Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : Ol gyz meni şeýle bir söýdi welin, maňa garşy uruş yglan etdi. Bilýäňizmi näme üçin?! Maňa ýesir düşmek üçin! (Şekspir)

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Towuk ýylynda doglanlar🐔
 Gerekli
 Sasiyona [off]
 16.06.2025 / 10:41
 Bizimde yukumuz ağirdi ama kimseye geltaşı demedik

Towuk ýyly müçe ýyl hasabyna görä on iki ýylyň onunjysy. Towuk (takyk) ýylda dogulanlara mertlik, batyrlyk mahsus. Olar şeýle bir gaýduwsyz adamlar, hatda ömri howp astynda wagty hem gorkman ýylgyrjaklap bilýär.

Bular pähimdar hem-de talantly adamlar. Zähmet çekmegi gowy görýär, öz işini söýýär. Söz berse, her näçe kyn hem bolsa sözünde tapyljak bolýar, eger-de başarmasalar muña çyny bilen gynanýarlar. Göwnünde näme bar bolsa, çekinmän şony hem aýdýarlar, bu köp adama ýokmaýar we şonuñ üçin olaryñ arasynda düşünşmezlikler ýüze çykýar; käbir adamlar bular bilen kemräk gatnaşyk edenini kem görmeýär. Bu gönümellik towuk ýylynda dogulanlaryñ adamyñ kän bir göwnüni görüp durmaýanlygyndan habar berýär.

Bu ýylda doglan adamlar rehimsiz adamlar. Şu häsiýetleri olara sypaýyçylyk talap edýän işlerde işlemäge mümkinçilik bermeýär. Bular köneçil, täzäni hatda özüne bähbitli-de bolsa kynlyk bilen kabul edýär. Köplenç özüni mamla hasaplaýar we ederini bilýär. Şonuñ üçinem olar ynamly hereket edýär.

Gowy geýinmegi, töweregindäkileriñ özüne gözi gider ýaly derejede geýinmegi halaýarlar. Diñe, geýimine däl, adamlar köplenç olaryñ pähimine-de haýran galýarlar. Şeýle pursatda olaryñ çakdanaşa öwünjeñligi az-kem abraýyny gaçyrýar, gözden düşürýär. Käwagt başarmajak işinem wada berýärler. Olar bilen ýakyndan iş salyşanyñda daş görnüşine aldanandygyña göz ýetirýärsiñ. Bularda ýaltaçylygam ýok däl. Emma bulara gowy işlemese, zähmet çekmese añsat zat ýok, puly-da kynlyk bilen tapýarlar. Eger-de yzygiderli zähmet çekseler, baý durmuşda ýaşamaklary mümkin. Ýöne olar sähel arkaýynçylyga ýol berseler, ýaltalyk etseler, ýygnanjalaryny-da tiz ýitirerler. Söýgi meselesinde ýagdaýlary öwerlik bolmaýar, öz halaýanynyñ göwnüne ýetmek üçin azap çekmeli bolýar.

Towuk ýylynda doglanlaryň durmuşy nähili bolýar?
Ömrüniñ dowamy birsydyrgyn bolmaýar, bir görseñ-ä başlan işi paşyp barýar, bir görseñem şowsuzlyga uçraýar. Garyplygam görýär, baýlyga-da ýetýär. Garran çaglary bagtly durmuşda ýaşaýar.

Towuk ýylynda doganlar kimler bilen durmuş gursa bagtly bolar?
Towuk ýylynda dogulanlar 🐮 sygyr, 🐍 Ýylan, 🐟 luw ýylynda dogulanlar bilen bagtly durmuşda ýaşar. Syçan, Towuk, It ýylynda dogulanlar bilen guran maşgalasy amatsyzdyr. Goýun ýylyndakylar bilen bagtly ýaşaýşy bolmaz.

Towuk ýyly haýsy ýyllar?
Olar: 1909, 1921, 1933, 1945, 1957, 1969, 1981, 1993, 2005, 2017, 2029, 2041, 2053, 2065, 2077, 2089.


23

5

0

1

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gosgyjyk


Özuñ duzduñmi?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgyjyk
BAY-HAN (Şugün, 12:06)

Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?


Mikrotestosteronuslar ýa-da estrogenuslar...dowamy...
Zenanlar bölümi | Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?
Khanture00 (Şugün, 12:04)

Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn) 2 Soňy


I miss you kim indi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn) 2 Soňy
BAY-HAN (Şugün, 11:59)

Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?


Ýakyna gelende ahyr zamana........dowamy...
Zenanlar bölümi | Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?
Chocolate (Şugün, 11:45)

Gosgyjyk


Garaz turkmen almaly dal😁...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgyjyk
Bayradot (Şugün, 11:42)

Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?


5- Ejem ogly bolmak. 6- Gabanmazlyk. 7- Eýe çykmazlyk 8- Aşa öýkelek bolmak, öýkelemek. 9- Hasap tölemezlik. Meniň tanayan br adamym...dowamy...
Zenanlar bölümi | Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?
Gunesh (Şugün, 11:30)

Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?


Mana diyip acdynmy muny😁...dowamy...
Zenanlar bölümi | Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?
Bayradot (Şugün, 11:30)

Menem kem galmayyn


Zara Muhammedowaň Sony yok aydymy gaty tasir galyrdy mende....dowamy...
Erkin mowzuklar | Menem kem galmayyn
Bravee (Şugün, 11:05)

Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn)


Peçat. Hany getir gűndeligñi goşa 5lik goÿayn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn)
@menin_dunyam (Şugün, 10:20)

Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn) 2 Soňy


He he 2 biz gelipdirs @Belki Partadashym ekeniña siz Yashlaram bagtly bolsun!!!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Saýt agzalary (Eliňiz ýanaýmasyn) 2 Soňy
Bayradot (Şugün, 10:17)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика