Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : dôvülen çilimden tüsse gelmeýän bolsa ?? dövülen ýürekden söýgä garaşma ??
Oba geldim
Özümiziňki erkin1997 [off] 21.06.2025 / 23:31
Hyýallaryň reňki müň däl, milliondyr,
Arzuwlardan ysy geler obamyň.
Iller näme diýse, dogry şolaňky
Şäherleşmän geldi kalby Gurbanyň.
Gyzylguma gije düşse irkilýän,
Gumaksy köçämde üýrer itlerem.
Giden mellek,
Dowarlar hem garalar
Bulardan aýrylyp asla gitmerin....
Ýap gazýaryn,
Suwarýaryn ekini,
Bu ýyl nardan bol hasyla umyt bar.
Agaran saçymy arzuwlan gyzlar,
Hojalykçy gözleýänim unutmaň.
Maňlaýym süpürip, süzýärin çaýy,
Çyg üzüm dänesi gaçdy käsäme.
Garabaş mallaryň gyşlary ýaly
Agyla basmaly boljak kän saman...
Armamy ýetirýär mäläp goýunlar,
Towuklaň sesler-ä ajaýyp aýdym.
Iller näme diýse, diýsin Gurbanyň
Şäherleşmän oba geleni aýdyň.
21.06.2025ý.
Gurbanmyrat Saryýew
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Öz gorkyňyzy tapyň
5.Akrofobiýa – beýiklikden gorkmak.
7.Akustikofobiýa – gaty seslerden gorkmak.
26.Batofobiýa – beýik jaýlardan
30.Bogifobiýa – ruhlardan, şeýtand...
dowamy...Müň gaýgy bir iş bitirmez
Garasöýmesiň açan mowzugyndaky pikirleri ýazanlaryň aglabasy çagalar,biri ýazypdyr "Özüňe çekiji bol, gözüniň içine seret, soň seni söýer we ş.m"...
dowamy...
Ýokaryk