Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : Seniň üçin ölmek bolsa ykbalym Ykbalymyň ellerinden ogşaryn...

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Bijin (maýmyn )🐵ýylynda doglanlar
Premium
 BAYOGUL [1s]
 Şugün, 07:13
 Yurekdesh.ru

Müçenama görä maýmyn ýylda dogulan adamlar läliksiredilen, ynamdar däl hem-de yrga. Bular mekir, akylly, oýlaptapyjy, kyn meseleleri-de añsatjak çözmegi başarýarlar. Olarda özboluşlylyk bar, degişmeçi, şonuñ üçinem adamlar gowy görýär. Şol bir wagtyñ özünde-de bularda ikiýüzlilik hem-de aldawçylyk häsiýetleri agdyklyk edýär, olar bilen iş salyşanyñda ätiýaçlyrak bolsañ utulmarsyñ.

Maýmyn ýylynda dogulanlaryñ märekesöýerliginiñ we göwnaçyklygynyñ añyrsynda mydama bähbitli maksatlaryñ bolmagy mümkin. Gülüm-ýalym edip olar ilden esasy niýetlerini gizleýärler. Özlerini beýlekilerden ýokary tutýarlar, artykmaç saýýarlar, ile göwni ýetmeýär, şöhratparaz. Bularyñ başyny sokmajak, hem başarmajak işi az. Özlerem köp okaýarlar, bilimini artdyrmaga çalyşýarlar, bitirmesi kyn işleri çaltlyk bilen çözmegi başarýarlar. Köp zady bilýärler, töwerekde bolup geçýän wakalaryñ köpüsinden habardar. Ýady örän güýçli, gören, eşden, okan zatlaryny derrew ýat tutup bilýär. Bularyñ şeýle iş başarjañlygy bilen bir hatarda, sähel kynçylyk hem başlan işini bitirmän taşlap gitmäge mejbur edip bilýär, ujypsyz kynçylyk hem ”keýpine sogan dograýar”. Köpüsi aýgytly hereket edip bilmeýär, gyssanan wagty nalajedeýinlik görkezýär. Ýöne olar örän sypjyk, kyn-kyn ýagdaýlardanam eýdip-beýdip baş alyp çykýarlar. Garaşsyzlygy gowy görýärler. Olaryñ boýnuna keseden bir zat dakmak kyn, aýdybam ynandyryp bilmersiñ, diñe öz pikirine görä hereket eder.

Wezipeparaz, bu olaryñ ganyna siñen diýseñem boljak. Emgenmän, hatda ýaramaz ýollar bilen hem wezipe aljak bolmaga çalyşýanlary bar. Kähalat olar uly at-abraýa eýe bolmagy hem başarýarlar, şeýle bolanda, ilatyñ gözünden düşmezlik üçin olara azyrak geplemek gerek. Bütin durmuşynyñ dowamynda pula zar bolmaýarlar.

Söýgüde öz bagtyny kynlyk bilen tapýar.

Bijin ýylynda doglanlaryň durmuşy nähili bolýar?
Ömrüniñ birinji bölegi asuda, ikinji bölegi biynjalyk, üçünji bölegi parahat geçýär.

Bijin ýylynda doganlar kimler bilen durmuş gursa bagtly bolar?
Bijin ýylynda dogulanlar 🐟 luw hem-de 🐀 syçan ýylynda dogulanlar bilen maşgala bolmak maslahat berilýär. Ýylan ýa-da Doñuz ýyly bilen ýaşamak amatsyz, Bars ýylynda dogulanlar bilen bagtly bolmaz.

Bijin ýyly haýsy ýyllar?
Bijin ýyllary: 1908, 1920, 1932, 1944, 1956, 1968, 1980, 1992, 2004, 2016, 2028, 2040, 2052, 2064, 2076, 2088, 2100.


30

10

3

3

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 State [2m]
 Şugün, 08:16

+0

"Söýgüde öz bagtyny kynlyk bilen tapýar."

...

 Täzeje
 Endorphin [off]
  Trust Yourself
 Şugün, 13:28

+0

2007 ler haysyna degisli

 Premium
 rexha [off]
  Можеть уйду и не вернусь,но навсегда останусь в 🧠
 Şugün, 13:53

+0

Nirden chykyara shular yaly zadlar

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Iň halanylýan zenan atyrlary


Gymmadam bolsa aljak...dowamy...
Zenanlar bölümi | Iň halanylýan zenan atyrlary
BAY-HAN (Şugün, 15:16)

Tomusda berjaý etmeli düzgünler


SPF kreminäm ulanmany yatdan çykarmaly däl...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tomusda berjaý etmeli düzgünler
Boniya (Şugün, 14:38)

Iň halanylýan zenan atyrlary


hemmesiniň bahasy 2000 den geçýär ekeni , puluň näme etjegiňi bilmeseň alsaň bolýar, ýöne bir duha şunça pul bereniňe degenok , ýöne dollar öňki...dowamy...
Zenanlar bölümi | Iň halanylýan zenan atyrlary
Boniya (Şugün, 14:36)

🐯Bars ýylynda doglanlar


Towuk ýylynam goysana...dowamy...
Erkin mowzuklar | 🐯Bars ýylynda doglanlar
rexha (Şugün, 13:59)

Bijin (maýmyn )🐵ýylynda doglanlar


Nirden chykyara shular yaly zadlar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bijin (maýmyn )🐵ýylynda doglanlar
rexha (Şugün, 13:53)

Bijin (maýmyn )🐵ýylynda doglanlar


2007 ler haysyna degisli...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bijin (maýmyn )🐵ýylynda doglanlar
Endorphin (Şugün, 13:28)

Iň halanylýan zenan atyrlary


Olary alsaň balaksyz galarsyň...dowamy...
Zenanlar bölümi | Iň halanylýan zenan atyrlary
halmyradov (Şugün, 13:22)

🐯Bars ýylynda doglanlar


88-90 00-02 76-78 Ýyldarda doglan lar bn durmush gursam bagtly boljok ekenim ondo Balyk -at...dowamy...
Erkin mowzuklar | 🐯Bars ýylynda doglanlar
Bayradot (Şugün, 12:39)

Iň halanylýan zenan atyrlary


Anada......dowamy...
Zenanlar bölümi | Iň halanylýan zenan atyrlary
rexha (Şugün, 12:16)

Iň halanylýan zenan atyrlary


Soyguli tapsam şu duhulardan sowgat berjek...dowamy...
Zenanlar bölümi | Iň halanylýan zenan atyrlary
BAY-HAN (Şugün, 11:54)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика