Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Babaniyazow : Diri bolup sanda ýok, öli bolup görde ýok... #Ali

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ýokary okuw mekdepleriň birinde...
 Betinden
 Sebap [9s]
 Şugün, 00:42
 Lekum dinukum we liýe din

Ýokary okuw jaýyndaky professorlaryň biri eline kiçi bolmadyk bir guty bilen derse girýär. Hiç zat düşündirmän, gutudan bir gap çykaryp stoluň üstünde goýýar, soňra gaby gutudan çykaran tennis toplary bilen doldurýar. Yzyndan talyplardan gabyň dolup-dolmadygyny soraýar. Talyplaryň ählisi gabyň dolandygyny aýdýarlar. Professor gutudan çagyl daşlaryny çykaryp, eli bilen gaba guýmaga başlaýar we çagyl daşlary gaýyp tennis toplaryň arasyndaky boşluklary doldurýar. Professor ýene-de talyplardan gabyň dolup-dolmadygyny soraýar. Talyplar hem: “Hawa, doldy” diýip, jogap berýärler. Professor bu gezek gutudan gum çykarýar we gumy ýuwaşlyk bilen gaba guýýar. Mundan soňra çagyl daşlarynyň arasyndaky boşluklary gum bilen doldurýar we gaýtadan talyplardan gabyň dolup-dolmadygyny soraýar. Talyplar bolsa hemmesi birlikde: “Hawa doldy, ind-ä doldy” diýip, jogap berýärler. Bu gezek professor gutudan iki bulgur çaý alýar we gaba guýýar. Bulgurdaky çaŷ hem gumlaryň arasyndaky boşluklary doldurýar.

Biraz soňra professor: “Bu gaby siziň durmuşyňyzy häsiýetlendirýändigini düşündirmek üçin görkezdim. Bu ýerde tennis toplary durmuşyňyzdaky zerur zatlaryňyz: maşgalaňyz, çagalaryňyz, saglygyňyz, dostlaryňyz we siz üçin zerur bolan ähli beŷleki zatlaryñyzdyr. Başgalaryny ýitirseňiz-de bu zerur zatlar hemişe siziñ ŷanyñyzda galar we durmuşyňyzy dolduryp durar. Çagyl daşlary bolsa zerurlygy az bolan galan zatlaryňyz: işiňiz, öýüňiz, awtoulagyňyz we şuňa meňzeş beýleki zatlaryňyzdyr. Gum bolsa bu siziň öz-özüňize guran hyýaly, kän bir möhüm bolmadyk dertleriňiz, ownuk zatlardyr. Emma gaby ilki gum bilen dolduran bolsaňyz, çagyl daşlaryna we aýratynda tennis toplaryna ýer galmazdy. Bu getiren mysalym siziň durmuşyňyzda-da öz ornuny tapýar. Wagtyňyzy we güýjüňizi ownuk-uşak zatlara sarp etseňiz, esasy özüňiz üçin zerur bolan zatlara wagt galmaz. Özüňizi bagtly edip biljek zatlara tarap ünsüňizi çekiň” diýýär.

Talyplaryň biri: “Ýoldaş mugallym, mümkinmi? Onda iň soňunda guýulan iki bulgur çaŷ näme manyny berýär?” diýip, sorady.

Professor ýylgyryp: “Sizden bu soraga garaşýardym. Iň soňunda guýulan iki bulgur çaŷ, bu durmuşyňyzda işiňiz näçe kyn bolsa-da, muňa garamazdan ýakynlaryňyz we dostlaryňyz bilen çaý içip, bilelikde wagt geçirmäge pursat bardygyny aňladýar” diýýär.

Taýýarlan: Selbi GARAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.


28

13

2

6

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.
 Şugün, 18:12

+0

hm, bir wagyt şuň rusçasyny odnoklasnik saýtynda okapdym.
buň yzam bolmaly. häki doly gaby talyplaryň birine elini öňe edip şuny sakla diýip


Betinden
Sebap [9s] (Şugün, 19:34) 

Fantom, bah tapsam goyaryn onam Alan yerimde sul badyda dineje

 Premium
 Akademik3 [off]
 Şugün, 19:01

+0

Beyba oran gowy kitap bah


Betinden
Sebap [9s] (Şugün, 19:34) 

Akademik3, okadynmy doly?


Premium
Akademik3  (Şugün, 19:34) 

Sebap, howa namedoly okaman goyandyr oydunmiha yeserje


Betinden
Sebap [9s] (Şugün, 19:35) 

Akademik3, sen doky okanyna kan ynanyp bilmedimda sondanla


Premium
Akademik3  (Şugün, 19:39) 

Sebap, peofesir gowy oylap tapypdyr tenis toplaryny we cagyl cay cage

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Khanture gitse DonKihot bara


Bbu tayda sebap sasionany yoldan uryan yaly.sasiyonanynam oz dusinjesi yokmy biri et diyse edibermeli dala 4yydan gelerin dipdra .AWTOR AZAJYK K...dowamy...
Erkin mowzuklar | Khanture gitse DonKihot bara
Ucgun (Şugün, 23:04)

Gowja gosgy ekeni


Axa sag boluñ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gowja gosgy ekeni
Queen (Şugün, 21:53)

Gowja gosgy ekeni


Paskelcilik yok bu gosguda...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gowja gosgy ekeni
Akademik3 (Şugün, 21:53)

Gowja gosgy ekeni


Gou goşgy ekeni ýetirip duruñ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gowja gosgy ekeni
Queen (Şugün, 21:41)

Gyzgynjak goşgudyr. Eliňiz ýansa menden däl)


Mena bolya diyyan yagy duzy yerinde...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gyzgynjak goşgudyr. Eliňiz ýansa menden däl)
Bezzat (Şugün, 21:24)

Khanture gitse DonKihot bara


Birazajyk giň göwrümli boluň ýigitler we elbetde gyzlar. Sögüşmek gerek däl. Dünýä inýän bäbegi ýaman diýip kiçilikden meýana zyňylmaýar. Bu eser...dowamy...
Erkin mowzuklar | Khanture gitse DonKihot bara
DonKihot (Şugün, 20:41)

Khanture gitse DonKihot bara


men beýle akyl bermezdim ýöne dowamyna garaşýan gyzyklyja boljaga meňzeýär...dowamy...
Erkin mowzuklar | Khanture gitse DonKihot bara
Sebap (Şugün, 20:31)

Khanture gitse DonKihot bara


Meni ýaňňyş tarypsyň ýöne hiç ondada bolar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Khanture gitse DonKihot bara
Sebap (Şugün, 20:30)

Gyzgynjak goşgudyr. Eliňiz ýansa menden däl)


Awtory kim? ?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gyzgynjak goşgudyr. Eliňiz ýansa menden däl)
BAY-HAN (Şugün, 19:52)

Gyzgynjak goşgudyr. Eliňiz ýansa menden däl)


Kerim hallyn gosgusy bula...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gyzgynjak goşgudyr. Eliňiz ýansa menden däl)
Akademik3 (Şugün, 19:49)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика