Ýürekdeş sözler!
@menin_dunyam : Ol bir gűn dolanar diÿme. Ertirimize hem ynam yokka @menin_dunyam
Öýlenýän oglana...(degişme tosty)
Betinden Sebap [1m] Şugün, 01:01 Lekum dinukum we liýe din
Iki gözüñ dört bolupdyr,
Alty bolsun, sekiz bolsun.
Durmuş saňa goý eçilsin,
Çagalaryñ ekiz bolsun.
Şol ekizler üçin ylgap,
Ýatdan çykar arak, piwo.
Kätmeniñi,piliñ salgap,
Gögerdersiñ ençe miwe.
Ýatdan çykar köpläp zatlar,
Oturylşyk,laýyn,weçat.
10-dan öýe giç geläýseñ,
Mañlaýyña gara peçat.
Çagalaryñ kõpeldikçe,
Elden erkiñ gider dost.
Aýt öýde Kim hojaýyn?
Ýüze çykar şu wopros.
Bu soragyn jogaby,
Kynçylyksyz tapylar.
-men hojaýyn diýlende,
Erkek pahyr gapylar.
Oýlanarsyñ şo pursat,
-Almalydym Tawusy.
Akyl beren tapylar,
-ýok onuñ tapawudy.
Tawusy al, Jereni al,
Aýgüli al,Aýy al.
Hemmesi-de bir şeýtan,
Hemmesi-de bir aýal.
Gowsy gardaş oñşuber,
Soña-baka öwrenşersiñ.
Bulañ göwnün tapjak bolsañ,
Jan sorasa Jan berersiñ.
Ony edýän diñe sen däl,
Myrat, Juma,Çary şeýle.
Aman, Gurban,Anna pälwan Sary,
Baýram bary şeýle.
Çünki dostum Owal başda,
Näzli dörän zatdyr aýal.
Näzin çekmän ýeñme ýokdur,
Ýüwürtseñde müñ bir hyýal.
Şol näzleri çekseñ eger,
Mydam bolar,gowluk öýde.
Bizem size hyzmat etsek,
Agtyk toýda çowluk toýda.
Kerim Hallyýew
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Ýokaryk