Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : sensizlik diymek demsizlik diymekdir ejemjan

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Seni ilkinji söýen adam kim?
Premium
 BAYOGUL [on]
 Düýn, 21:48
 Yurekdesh.ru

Söýgi… Bu jümle biziň durmuşymyzyň manysy. Söýgi- bu biziň durmuşymyzyň esasy özeni, aýrylmaz bölegidir. Çünki söýülmeýän adam özüni ýalňyz duýýar. Hiç bir zada höwesi bolmaýar. Eýsem bizi ýaşadýan, biziň ýylgyrmagymyza, ähli kynçylyklardan baş alyp çykmagymyza, durmuşymyzyň manysyny tapmagymyza itergi berýän duýgy nämekä?

Megerem, bu duýgularyň iň beýgi bolan söýgi bolsa gerek. Biz özümiziň gündelik durmuşymyzda söýgi diýen jümlä yzygiderli duş gelýäris. Ähli janly-jandarlarda söýgi atly beýik duýgy bar bolsa gerek.Tebigatyň şasy bolan ynsany hem ýaşadýan söýgidir. Meselem her bir ynsanyň öz ata Watanyna, ene-atasyna, söýgüli ýaryna, kärine, tebigata, çagalaryna, kitaba, mugallymyna ýa-da islendik eý görýän zadyna bolan söýgüsi bardyr.

Durmuşda gazanylýan ähli üstünlikleriň başy söýgi we ynam bilen gazanylýar. Haçan-da seniň söýýän adamlaryň ýakynyňda, ýanyňda bolan wagty haýsydyr bir güýç saňa kömek edýän ýaly bolýar. Meselem: kiçijek bir çaganyň mekdepde ilkinji goşgusyny aýtjak bolanynda hossarlary ýanynda bolan wagty, oglanjygyň oýnuň ykbalyny kesgitleýji pökgini tora salmaly wagty ýanynda dostlarynyň bolmagy, ýa-da islendik adamyň ýaryşdan öň söýgüli ýarynyň onuň ýanynda bolup goldaw bermegi. Diýmek, söýgi göze-görünmeýän,arassa,päk,islendik işde bize güýç berýän duýgy hasap edilýär. Her bir adamyň durmuşynda ýokary derejede durýan söýgileriň biri hem ene-ata bolan söýgidir.Belki bu söýgi çäksizdir. Her bir ene-ata öz çagasynyň sagdyn bolmagy, bilim almagy, bagtly bolmagy,kämil adam bolup ýetişmegi üçin gije-gündiz alada edýär.

Ene-atanyň söýgüsi-bizden garşylygynda hiç bir zady talap etmeýän söýgüdir. Ene-atanyň söýgüsi-seniň bagtly bolup, ýüzüň gülmegi üçin elde baryny edýän söýgüdir. Ene –atanyň söýgüsi –hiç wagt tükenmeýän söýgüdir. Meselem: ,,Sen doglanda seni ilkinji söýen adam kim?’’ diýip sorag berip gördüňizmi. Belki-de bu soragy beren bardyr, belki-de ýokdur…

Megerem bizi ilkinji söýen adamlar biziň ejemiz we kakamyzdyr. Biziň dünýä gelmegimiz üçin ilkinji begenç gözýaşlaryny döken ejemiz we kakamyzdyr. Belki-de biziň şu wagt tapawudy ýok çagalar bagy, mekdep, ýokary okuw mekdebinde okaýandygymyz ýa-da islendik bir edarada zähmet çekýändigimiz üçin ilkinjileriň hatarynda ene-atamyz bize buýsanyp,bizi öz söýgüleri bilen güýçlendirýärler. Durmuşda her birimiziň esasy arzuwymyz dogry, arassa-päk we hakyky söýgüni tapmakdyr. Eger-de durmuşda gözlenilmän tapylýan söýgi bar bolsa ol hem ene-ata söýgüsidir. Durmuşda bu iki beýik ynsan sen aglan wagtyň aglar, ynjan wagtyň ynjar, gülen wagtyň bolsa çyn ýürekden güler. Bu iki ynsan söýgüni döredijilerdir.

Eger-de biz öz-özümize sorag bersek: ,,Men özümiň ilkinji üstünligimi, şatlygymy, begenjimi ilkinji kim bilen paýlaşdym? Ýa-da: ,,Men özümiň ilkinji gynanjymy, ýeňlişimi kim bilen paýlaşdym’’ ýaly soraglary berip göreliň. Elbetde biziň ilkinji üstünligimize el çarpan, begenjimize begenen, gynanjymyza gynanan, ýeňilenimizde ýeňmegimiz üçin bize ruhy goldaw beren ene-atamyz bolsa gerek.

Ene-atanyň çagasyna berýän mährini, söýgüsini hiç bir zat bermese gerek.

Ene-ata söýgüsi-unudylmaýan söýgüdir.

Ene-ata söýgüsi-yzyndan ýetip bolmajak söýgüdir.

Ene-ata söýgüsi-soňlanmaýan söýgüdir.

Ene-ata söýgüsi-bahasyna ýetip bolmaýan söýgüdir.

Eger-de bizi şol derejede söýen adamlar bar bolsa diýmek biz iň bagtly ynsanlar.

Biziň her birimiz şol ynsanlaryň gadyr-gymmatyny, hormatyny saklap olaryň söýgüsi ýaly söýgini bermek ugrunda elde baryny etmeli we bu biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Islendik janly-jandarlara syn edenimizde çagalary we ene-atalarynyň arasynda söz bilen düşündirip bolmaýan, beýik söýgüni göreris.

Diýmek, bu dünýäde islendik zadyň: ynsanyň, janly tebigatyň, ählisiniň söýgüsi bar. Diýmek, söýgi bizi ýaşadýan, durmuşyň güllemegi, ösmegi, öwüşgin atmagy üçin iň zerur duýgy.

Söýgi bilen ähli zat gözel, ähli zat owadan, ähli zat ebedi.

Goý ,biziň ýaşamagymyza bagtly bolmagymyza, ýüzümiziň gülmegine sebäp bolýan söýgi ebedi ýaşasyn!

Goý, her bir ene-atanyň perzendine, perzentleriň bolsa ene-atasyna bolan söýgüsi çäksiz bolsun!



Oguldursun UGURLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň talyby.


6

3

0

2

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Dünýäde iň howply möýler


Hashly moy yokmy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýäde iň howply möýler
Gunesh (Şugün, 15:30)

Dünýäde iň howply möýler


Bah gen eken sogbolun yetirenize...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýäde iň howply möýler
Sebap (Şugün, 15:27)

Dogan bolsa arkaňda


Manyly hemem gowy gosgy yetirip durun...dowamy...
Umumy | Dogan bolsa arkaňda
Sebap (Şugün, 15:21)

Hekayajyk


Bu zatlar dine kagyz yuzunde seyle. Mayadar tapmak diylen zat diline ansat... Yigrenyan-ey su motiw kitaplaryny....dowamy...
Erkin mowzuklar | Hekayajyk
Belki (Şugün, 15:16)

Hekayajyk


Admin bilen hawarlashmak uchin... Kop edeninde shony bir ayyra♀️...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hekayajyk
rexha (Şugün, 14:59)

Dogan bolsa arkaňda


Pilyus minyus +pillyus. Govy goshgy...dowamy...
Umumy | Dogan bolsa arkaňda
rexha (Şugün, 14:58)

Dünýäde iň howply möýler


1 nji ve 2nji gowja eken owadanja,3nji birhilek ekenda....dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýäde iň howply möýler
rexha (Şugün, 14:56)

Dünýäde iň howply möýler


Gorkunvam da eken mojekler mundanam beterini gordüm...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýäde iň howply möýler
Bravee (Şugün, 13:24)

Dünýäde iň howply möýler


Indi açýarmy suratlar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýäde iň howply möýler
BAY-HAN (Şugün, 12:59)

Dünýäde iň howply möýler


Surat sende acyada bizde acanok son ucin sundaky suratlary birne ugratda sondan copya edip al...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýäde iň howply möýler
BAYOGUL (Şugün, 12:37)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика