «Bu adam indi meni boşatsa gerek» diýip, pikir edip durka, awçy tilkiniň guýrugyna ýüp dakypdyr-da, arkasyna alyp gidiberipdir. Şol barşyna tilki guýrugyny ýolup gaçyp gidipdir. Şol gaçyp barşyna bu tilkijik bir süri tilkiniň üstünden barypdyr. Sürüdäki tilkiler bujagaz tilkiniň guýrugynyň jontaryp durşuna gülşüpdirler. Her näme-de bolsa bu tilkijik olaryň gülkülerine öwrenişip, olar bilen ýaşaberipdir. Şeýlelikde, ýaňky tilkiler bujagaz tilkä «Jotda tilki» diýip at goýupdyrlar.
Günleriň bir gününde jotda tilki ýoldaşlaryna garap:
– Dostlar, geliň, gurt oýnuny oýnalyň! − diýipdir.
Onda tilkiler:
− Gurt oýny diýýäniň näme? Ol oýun nähili oýun bolýar? Ol oýny nädip oýnamaly? − diýip sorapdyrlar.
Jotda tilki bolsa:
− Bu örän gyzykly oýun. Ýöne sizden: «Bu oýny kimden öwrendiňiz?» diýip sorasalar, meniň adymy berersiňiz. Men bolsa häzir size bu oýny öwredeýin − diýipdir.
Ol tilkileriň guýruklarynyň düýbünden ýüp bilen pugta daňyp, olaryň hemmesini bir agaja baglap çykypdyr. Soňra jotda tilki:
– Men daş-töweregi gözden geçireýin, birden awçylar bolaýmasyn – diýip, depä garşy ugrapdyr. Ol depä çykyp, töweregine seredipdir-de, birdenem:
− Haý, gaçaweriň, dostlar! Bir mergen atly ýetip gelýär − diýip, sesiniň ýetdiginden gygyryp, özi hem bir tarapa gaçan bolupdyr.
Agaja baglanan tilkiler «Mergen gelýär» sesini eşidenden biri-birinden öň gaçjak bolup, urunmaga başlapdyrlar. Şol barmana aňsatlyk bilen sypyp bilmejeklerine gözi ýeten tilkileriň hemmesi guýruklaryny ýolup, tokaýa tarap ökjäni göteripdirler.
Şondan soň bu tilkiler hem jotda bolup galypdyrlar. Bu wakadan birnäçe gün geçenden soň, şol jotda tilkijik bularyň ýanyna gelip:
– «Gülme goňşyňa, geler başyňa», «Köp gülen bir aglar» diýlenine indi düşündiňizmi? – diýip, olara gyjalat beripdir.


49

13

3

7

1

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Highlander [off]
  SOYEN SOYULMEZ,SOYULEN GADRYNY BILMEZ!!
 Düýn, 04:28

+0

3nji like mndn onda


Betinden
Sebap  (Düýn, 07:49) 

Highlander, Aha sagbol

 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 Düýn, 07:48

+0

Menden 4 nji like


Betinden
Sebap  (Düýn, 07:50) 

BAYOGUL, sagbol

 Gerekli
 Sasiyona [off]
  Bizimde yukumuz ağirdi ama kimseye geltaşı demedik
 Düýn, 17:47

+0


Betinden
Sebap  (Düýn, 22:00) 

Sasiyona, aha

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýüregim bar


Galamyñ ujy ÿiti bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýüregim bar
@menin_dunyam (Şugün, 00:40)

Gyzlar size degisli


gyz soyer, oglan ejesini bashga gyza guda ugradar soyen gyzam gelen guda berler we sheydip gyz yurek agyrydan........dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzlar size degisli
Diamante (Düýn, 22:18)

Gyzlar size degisli


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzlar size degisli
Aixcam_nx (Düýn, 20:22)

Gyzlar size degisli


Bolýar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzlar size degisli
Maleficent (Düýn, 18:00)

Garaňkyny aý ýeňer, ýadawlygy çaý ýeňer


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Garaňkyny aý ýeňer, ýadawlygy çaý ýeňer
Sasiyona (Düýn, 17:48)

Gülme goňşyňa...


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gülme goňşyňa...
Sasiyona (Düýn, 17:47)

Ýüregim bar


Gowy ekeni...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýüregim bar
BAYOGUL (Düýn, 17:11)

Adamyň geň häsiýetleri(Çuň manyly owutler)


Birinji like menden...dowamy...
Erkin mowzuklar | Adamyň geň häsiýetleri(Çuň manyly owutler)
BAYOGUL (Düýn, 17:10)

Gyzlar size degisli


Oglanlar okamak bolonokmy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzlar size degisli
BAYOGUL (Düýn, 17:10)

Gyzlar size degisli


Shahyrmy sen dogan...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzlar size degisli
Arsi (Düýn, 15:54)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика