Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : “I just confessed my feelings to you. Is it okay if I like you?”
Degişme (Goşgy)
Betinden Sebap [off] Şugün, 01:11 Lekum dinukum we liýe din
Milýon ýigit "söýýän"diýse,
Biri Kerimhally bolar.
Nep ýetirmez basdaşlarna,
Kalby ýagşy pälli bolar.
Emma batly göreşer ol,
Söýgi,aýdym,şygyr bilen.
Sungatyma başartmasaň,
Mal-mülk towuk, sygyr bilen.
Agyr ýollar saklap bilmez,
Üýtgetmez şemal,tüweleý.
Çünki islegim törüme,
Gelsin akyl huşly heleý.
Şol paýhasy,şol edebi,
Sende gördüm men bireýýäm.
Eşdiş imçe hyrydarmyş,
Saňa gazak,täjik,eýran.
Gyz gytmyşmy özlerinde,
Gel-gel seni saýlar ýaly.
Köz gytmyşmy özlerinde,
Seň howruňa gaýnar ýaly.
Gamyş ýaly hor bolsamam,
Öz türkmeniň ýigidi men.
Nä azarym kelle döwüp,
Meni saýla-da gidiber.
Ýogsa bir was-wasa döndüm,
Ýene horlukdan horlanýan.
Sen hakynda samrap-samrap,
Täze goşga awtor bolýan.
Kerim Hallyýew
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Ýokaryk