Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Hayat, fırtınanın dinmesini beklemekle ilgili değildir; yağmurda dans etmeyi öğrenmekle ilgilidir

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Söýgi ― ömrüň güli
Premium
 BAYOGUL [on]
 Şugün, 06:57
 Yurekdesh.ru

Adam ýagty jahana gelende-de, bu dünýeden gidende-de ýekedir. Emma şol aralykda ― bu barlykda ömür sürýärkä, ol elmydama söýmek, söýülmek islegi bilen ýaşaýar. Bu barada şahyryň:«Söýgüden gelýäris, barýarys söýgä» diýen sözleri juda jüpüne düşen jümlelerdir.

Adam ömrüniň dowamynda söýgi duýgusynyň dürlüçe ― Hudaýa, ene-ata, dogan-garyndaşa, perzende, ata Watana, ýaşaýşa, söwer ýara, saýlanyp alnan hünäre bolan söýgi ýaly görnüşlerini başyndan geçirýär. Olar söýgi duýgusynyň dürlüçe ýüze çykmasydyr.

Gadymy Gresiýada söýginiň birnäçe görnüşleri tapawutlandyrylypdyr. Olardan maşgala söýgüsi ― «storge», dostluk söýgüsi ― «filiýa», romantik söýgi ― «eros», pida bolujy söýgi ― «agape» diýip atlandyrylypdyr. Söýgi filosofiýanyň nukdaýnazaryndan öwrenilip, ol baradaky ilkinji garaýyşlar gadymy akyldarlar Platon, Aristotel we beýlekiler tarapyndan beýan edilipdir. Söýgini öwrenmek babatynda uly işleri bitiren alym E.Fromm söýgä mahsus umumy aýratynlyklaryň aladaçyllyk, jogapkärçilik, hormat-sylaglylyk we düşünmeklikdigini belläp geçipdir.

Psihologlaryň pikirine görä, söýginiň iň dowamly we güýçli ýüze çykmasy perzent bilen enäniň arasyndaky söýgüdir. Ikinji orunda dogan bilen doganyň arasyndaky, üçünji orunda bolsa zenan bilen erkegiň arasyndaky söýgi durýar.

Söýgi―durmuşyň özeni. Ol ýaşaýşyň manysydyr. Söýgi bir adamyň mähir-muhabbetiniň, üns-aladasynyň we beýleki ýakymly duýgularynyň başga bir adama gönükdirilmegidir. Söýginiň bolmadyk ýerinde janlylyk, mähribanlyk ýokdur. Çünki ýüreginde söýgi ýaşaýan adam geçirimli hem rehimdardyr. Diňe söýýän adamyň ýüregi elmydama umytdan püre-pürdür. Şonuň üçin-de söýýändigi ýa-da söýülýändigi üçin betbagt bolýan adam ýok. Ol diňe öz bagtyny aňlamaýan adam bolsa gerek. Söýgi bizi ýeňişlere ruhlandyrýar. Söýgi ynsanda bar bolan gowy häsiýetleri oýarýar. Söýgi hormat-sylag hem ynam döredýär. Ol ynsany rehimli, sahy hem mylaýym edýär, kämillige atarýar.

Şeýle hem bolsa söýgi meselesinde bizi öz duýgularymyzyň jogapsyz ýa şowsuz bolmagy howatyrlandyrýar. Jogap söýmek gorkusy sebäpli köpümiziň söýgüden ýüz öwürmegimiz ýa-da ony ret etmegimiz mümkin. Şowsuz ýa jogapsyz söýmekden asla söýmezlik gowy diýip pikir edýänlerimiz-de kändir. Emma söýgi Allatagalanyň peşgesi. Şonuň üçin-de ol hiç haçan bizi bagtsyz edip ýa-da zyýan ýetirip bilmez. Söýginiň beýikligi öz söýýan ynsaňa bagt arzuwlamagy başarmakdadyr. Hatda şol ynsan seni söýmeýän hem bolsa, oňa bagt dilemäge, gowulyk arzuwlamaga çyn ýürekden söýýän adamyň erki ýeter.

Söýgi ikitaraplaýyn bolanda bolsa onuň eçilýän bagty iki essedir. Bu barada şahyr Kerim Gurbannepesow şeýle setirleri ýazypdyr:



Söýgiň nämedigni bilýän adam ýok,

Ýöne men şonda-da bir zada belet

Söýmek üçin söýülmegiň gerekdir.

Söýülmegiň üçin söýmegiň gerek.



Akyldarlaryň aýdan pähimleriniň arasynda:«Dünýäde näçe adam bar bolsa, şonça-da söýgi bardyr» diýen jümleler berk ýadymda galypdyr. Hakykatdanam, biziň her haýsymyzyň bir hili söýýän bolmagymyz mümkin. Emma söýginiň beýikligi we birleşdiriji güýji onuň ynsany diňe gowulyga tarap özgerdýändigi, ömrümize bagtly günleri sowgat berýändigidir.

Psihologlaryň bellemegine görä, adam öz söýýän zadyna, ynsanyna berk baglanýar. Şol söýgi bildirilýän ynsan ýa-da zat hakyndaky pikirler, ýatlamalar we arzuwlar köňle ýakymly duýgulary bagyşlaýar. Olar lezzet beriji täsire eýedir.

