16.06.2025


16.06.2025 / 16:02
Kupa kızı, sinek valesi ❤️
16.06.2025
Kimdir birine nämedir bir zatlar aýdasym gelýär. Hut özüm hakynda. Soň bolsa munuň juda ýerliksiz bolup biljegini pikir edýän. Ýaşan her bir günümde bir hakykata göz ýetirýän: Durmuşda ýaşamak üçin ýa-ha begenere bir sebäbiň bolmaly ýa-da gynanara. Ýogsa, durmuş ullakan boşlukdan ybarat görünjek eken. Men käteler şol boşlugyň iň çuň nokadyna gaçýan. Nädip çykýanym hakda soramaň, çykyp bilýän däldirin belki.
Bu gün köp wagt bäri ýazasym gelip ýazyp bilmeýänime göz ýetirdim. Iň köp ätiýaç duýýan zadymyň ýazmakdygyna diňe ýazan wagtym düşünýän. Çünki, daş-töweregimizde görüp duran ähli zadymyz bir gün wagtyň zalym gollaryna ýesir düşüp, ýok bolmak howpy astynda. Ýazmak welin müdimilik. Müdimi bar bolmaklyga dalaş etmek. Başgaça düşündiriş mümkinem däl.
Özümi juda bagtly duýýan adamlaryň arasyna garyşyp, şemala ýüzüm tutup, serimde hiç bir pikriň oýuny etmezden özümi köçeleriň hökmürowanlygyna boýun egdiren wagtlarym. Ynsanlary görýän, olar bilen mesawy söhbetler alyşýan. Bar bolmagy diňe şunda duýup bilýän. Göwnüm diňe täzeçillige teşne. Özüm hakda her gün bir zady açasym gelýär. Howwa, men munam başaryp bilýän ekenim diýen wagtym ýaşaýanlygymy duýýan. Ýaşasym gelýär. Serimde täze hyjuwlar oýanýar. Halaýan kinolarymyň täze bölümlerini geçirdýän. Haýsydyr bir tans wideosyny görüp, özümçe şol hereketleri etmäge synanyşýan. Käte halaýan aýdymyma öz-özüm kareografiýa goýýan. Täzeçe edarada özümi synap göresim gelýär. Göwnüm täze göreşler küýseýär. Iň esasanam täze dostlar, täze söhbetdeşler gazanasym gelýär. Kimdir biriniň ruhumy analiz etmegi hoşuma gelýär. Meni haýsydyr filmiň gahrymanyna meňzetseler... Asylam "Kimler geldi kimler geçdi" kinosyndaky Leýla meňzedýän özümi. Belkem, meňzämok, şol bolasym gelýär. Leýla hiç haçan özünden gaçanok, başyna gelen islendik betbagtlyga garşy mydama başy dik. Telefonyndan halaýan aýdymyny açýar, tans edýär, kitap okaýar, film görýär, dostlary bilen derdinişýär. Şeýdibem hötde gelýär. Iň halaýan gylygymam ol mydama özüni wagtyň hökmürowanlygyna goýberýär, hiç zat bolsun diýip zor salanok, bolsa bolar bolmasa bolmaz. Ine durmuşymyň pelsepesi şu bolsun isleýän.
Öňki gaçgak meni görmek islämok. Durmuşymda nämeden gorkýan bolsam şoňa tarap ýörejek indi. Çünki bar gyzygy şonda. Lezzet almaýan, gyzykly hasap etmeýän ýerimde bolsa asla durmadym.
Men bulary kimdir biri okap, maňa düşünsin diýip ýazmadym. Diňe ýazmak isledim, ýazdym. Belki, bular hiç kimiň gözüne ilmez diňe göwnümi rahatladan setirler bolmagynda galar, belki kimdir biri muny okap Mahymy (Mahym bu ýerde hiç bir bedene degişli bolmadyk ruh) tanar, belki oňa düşüner. Bu diňe Wagtyň emri!!!....
![]() 153 |
![]() 33 |
![]() 5 |
![]() 7 |
![]() 1 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Teswirler:

DonKihot [off]
17.06.2025 / 16:48
+0
Belki, men saňa resensiýa ýaly bir zat ýazmakçy. Ýazaýynmy? Okap öýkelemersiň gerek?


DonKihot, Resensiya name?

DonKihot (17.06.2025 / 19:43)
Belki, Kimdir biriniň ruhumy analiz etmegi hoşuma gelýär. Meni haýsydyr filmiň gahrymanyna meňzetseler...
Bu ýerde özüň aýydýaň kimdir biri ruhymy analiz etse diýip. Men hem analiz edip bermekçi saňa. Öňünden aýdanymyň sebäbi ruhy taýdan taýyn bol! Näme diýýäň? Ýazaýynmy?


DonKihot, men sizin pikirlerinizi we pikirlerinizi beyan edisinizi halamok. Yazan zadynyz bilen ylalasaryn oydemok. Yazasynyz gelse yazayyn yone edep tertip carcuwasy icinde.

DonKihot (17.06.2025 / 22:38)
Belki, Sag bol ynamyň üçin. Bu seniň sözleriň men hiç zat goşmaýan özümden.

Ahmal (08.07.2025 / 19:56)
DonKihot, ýaz
Soňky teswirler
Hormatly ulanyjylar !
Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)