Ýürekdeş sözler!
Wepa : Söýseñ işiñ ýaryny bitirdigiñ...
Ýene kim özüni bu ýerde Ýyldyz saýýar!
Täzeje DonKihot [off] Şugün, 14:23
Premium
Belki [off]
Düýn, 16:02
Ýaşaýyş-- düýş! Sen meň düýşüme girdiň!
16.06.2025
Kimdir birine nämedir bir zatlar aýdasym gelýär.
- Aýdyber, men ulumsy däl. Diňleýen. Nämedir ol aýytmakçy bolýan zadyň. Eger gizlin bolmasa.
Hut özüm hakynda.
-Hut özi hakynda. Oýlandyryp goýýar. Näme diýerkä, hut özi hakynda. Söýýäni barada bolmagy mümkin. Ýada söýügüde aldanany hakynda.
Soň bolsa munuň juda ýerliksiz bolup biljegini pikir edýän.
-Juda ýerliksiz söz däl bolsa gerek. Aýdyber.Eýýäm ýaryny aýytdyň.Indi aýytman goýsaň adamlar sen barada dürli pikirlere şol sanda sende ýok bolan ýaman zatlary guman ederler.
Ýaşan her bir günümde bir hakykata göz ýetirýän: Durmuşda ýaşamak üçin ýa-ha begenere bir sebäbiň bolmaly ýa-da gynanara. Ýogsa, durmuş ullakan boşlukdan ybarat görünjek eken. Men käteler şol boşlugyň iň çuň nokadyna gaçýan.
-Gowy zat hakykata göz ýetirýäniň. Sende bir ukyp bar bolaýmagy mümkin aýydan bu sözleriň dogry bolsa.
-Eýýam düşnüki boldy maňa. Näme diýjek bolýanyň. Emma diýip bilmeýäniň nämedigini güman etmez ýaly däl.
Men käteler şol boşlugyň iň çuň nokadyna gaçýan.- bu seniň sözleriň. Boşluk asmanda bolýar. Asmanda ýyldyzlar bolýar. Ýyldyzlar aşak gaçýarlar. Diýmek sen Ýyldyz keseli bilen keselläpsiň.
Indi saňa näme bolar Belki?. Sen özüňe Ýyldyz diýip ykrar edilmegiňi isleýäň. Men garşy däl seniň Ýyldyz bolmagyňa ýöne bu saýtda Ýyldyz bolmak isleýänler ençeme. Atlaryny aýdyp bereýin. Khanture, Sasiona, Sebäp, Pegas, Perhat Sabirow, Kepderi. Adyny bilýänlerim şu. Başgada bar ýyldyz bolmakçy bolýanlar. Sen bu Ýyldyz bolmakçy bolýanlary ýeňip geçmeli bolarsyň. Olar saňa ýöne ýere bu ady bermezler.
Onsoňam saňa dogry sorag. Ýyldyz bolar ýaly nämeler iş etdiň?. Daşary ýurt ýyldyzlary bilen gyzyklanyp gördüňmi? Daşary ýurtda Ýyldyz bolmak gaty kyn. Bu ýerde hem saňa aňsat bolmaz!
Ýyldyz keseli bilen köplenç aýdymçylar we kinoda oýnaýan artistler keselleýär. Bu ugyrdan habaryň barmy?
Ýaman at däl. Türkmenistanda ýyldyz adyny almak. Eger çyksa häli biziň ýurdymyzda ýyldyz adyny alan internet ýyldyzy ýok. Ýada barmy?. Menä bilemak.
Nädip çykýanym hakda soramaň, çykyp bilýän däldirin belki.
-Hawa, dogry aýydaýň. Sen boşlukda ýaly bolup dursyň. Ýazýan zatlaryň ejiz. Ýazan zatlaryň entek seni parlak ýyldyz edip görkezmeýär .
Hawa sen boşlukda. Bu boşlukdan çykasyň gelýär. Ýöne häzirki döwürde köp adam boşlukda ýeke sen däl. Sen bu boşlukdaky adamlar bilen bile. Olar seni göýbermezler.
Iň köp ätiýaç duýýan zadymyň ýazmakdygyna diňe ýazan wagtym düşünýän.
Bu gün köp wagt bäri ýazasym gelip ýazyp bilmeýänime göz ýetirdim.
-Ýazmak. Kime ýazmak. Kime gerek seniň ýazanyň eger seniň ýanyňdaky adamlar hem şol boşlukda bolsa.Ýada olar parlak ýyldyzlarmy? Ýanyp duran. Bu hili Ýyldyz adama menä dogry gelemäk.
Çünki, daş-töweregimizde görüp duran ähli zadymyz bir gün wagtyň zalym gollaryna ýesir düşüp, ýok bolmak howpy astynda.
-Zalym gollaryň bardygyny aňýaň. Kim ol zalymlar. Adyny aýytmana gorkýaňmy. Seniň olara güýjiň ýetermi? Seniň ýazanlaryň şol diýýän zalymlaryň eline düşermi?
Ýazmak welin müdimilik. Müdimi bar bolmaklyga dalaş etmek. Başgaça düşündiriş mümkinem däl.
-Dogry, ýazmak müdümilik. Ýöne ýazanlaryň kime galar. Kim seniň gowy arzuwlaryňa düşüner. Şu saýtyň agzalarymy?. Şu saýt agzalaryna öz ýazanlaryňy galdyrmakçy we olar seniň ýazanlaryňy özlerinde müdimilk saklarmy?. Çendenaşa baha bermek dälmi bu saýt agzalaryna. Saýtdaşlaryň käbiri gynanar seniň halyňa. Ýöne hemmesi däl.
Özümi juda bagtly duýýan adamlaryň arasyna garyşyp, şemala ýüzüm tutup, serimde hiç bir pikriň oýuny etmezden özümi köçeleriň hökmürowanlygyna boýun egdiren wagtlarym. Ynsanlary görýän, olar bilen mesawy söhbetler alyşýan. Bar bolmagy diňe şunda duýup bilýän.
-Adamlar bilen bile bolan halatyňda, olar seniň bilen gepleşýän halatynda sen özüňi bu dünýäde bardygyňy duýäň.Eger töweregiňde adam bolmasa sen özüňi duýmäýäň. Bu gowy däl. Awtomny oýlanmak diýilýän bir zat bar. Daşary ýurtlarda. Awtomny oýlanmak hiç kime bagly däl halda ýaşap we döredip bilýär. Diýmek sen häli o derejä çenli ösmänsiň.
Göwnüm diňe täzeçillige teşne. Özüm hakda her gün bir zady açasym gelýär.
-Ýeke sen däl hemmeler diýen ýaly täzeçillige teşne. Täze jaý, täze iş, täze maşyn. Sen şu zatlary aýydýansyň täze zatlar diýip. Ýada men ýalňyş gepleýänmi?
Aýdyber özüň barada. Belki seniň içki dünýäň adamlary, tebigaty, durmuşy ala-ýaz eder. Dünýäde zulum iň bolmanda peseler.
Howwa, men munam başaryp bilýän ekenim diýen wagtym ýaşaýanlygymy duýýan.
-Ýaman däl özbaşdak bir peýdaly işleri edip bilýan bolsaň.
Ýaşasym gelýär.
-Hemmeleriň ýaşasy gelýär. Ýeke seniň däl. Ýöne sen ýaşasy gelsede öz ýaşaýyşyny gorap bilmän ölüp gidip barýanlara näme kömek edip bilersiň ýada diňe öz şahsyýetiň barada alada edýäňmi?. Diňe özüniň aladasyny edýän adama egoistler diýilýär. Olara Ýyldyz diýilmeýär.
Serimde täze hyjuwlar oýanýar. Halaýan kinolarymyň täze bölümlerini geçirdýän. Haýsydyr bir tans wideosyny görüp, özümçe şol hereketleri etmäge synanyşýan. Käte halaýan aýdymyma öz-özüm kareografiýa goýýan. Täzeçe edarada özümi synap göresim gelýär.
Bu aýydanlaryň hem hemmede bar. Bu iş bilen bagly bolsa gerek. Işde üstünlik gazanjak bolmak köp zady aňlatmaýar. Iş bilen bagly däl ugyrlarda bir zatlar etseň başgaça bolarmydy?.
Göwnüm täze göreşler küýseýär. Iň esasanam täze dostlar, täze söhbetdeşler gazanasym gelýär.
Göreş! Haýsy göreş? Parahorluga garşy göreşjek bolup görmediňmi? Gyzykly göreş! Daşary ýurt ýyldyzlarynyň aglabasy parahorluga, zulymyň dürli görnüşlerine garşy göreşip Ýyldyz adyny alýarlar.Sen nädip Ýyldyz boljak?
Täze dostlar barada aýydýan bolsaň diýmek sende iň bolmanda kiçijik wezipe ýada bir zat berip biljek mümkinçiligiň bar. Şol wezipe berip biljek ýeriňe adam gözläýäň gerek. Bu wagtyň dostlary wezipäňden, puluňdan tämäkin.
Kimdir biriniň ruhuny analiz etmegi hoşuma gelýär.
-Bu seniň öz aýydan sözleriň. Şu sözleriňi okap men seniň şahsyýetiňi analiz edeýin diýen pikire geldim.Umuman sen orta ýolda duran adam. Ýokary dyrjaşmak isleseň öz aýydan zalym adamlar duşarsyň. Duran ýeriňde dursaň seni hiç kim tanamaz we sen ýok adam hasabyna girersiň. Ýazanlaryň hem internetiň sahypasynda ýöne garantgy bolup ýatar. Her wagt biri okar. Ýöne ondan näme netije. Seni okan adam derrew ukudan oýanyp batyrlyga, gahrymanlaygy ymtylsa. Ýöne ine şu wagta çenli ýazan we diýen zatlaryň adamlary ukudan oýatdymy?
Meni haýsydyr filmiň gahrymanyna meňzetseler... Asylam "Kimler geldi kimler geçdi" kinosyndaky Leýla meňzedýän özümi. Belkem, meňzämok, şol bolasym gelýär. Leýla hiç haçan özünden gaçanok, başyna gelen islendik betbagtlyga garşy mydama başy dik. Telefonyndan halaýan aýdymyny açýar, tans edýär, kitap okaýar, film görýär, dostlary bilen derdinişýär. Şeýdibem hötde gelýär. Iň halaýan gylygymam ol mydama özüni wagtyň hökmürowanlygyna goýberýär, hiç zat bolsun diýip zor salanok, bolsa bolar bolmasa bolmaz. Ine durmuşymyň pelsepesi şu bolsun isleýän.
-Biçäre Belki! Saňa näme boldy. Näme üçin özüňden gaçyp başga biri bolan Leýla meňzäsiň gelýär. Leýla eýýäm taýyn obraz seniň üçin. Ol bu durmuşda bar adammy? Hiç bir zähmet çekmezden Leýla meňzejek bolmak boş ymtylyş dälmi seniň üçin. Öz adyň bilen ýyldyz bolmasaň onda seniň kimdigiň bolar! Her halda sen Ýyldyz bolasyň gelýär. Bu başlangjy. Tizara özüňi bilmeýan halyňda adamlar bilen garpyşyp çykarsyň we ýeke galarsyň sebäbi Ýyldyz bu keseliň bir görnüşi. Her bir ýyldyz başga bir ýyldyza boýn egesi gelmeýär.
Öňki gaçgak meni görmek islämok. Durmuşymda nämeden gorkýan bolsam şoňa tarap ýörejek indi. Çünki bar gyzygy şonda.
-Dogry Ýyldyzlar gaçgaklykdan gorkmaýar. Ýyldyzlar göreşiji bolýar we göräşýän halda weýran bolýarlar. Belki seniň ykbalyň beýle bolmza. Sen eldegrilmesiz Ýyldyz bolup bilersiň. Isleseň. Şu ugyrda ymtylsaň. Okasaň, işleseň, döretseň.
Lezzet almaýan, gyzykly hasap etmeýän ýerimde bolsa asla durmadym.
-Seniňki hezil. Hem göreşiji hem Ýyldyz hemde lezzet almakçy bolýaň. Обычный мешанин, буржуй sen ruslarda bu pikirleriň bilen.Ýyldyzlar öz ýeňişinden ruhlanýar.Olarda lezzet bolmaýar. Olar ýagty saçyp özgeleiň durmuşyny bezäp, olary adam edýärler.
Men bulary kimdir biri okap, maňa düşünsin diýip ýazmadym.
-Ýazyp orta goýýaňda -Men bulary kimdir biri okap maňa düşünsin diýip ýazmadym diýýäň. Ýazyp şu saýt agzalaryna hödürläniňden soň jogabyny eşitmeli bolarsyň. Sen bu ýazanyňda näme diýýäniňi täzeden oka! Adamlar rahat otyrdy. Bu hili pikirleri aýdyp bu ýerde bar bolan adamlaryň ynjalygyny öz içki dünýäňi aýdyp berip weýran etdiň. Hemmäniň göwnünde bar sözleri, hyjuwlary aýytdyň. Indäm aýydan sözüňden gaçyp bir gyra çykyp arkaýyn lezzet alyp otyrmakçymy?
Diňe ýazmak isledim, ýazdym. Belki, bular hiç kimiň gözüne ilmez diňe göwnümi rahatladan setirler bolmagynda galar, belki kimdir biri muny okap Mahymy (Mahym bu ýerde hiç bir bedene degişli bolmadyk ruh) tanar, belki oňa düşüner. Bu diňe Wagtyň emri!!!....
-Mahymy çala tanaýan. Bardy şunyň ýaly agza. Ýöne men onuň ýagny Mahymyň nämeleri ýazanyny bilmeýän.
-Bu ýerde sen öýkelär ýaly ýiti sözler ýazmadym. Şondada öýkeleseň onda sen özüňi eýýäm bir entek wagtlardan bäri Ýyldyz saýyp ýören adam!
Teswirler:
Täzeje Khanture00 [off] Fe inne mea'l'usri yusran, inne mea'l'usri yusran Şugün, 15:51+0Okap bilmedim. Uzyn ken. Senem häzirki çagalaň diline laýyklap gysgajyk zatlar ýazsaň okaýmasam
Premium
rexha (Şugün, 16:14) Khanture00, + menem okamadym
Täzeje Khanture00 [off] Fe inne mea'l'usri yusran, inne mea'l'usri yusran Şugün, 15:53+0saýtda Ýyldyz bolmak isleýänler ençeme. Atlaryny aýdyp bereýin. Khanture, Sasiona, Sebäp, Pegas, Perhat Sabirow, Kepderi. Adyny bilýänlerim şu. Başgada bar ýyldyz bolmakçy
Şutak gözüm düşdidä halypa. Meň adymy birinji goýupsyňda. Meň ýyldyz-pyldyz bolasym gelenok. Men almaz bolasym gelýä. Almaz bara hol, iňlisçesi diamond. Şoňçün hotaýdan öçür meni halypa.
TäzejeMaleficent (Şugün, 16:01) Khanture00, seniň "adamlygyň" ýetik bize Töre. Her kim oňaranok ony
TäzejeKhanture00 (Şugün, 16:02) Maleficent, Sagbol!
Täzeje Maleficent [off] Şugün, 15:59+0Seniň şol agza bilen näme derdin bar? Ýa üns çekjek bolýamyň? Onuň ýazan mowzugyny tankytlamak bilen nämäni görkezjek bolýaň? (Hiç kimiň arkasyny alyp ýüzüni ýuwamokdyryn, diňe gyzyklanyp soraýan!)
Premium
Belki [1m] Ýaşaýyş-- düýş! Sen meň düýşüme girdiň! Şugün, 16:08+01. Hut duyn aydypdynyz hic zat gosmazdan dine senin sozlerini yazjak. Bu gosan zatlarynyz name? Bu gosan zatlarynyz sizin juda bolgusyz teswirleriniz.
2. Hemiseki bolsy yaly duyp ideyasy yalnys nadogry pikirler.
Men käteler şol boşlugyň iň çuň nokadyna gaçýan.- bu seniň sözleriň. Boşluk asmanda bolýar. Asmanda ýyldyzlar bolýar. Ýyldyzlar aşak gaçýarlar. Diýmek sen Ýyldyz keseli bilen keselläpsiň.
Ine yazgynyn duyp ideyasy su. Bosluk diyip asman boslugyna dusunipsiniz. Eger hakykatdanam seyle bolsa siz ynsan psihikasy hakynda hic zat bilenizok.
3. Duyn Sasionan goyan gosgusy hakda goyan mowzugynam bas ideyasyny yalana cykarypdym. Bu mowzugynam bas ideyasyny yalana cykardym. Beyleki pikirler hakda jogap berip oturmagam wagt isribi.
4.Gaty gormek hakda aydypsynyz. Duynem aytdym men sizden gaty goremok. Yurege yakyn adamdan gaty gorulyar. Sizin dine pikir edisiniz nadogry.
5. Umuman seylerak. Hernace yalnysam bolsa meni analiz etmage calysanynyz ucin minnetdar. Yone muna sarp etjek wagtynyzy dogry pikirlenmage sarp etseniz has gowy bolardy.
Premium
rexha [off] Можеть уйду и не вернусь,но навсегда останусь в 🧠 Şugün, 16:14+0:popcorn:
Täzeje Kerim-98 [off] Şugün, 18:01+0wirtualdaky bolhgusyz dawalar, chynyñyz bolsa realda duşuşyp çozlüşiñ barde owadaxn sozler bilen bezenmañde
Täzeje DonKihot [off] Şugün, 19:02+0Diýmek, onda siz Ýyldyz bolmak islemeýäňiz. Şeýlemi?. Onda men özüme Ýyldyz diýjek. kimdir biri Ýyldyz bolmaly şeýle dälmi?. Meniň üçin Ýyldyz bolmakda aýyp zat ýok. Nikimi üýütgedip Ýyldyz diýsem ýaman görmersiňiz gerek.
TäzejeKhanture00 (Şugün, 19:46) DonKihot, asyl şeň derdiňmidi ýyldyz bolmak? Lakamyňada laýyk ekeniň halypa
Premium
Belki (Şugün, 20:03) DonKihot, bize name sen nikinden. Islan nikini goy. Men derdim ozum bilen. Ilin mana garaysy bilen isim yok. Isle Yyldyz diysinler isle sonup galan sem diysinler bir kopuk. Men oz nazarymda ozume hormat goyayyn, ozume subut edeyin is basarjanlygymy , yetik sol.
Täzeje Olya [3m] Işiňiz bolmasyn Şugün, 19:11+1Okap bolmaýa muny
TäzejeDonKihot (Şugün, 19:25) Olya, Ilki bilen Belki ýazan mowzygy oka. Şonda düşünersiň
TäzejeMaleficent (Şugün, 20:19) Olya, 
Soňky teswirler
Ýokaryk