“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | EDEBIÝAT | Şygryýet

Gyzgynjak goşgudyr. Eliňiz ýansa menden däl)
Premium
 Belki [off]
 23.06.2025 / 18:27
 Kupa kızı, sinek valesi ❤️

SÖÝ MENI!

"Söýüň meni, ýürek söýgi küýseýär..."

G. Ezizow.


Söý meni zer-ýüpek lybaslar geýen
Öňli-soňly arzuwlaryň baryça!
Daňdanlar ornuny Güneşe beren
Asmandaky ýyldyzlaryň sanyça.

Söý gahar bedewiň badyn tijeden
Jygba-jygly gurýan jeňlerim bilen.
Begendir säherler, ýarygijeler
Garaşmankam geljek jaňlaryň bilen.

Duýup kalbyň kämil eden zynatyn
Çeksin dursun aýaklaryň men taýa.
Goý, görkezsin ikimiziň suratyn
"Yşk" diýip ýazylsa emeli aňa.

Säbäbi bolaýyn gülküleriň kän,
Käte gabanmakdan aglap, söý meni!
"Bagta ýetirer-le!" güman edip däl,
Bagtyň hut özüne ýanap, söý meni!

Yşkymyz gursakda çynar deý dömüp,
Ýan bermezek bolsun ykbal oýnuna.
Ikimize bolan yhlasyň görüp,
Perişdeler "Omyn!" diýsin toýmuza.

Söý meni!
Saý meni misli perizat!
Şonça söý (göwnümde ýetik hukugyň).
Nädereje beren bolsa tebigat
Bir zenany söýüp bilmek ukybyn.


23.06.2025 ý.


124

26

8

9

0

0

2
Teswirler:
 Täzeje
 Nesip [off]
  "Ak niýetiň bersin saňa hemaýat"
 23.06.2025 / 19:25

+0

bet

 Premium
 BAY-HAN [off]
  Ýüregi ýüregime syrdaş...
 23.06.2025 / 19:52

+0

Awtory kim?
?


Premium
Belki  (23.06.2025 / 21:01) 

BAY-HAN, Mahym Nurgeldiýewa.


Premium
BAY-HAN  (11.07.2025 / 11:20) 

Belki, manysyz we gowşak


Premium
Belki  (11.07.2025 / 12:28) 

BAY-HAN, gerekli adamlardan gymmatly pikirleri sonsuzam alypdym. Muna garamazdan minnetdar )


Premium
BAY-HAN  (11.07.2025 / 18:57) 

Belki, квиты

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->