Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Öyle bir gidiyorsun ki, Ömrümden ömür gidiyor...

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Esger ölmeyar...
 Gytyndan
 Aixcam_nx [off]
 24.06.2025 / 13:27
 Raionymyn ovadanjasylai_nx

Esger ölmeýär...

Mahal-mahal demir kaskamy geýip,
Gidýän hyýalymda geçmişe sary.
Russiýa, Germaniýa, Ýewropaň ýüzi,
Aýaza basyrlan zeminiň gary.

Ellerde awtomat gözlerde gazap,
Ol güni bolşy deý bolmaýar ýazyp.

Teninde gaýnaýar watanyň ary,
Ar almak hyjuwy eredýär gary.

Her gezek elimi çoýamda oda,
Gardaky esgerler düşýär şo bada.

Şol pursat polatdan kaskamy geýip,
Urşuň gujagyna gidýärin gaýyp.

Gürleýär gaýratly Ýuriý Lewitan,
Gürleýär Moskwa, gürleýär watan.

Ol ses faşistleriň aňyny alýar,
Ganymlaň damagny pyçaksyz çalýar.

Her gezek ýeňişi baýram eýlämde,
Ok-däriniň sesi gelýär beýlämden.


Göýä watan üçin baş goýan ärler,
Gapdalymdan maňa seredip durlar.


Gözlerinde uçgun, ellerde baýdak,
Olar ýeňiş bilen gelipdir gaýdyp.
Berlinde dikilen gyrmyzy baýdak,
Seni ýürekdäki muzeýde goýduk.

Uruşdan dolanyp gelen atalar,
Hem ýat ýurtda başyn goýan atalar.

Ojagy mert durup goran eneler,
Duşmana o:t bolup daran eneler.
Sizi ömürbaky unutmaz taryh,
Unutmaz şu gün hem geljek seneler.

Her gezek ýeňişi baýram eýlämde,
Şol giden gerçekler gaýdyp gelýärler.
Öz ömrüni watanyna bagyşlap,
Esgerler ölmeýär şehit bolýarlar


Esgerimmm 2 yylyn 2 gün yaly bolp geçsin 🥹❤️ sagamanja gulluk edip gel ❤️💂🏻‍♀️🪖
24.06.2025
24.06.2027
❤️🪖💂🏻‍♀️


18

4

0

1

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Haýsy aýdymda wals ederdiňiz?


Gok asmanda kepderi goya yshgyñ depderi........dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Haýsy aýdymda wals ederdiňiz?
Mennabileyin (Şugün, 18:26)

Ajy hakykatlar...


Jemlemesi gowy. Umumylykda gosgy gowsak. Awtoram obadasym....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy hakykatlar...
Belki (Şugün, 18:22)

Ajy hakykatlar...


Gaty gowy gosgy her setiri manyly hakyky zatlar bar hemem yene yetirip duruň....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy hakykatlar...
Bravee (Şugün, 17:47)

Unudyp bilemok.


Gowy gosgy manyly yene yetirip dur..!...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
Bravee (Şugün, 17:29)

Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.


3.Antisosial kişilik bozuklygy -- bu näsazlyk dogabitdi instinglerine erk etmek, özgeleriň duýgularyna ähmiýet bermezlik we jogapkärçilik almazly...dowamy...
Zenanlar bölümi | Üns beriň: Psihologiýada biwepalyk.
Sebap (Şugün, 16:33)

Kaptalizma disss


Nirdaki yok mowzuk mena halamdym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Kaptalizma disss
Watjik (Şugün, 11:56)

Kaptalizma disss


Tertio duzgunem gowy saklanyar kapitalizmde...dowamy...
Erkin mowzuklar | Kaptalizma disss
Ahmal (Şugün, 11:17)

Unudyp bilemok.


Goshgy gowy,her setirinin manysy has erbet yatlamalary yatlamagyna sezewar etya...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
rexha (Şugün, 08:03)

Unudyp bilemok.


Olam shol unudan adamyn senin aňyňda goyan yatlamalarna bagly,karoche unutdum diyenindede hokman birgun yatlanylyar...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
rexha (Şugün, 08:02)

Unudyp bilemok.


Unutmak kyn ish,yone unudanyndan son shony arasynda ya goz yash bilen yatlarsyn yada yuzunde bir yylgyrysh doredip yatlarsyn...dowamy...
Degişmeler älemi | Unudyp bilemok.
rexha (Şugün, 08:01)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика