Ýürekdeş sözler!
Ahal : Ähli oňatlyklar we ýagşylyklar, adamzada aklyň üsti bilen gelýär!
Musulman zenany şeýle söýmeli
Täzeje Rabiya [off] Şugün, 01:53
Dogaly gollaryň uzat bir zaman
Daglaryň goýnunda synlaly duman
Soň meni kiçijek dünýäňe ýollap
Şol ýerden dänjegim eýleme güman
Şol kiçijik dünýä ömürlik gidip
Ýaşaýyn çar ýanym gülzarlyk edip
Diňe özüm üçin özüňden başga
Orun goýjak diňe bir ýarlyk edip
Soň ömür ýolunda bileje durup
Bir-biregi çekip jennete tarap
Amal depderimiz bezäli yşkdan
Ümmülmez nur bolsun jemleme tarap
Güneşiň çogy sen, nury sen aýyň
Melekleň söýeni, dosty Hudaýyň
Seň bilen goşulsam sünnet ähline
Hut häzir eliňden tutmaga taýyn
Ylhamsöýün Goňurly
Teswirler:
Premium
BAYOGUL [on] Şugün, 06:47+0Gowy ekeni
Betinden Sebap [off] Lekum dinukum we liýe din Şugün, 07:52+0gowy eken ýetirip dur
Soňky teswirler
Ýokaryk