Söýülýän adamyň gadyr-gymmaty, hormat-sylagy aýratyndyr. Onuň ornuny başga hiç zat bilen çalşyp ýa-da ýerini tutup bolmaýar. Dünýäde millionlarça haýran galdyryjy zatlaryň, gözellikleriň hem täsinlikleriň bardygyna garamazdan, olaryň ählisi birleşip ejelerimiziň ornuny tutup bilmez. Çünki ene bilen perzendiň arasyndaky söýgi, ruhy baglanyşyk asyrlaryň synagyndan geçen duýgudyr. Ol söýginiň iň dowamly hem güýçli ýüze çykmasydyr, nusgawy söýgüdir.

Dünýä inen ynsanlaryň hüý-häsiýetleriniň, ýaşaýyş derejesiniň, zehin aýratynlyklarynyň tapawudyna garamazdan, olaryň ählisine berilýän iň uly hem esasy baýlyk, megerem, ene söýgüsidir. Bu barada şahyr Gurbanýaz Daşgynowyň şeýle setirleri bar:



Bagt diýlen zadyň barlygy

Owal-ahyr çyn bolsa

Bilgin bagtyň daş ýardygy

Bu dünýäde ejeň bolsa



Aýaklarynyň astynda mukaddes jenneti saklaýan enelerimiz bu jahana gelmek üçin kök uran ilkinji günlerimizden bizi öz ömrüne, ruhy dünýäsine aralaşdyryp, egsilmez söýgi bilen gurşap başlaýarlar. Ene ― öz perzendi üçin mähir bulagy. Onuň ýüreginde perzendiniň rowaçlygy, bagty, başynyň saglygy hakyndaky arzuw ýaşaýar.

Söýmek hem düşünmek ― biri-biri bilen berk baglanyşykly düşünjelerdir. Çünki söýýän adam düşünmegi başarýar. Enäniň perzende bolan söýgüsi olaryň elmydama öz çagalaryna düşünmegini şertlendirýär. Çünki ene bolmak ― gürrüňsiz söýmäge ukyply bolmak. Bu ynsany diňe söýüp bilmek bagtynyň hatyrasyna söýmekdir, kiçijek ynsanyň ösüşini görmek bagtynyň hatyrasyna ulaltmakdyr. Kalbynda jigerbendine bolan mähir-muhabbet ummany joş urýan ene öz zürýadynyň «hemmeden üýtgeşikligine» ynanýar. Şonuň üçin-de onuň kemçiliklerini-de söýgi bilen kabul edýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby enäniň şu we beýleki beýiklikleri hakynda söhbete bagyşlanandyr. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda ene hamraklygy, aladaçyllygydyr geçirimliligi, şeýle hem beýleki beýik häsiýetleri açylyp görkezilýär.

Ynsanyň duýgular dünýäsinde möhüm orny eýeleýän söýginiň islendik ýüze çykmasy-da gözel. Birek-birege bolan söýgi köňlüňe lezzet eçilse, öz käriňe, edýän işine bolan söýgi üstünligiň güwäsidir. Öz borjuňy, işiňi söýgi bilen ýerine ýetirmek maksada ýetmegiň ýoluny ýeňilleşdirýär.

Söýgi ― bagtyň çelgisi. Ol ynsanyýetiň düýnüni, şu gününi we ertirini birleşdiriji duýgy şalygynyň mynasyp dowamydyr. Onuň köpugurly hem köptaraply ýüze çykmasy durmuşymyza many, ömrümize bezeg, dünýämize gözellik, ýüreklerimize gowulyk eçilýär. Goý, her birimize Allatagalanyň ynsana bagyşlan söýgi peşgeşinden paýly bolmak miýesser etsin!



Ezizmuhammet GURBANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5-nji ýyl talyby.


7

3

0

1

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Dünýäde iň howply möýler


Hashly moy yokmy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýäde iň howply möýler
Gunesh (Şugün, 15:30)

Dünýäde iň howply möýler


Bah gen eken sogbolun yetirenize...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýäde iň howply möýler
Sebap (Şugün, 15:27)

Dogan bolsa arkaňda


Manyly hemem gowy gosgy yetirip durun...dowamy...
Umumy | Dogan bolsa arkaňda
Sebap (Şugün, 15:21)

Hekayajyk


Bu zatlar dine kagyz yuzunde seyle. Mayadar tapmak diylen zat diline ansat... Yigrenyan-ey su motiw kitaplaryny....dowamy...
Erkin mowzuklar | Hekayajyk
Belki (Şugün, 15:16)

Hekayajyk


Admin bilen hawarlashmak uchin... Kop edeninde shony bir ayyra♀️...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hekayajyk
rexha (Şugün, 14:59)

Dogan bolsa arkaňda


Pilyus minyus +pillyus. Govy goshgy...dowamy...
Umumy | Dogan bolsa arkaňda
rexha (Şugün, 14:58)

Dünýäde iň howply möýler


1 nji ve 2nji gowja eken owadanja,3nji birhilek ekenda....dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýäde iň howply möýler
rexha (Şugün, 14:56)

Dünýäde iň howply möýler


Gorkunvam da eken mojekler mundanam beterini gordüm...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýäde iň howply möýler
Bravee (Şugün, 13:24)

Dünýäde iň howply möýler


Indi açýarmy suratlar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýäde iň howply möýler
BAY-HAN (Şugün, 12:59)

Dünýäde iň howply möýler


Surat sende acyada bizde acanok son ucin sundaky suratlary birne ugratda sondan copya edip al...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünýäde iň howply möýler
BAYOGUL (Şugün, 12:37)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика