Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Prenses : Kim kime zar, km kimden bizar ... Mahrish

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Towşan ýylynda doglanlar🐇
 Gerekli
 Sasiyona [off]
 16.06.2025 / 10:39
 Bizimde yukumuz ağirdi ama kimseye geltaşı demedik

Towşan ýyly müçe ýyl hasabyna görä on iki ýylyň dördünjisi. Towşan ýylynda doglulanalar örän özboluşly, ukyply, hem-de gedemiräk adamlardyr. Olar salykatly, ak göwün we hoşgylaw. Her bir zada oňat düşünýär, hemmeler öňa haýran galýar hem-de ynanýar. Gowy gepleşmegi başarýarlar, özüni we töweregindäkileri hormatlamagy başarýar. Ýöne olarda bir ýetmezçilik bar, ol hem ýüzleklik, hatda bu adamlardaky iň oňat sypatlar-da ýüzleklik häsiýetlidir. Mundanda daşary gybat etmäni gowy görýärler, özem gybat edip oturýandyr welin, töweregindäkiler munuň şeýledigini duýmazlaram. Köpçüligi ýagşy görýärler, ony-da köpçülik halaýar. Olaryň aňsat gaharyny getirjek gümänyň ýok, mydama arkaýyn we parahat. Köňülleri ejiz, sähel zada ýüregi ýukalyk edýär, onsaňam başgalaryň başyna düşen iş üçin doňýüreklik etse-de, özüne gezek gelende örän ýüregi ejiz. Sähel zat üçin ýarym-ýaş bolup aglap, durmuşuny bozjak, biynjalyk etjek bolsa, täze zady ornaşdyrmaga garşy bolýarlar. Durmuşda bolelinlige, arkaýynlyga höwes edýärler.

Ilki “Ýedi ölçäp, bir kesýänlerden”, herki zadyň “boljak”, “bolmajakdygyny” ölçerip görmän işe başlamaýarlar. Örän işjeň adamlar, ak ýürekli zähmet çekýärler, tertip-düzgüni, kada-kanuny berk berjaý edýärler. Pula gezek gelende elleri düşümli, işine ezber. Bähbit görjek bolsa, almak-goýmak, söwda işlerini şolara tabşyraýmaly. Ökde töwellaçy we araçy bolup bilýärler, dawany çözmäne gabyl, hyzmat etmegi başarýarlar. Bu ýylda dogulanlar mylakatly, söýen, halan adamlarynyň göwnüni tapmagy başarýar, dostlary üçin öýünden-ilinden geçmäge taýýar.

Resmiligi aňyrýany bilen başarsa-da, bilimi juda zor däl. Duýgur, nirede näme bähbit bardygyny ýüregi bilen syzýan ýaly bilýär.

Towşanýylynda doglanlaryň durmuşy nähili bolýar?
Durmuşy ähli döwürlerde parahat geçer. Birden bir garaşylmadyk, adatdan daşary ýagdaý ýüze çykaýmasa durmuşy özakymyna birsydyrgyn gider.

Towşan ýylynda dogulanlara haýsy ýylda dogulanlar bilen nikalaşsa makul bilinýär?
Durmuş gurmak üçin olar 🐑 Goýun, 🐷 Doňuz ýa-da 🐶 It ýylynda dogulanlar bilen nikalaşsa göwnemakul. Luw ýylynda dogulanlar bilen goşulyşmak amatsyz. Syçan ýa-da towuk ýylynda dogulanlar bilen durmuş gursa bagtly bolmaz.

Towşan ýyllary haýsy ýyllar?
Towşan ýyly: 1963, 1975, 1987, 1999, 2011, 2023, 2035, 2047, 2059, 2071, 2083, 2095 ýyllar.


22

5

0

1

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Menem kem galmayyn


Adam tarapyndan yekeje gezek ejizlenip gordim sondan son dusundim barzada😣...dowamy...
Erkin mowzuklar | Menem kem galmayyn
Aixcam_nx (Şugün, 14:10)

Hokman okañ


Entek bu dunyede hic bir adam zat Onca gazanmandy Hakyñ Emma--- wepasyn gorkertmek ucin Resulula beren synagna bakyñ Allañ gababydyr öýdup dushun...dowamy...
Umumy | Hokman okañ
Bayradot (Şugün, 13:55)

Enäniň şanyna


Enelerimiz yerini tutup biljek yok. Sonun ucin sahyrlarymyz hem in kop ejelerimiz, enelerimiz barada şygyrlary bar...dowamy...
Umumy | Enäniň şanyna
Sebap (Şugün, 13:49)

Enäniň şanyna


...dowamy...
Umumy | Enäniň şanyna
Sebap (Şugün, 13:47)

"Söýgi näme" goşgy


Ay soygi.........dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Söýgi näme" goşgy
Sebap (Şugün, 13:43)

Menem kem galmayyn


Sen ony edip bilmersin, basarmarsyn-diyen sozlem...dowamy...
Erkin mowzuklar | Menem kem galmayyn
Sebap (Şugün, 13:39)

Menem kem galmayyn


Adam-entek yok sebabi men yurekde erbet tasir galdyrar derejede hicbir adamy ozime yakyn tutmadym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Menem kem galmayyn
Sebap (Şugün, 13:38)

Menem kem galmayyn


Sungurlar bilen Çukur kino yeri bar yone erbet dal...dowamy...
Erkin mowzuklar | Menem kem galmayyn
Sebap (Şugün, 13:36)

Menem kem galmayyn


Ahmet kaya-nereden bileceksiniz aydymy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Menem kem galmayyn
Sebap (Şugün, 13:35)

Gosgyjyk


Özuñ duzduñmi?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgyjyk
BAY-HAN (Şugün, 12:06)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика