Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Bashimow_Toyly : Bir gün hayatın tüm güzelliklerinden vazgeçip sessiz sedasız ölüme gitmek istersen yanıma gel de sana sensiz olmanın ölüm olduğunu göstereyim.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Dünýäde iň howply möýler
Premium
 BAY-HAN [off]
 Şugün, 12:02
 Derdi beren Alla dermanyny hem berer

Salam hormatly agzalar. Tomus paslynda gezelenç edýän ýerleriňizde, obada ýaşaýanlar ýa-da oba baranyňyzda – ot-çöpleriň arasynda her dürli janly-jandarlar bardyr, nirede haýsy jandara duş geljegiňiz belli däl, şoň üçin seresap boluň!
Indi bolsa adam saglygyna zyýan ýetirip biljek iň howply möýler hakynda gysgaça tanyş bolalyň.

1. Gezmeleýän Braziliýa möýi.



Ctenidae maşgalasyndan bolan bu möýiň zäherinden alymlar täze derman serişdesini ýasamakçy bolýarlar. Esasy mekany Günorta Amerika: Kolumbiýa, Ekwador, Peru, Braziliýa, Surinam we Gaýana.
Ginnesiň Rekordlar kitabyna giren bu jandara başgaça “banan möýi” hem diýilýär. Çünki ol esasan banan agaçlarynda ýaşaýar we gije awa çykýar, gemrijiler we süýrenijiler bilen iýmitlenýär. Adamyň üstüne topulmasalar hem, özlerini goramak üçin çakýarlar.
Bu möýüň zäheri ilki bilen gana geçýär we demgysma döredýär, ysgynsyzlyk peýda bolýar, hat-da ýüregiň hem işini duruzýar. Eger 15 minudyň içinde lukmançylyk kömegi edilmese, adam jan berýär.
Göwresi 5 sm, aýagy 18 sm bolanlygyna garamazdan, bu möý assyrynlyk bilen hüjüm etmäge türgenleşendir we ýarym metr aralykdan bökmäge ukyplydyr.

2. Kerep pürkýän Sidneý möýi.



Banan möýünden tapawutlylykda, bu jandar ýaşaýyş ýerlerde köp gabat gelýär we adam pidasy ençemedir.
Göwresi 10 sm, reňki gara ýada mele bolup esasan Awstraliýada ýaýrandyr. Bu möýüň ýene bir täsin tarapy – ol uzyn we ýiti dişlerini diňe bedene däl eýsem dyrnaga-da çümdürýär, esasanam çagalaryňka. Şonuň üçinem Awstraliýanyň ýaşaýjylary öýlerinde bu möýüň zäherine garşy derman saklaýarlar.
Möý çakansoň dem alşyň kynlaşmagy, tüýkülik ýygnanma, myşsalaryň gysylmagy we aňyň bulaşmagy ýüze çykýar. Tiz lukmançylyk kömegi ýetişmese adam özünden gidýär we jan berýär.

3. Gara dul.



Günorta we demirgazyk Amerikada ýaýran möýüň bu görnüşi öz adyny - jübütleşensoň erkek möýüň urkaçysyny iýýänligi sebäpli galan diýip hasaplaýarlar. Şeýlelik bilen maşgalanyň heniz ukyply bolmadyk kakasy, geljekki möýjagazlaryň önüp-ösmegi üçin ýokary derejede iýmitlendirip biljek esas bolup galýar.
Zäheriniň düzümindäki neýrotoksinler damara düşensoň çalt ýaýraýar we damar çekme ýüze çykýar.
Ýene bir bellemeli zat: bu möýüň kerebiniň berkligini polat bilen deňeşdirýärler. Şonuň üçinem alymlar gelejekde gurluşyga gerek boljak berk material öndürmekde bu kerebiň ýüplüginden peýdalanmagy göz öňüne tutýarlar.

Internetden terjime edip taýýarlan: Baýhan Alyýew.


43

18

7

2

1

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Felicity [off]
  Не знаю как вы но я очень люблю дождь...
 Şugün, 12:04

+0

Surat acanok mende


Premium
BAY-HAN  (Şugün, 12:13) 

Felicity, telefonyňy täzele


Täzeje
Felicity  (Şugün, 13:13) 

BAY-HAN, alyp berda

 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 Şugün, 12:37

+0

Surat sende acyada bizde acanok son ucin sundaky suratlary birne ugratda sondan copya edip al


Täzeje
Felicity  (Şugün, 13:15) 

BAYOGUL, hawa acdy

 Premium
 BAY-HAN [off]
  Derdi beren Alla dermanyny hem berer
 Şugün, 12:59

+1

Indi açýarmy suratlar?


Täzeje
Gulum  (Şugün, 13:01) 

BAY-HAN, hawa girip girmakam gorkdum🙄🙄🙄


Premium
BAY-HAN  (Şugün, 13:03) 

Gulum, gorkak gyzjagaz


Täzeje
Gulum  (Şugün, 13:03) 

BAY-HAN, hawa


Betinden
Sebap  (Şugün, 15:26) 

Gulum, agy gkrkunc dala olar

 Täzeje
 Bravee [off]
 Şugün, 13:24

+0

Gorkunvam da eken mojekler mundanam beterini gordüm


Premium
BAY-HAN  (Şugün, 13:26) 

Bravee, mert gyz ekeniň, tüweleme


Täzeje
Bravee  (Şugün, 13:27) 

BAY-HAN, sps tüf tüf diy ay name gyzyl arynt ellime also yöremsoň bolaymasa ya suw yyl any guyrygynan tuup yoremsoň kan gorkamokla


Premium
BAY-HAN  (Şugün, 13:30) 

Bravee, Tüf, tüf, tüf, tüfläliň, Görüp bişmesin, üfläliň


Täzeje
Bravee  (Şugün, 13:31) 

BAY-HAN, 😂🤣


Premium
rexha  (Şugün, 14:55) 

Bravee, shu yazanlarny dogrulap okayancham arassa 7 minudymy gidirdim


Täzeje
Bravee  (Şugün, 17:00) 

rexha, okasañam geciber hoglugup yazsysymla

 Premium
 rexha [off]
  Можеть уйду и не вернусь,но навсегда останусь в 🧠
 Şugün, 14:56

+1

1 nji ve 2nji gowja eken owadanja,3nji birhilek ekenda.

 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 Şugün, 15:27

+1

Bah gen eken sogbolun yetirenize

 Täzeje
 Gunesh [off]
 Şugün, 15:30

+0

Hashly moy yokmy


Premium
BAY-HAN  (Şugün, 15:32) 

Gunesh, hashly name diymek siziň diliňizde?


Täzeje
Gunesh  (Şugün, 16:03) 

BAY-HAN, + chekile moyun arkasynda zaherli moylen biri


Täzeje
Gunesh  (Şugün, 16:04) 

BAY-HAN, moyun arkasynda “+” shekili bar

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Dünýäde iň howply möýler


Hashly moy yokmy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýäde iň howply möýler
Gunesh (Şugün, 15:30)

Dünýäde iň howply möýler


Bah gen eken sogbolun yetirenize...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýäde iň howply möýler
Sebap (Şugün, 15:27)

Dogan bolsa arkaňda


Manyly hemem gowy gosgy yetirip durun...dowamy...
Umumy | Dogan bolsa arkaňda
Sebap (Şugün, 15:21)

Hekayajyk


Bu zatlar dine kagyz yuzunde seyle. Mayadar tapmak diylen zat diline ansat... Yigrenyan-ey su motiw kitaplaryny....dowamy...
Erkin mowzuklar | Hekayajyk
Belki (Şugün, 15:16)

Hekayajyk


Admin bilen hawarlashmak uchin... Kop edeninde shony bir ayyra♀️...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hekayajyk
rexha (Şugün, 14:59)

Dogan bolsa arkaňda


Pilyus minyus +pillyus. Govy goshgy...dowamy...
Umumy | Dogan bolsa arkaňda
rexha (Şugün, 14:58)

Dünýäde iň howply möýler


1 nji ve 2nji gowja eken owadanja,3nji birhilek ekenda....dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýäde iň howply möýler
rexha (Şugün, 14:56)

Dünýäde iň howply möýler


Gorkunvam da eken mojekler mundanam beterini gordüm...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýäde iň howply möýler
Bravee (Şugün, 13:24)

Dünýäde iň howply möýler


Indi açýarmy suratlar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýäde iň howply möýler
BAY-HAN (Şugün, 12:59)

Dünýäde iň howply möýler


Surat sende acyada bizde acanok son ucin sundaky suratlary birne ugratda sondan copya edip al...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýäde iň howply möýler
BAYOGUL (Şugün, 12:37)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика